SOŇKY HABARLAR
PREZIDENT GURBANGULY BERDIMUHAMEDOW: «TÜRKMENISTAN DURNUKLY ULAG ULGAMYNDA ÄHMIÝETLI, NETIJELI HEM-DE TAKYK KARARNAMALAR BILEN ÇYKYŞ EDÝÄR»
BMG-niň Durnukly ulag ulgamy boýunça ikinji ählumumy maslahatynyň barşynda çykyş etmek bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow, ulag ulgamynda döwlet-hususy hyzmatdaşlyk ýörelgeleri esasynda köptaraplaýyn özara hereketleriň ösdürilmegi üçin giň mümkinçilikleri döredýän Aşgabat prosesiniň işe girizilmeginiň, türkmen paýtagtynda geçirilen birinji Ählumumy maslahatyň ähmiýetli netijeleriniň biri bolandygyny belledi. Şu nukdaýnazardan, Ulagyň ösdürilmegi boýunça BMG-niň Ýörite...
TELEKEÇILER ÝURDUŇ EKSPORT MÜMKINÇILIGINI ÖSDÜRÝÄRLER
Watanymyzyň ykdysadyýetiniň hususy telekeçiligiň ösüşi işewürligiň jemi içerki önüme we döwletimiziň büjetine goşandyny artdyrmaga, ilatyň iş bilen üpjün edilmegi, eksportyň ösdürilmegi, şeýle hem import harytlaryň öwezini tutmagy bilen baglanyşykly möhüm milli maksatnamalaryň ýerine ýetirilmegine alyp barýar. Häzirki zaman tehnologiýalara we iň täze enjamlara esaslanýan täze önümçilikleri döredýän hususy telekeçiler diňe bir içerki bazarda öz ornuny tapmaga däl, eýsem daşary ýurtly hyzmatdaşlar...
TÜRKMENISTAN BMG-NIŇ DURNUKLY ULAG ULGAMY BOÝUNÇA IKINJI ÄHLUMUMY MASLAHATYNA GATNAŞDY
2021-nji ýylyň 14-16-njy oktýabry aralygynda Hytaýyň Pekin şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ulag ulgamy boýunça ikinji ählumumy maslahaty gibrid görnüşinde geçirilýär. Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň çakylygy boýunça Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bu maslahata göni wideoaragatnaşyk arkaly gatnaşdy. 2016-njy ýylyň noýabrynda Aşgabatda geçirilen Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji ählumumy maslahatyň logiki dowamy bolmak bilen, nobatdaky...
MINSKDE GDA-NYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ GEŇEŞINIŇ NOBATDAKY MEJLISI GEÇIRILDI
2021-nji ýylyň 14-nji oktýabrynda Belarus Respublikasynyň Minsk şäherinde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Mejlise GDA gatnaşyjy ýurtlaryň Daşary işler ministrlikleriniň ýolbaşçylary, GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy-ýerine ýetirji sekretary, onuň orunbasarlary we Arkalaşygyň Ýerine ýetiriji komitetiniň bölümleriniň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Türkmen tarapyndan mejlise Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky Ad...
«KÖKÇI» ŞU ÝYL 36,5 MÜŇE GOLAÝ AKKUMULÝATOR BATAREÝALARYNY ÖNDÜRDI
Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek barada edýän taýsyz tagallalary özüniň oňyn netijelerini berýär. Ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň has-da pugtalanmagynda aýratyn orna eýe bolýan telekeçilik ulgamynyň Berkarar Diýarymyzda öňden hereket edip gelýän iri kärhanalar bilen ysnyşykly işlemekligi bolsa halk hojalygy üçin zerur bolan ýokary hilli önümleri öndürmäge aýratyn ýardam edýär. Ýurdumyzyň Gündogar sebitiniň merkezi – Türkmenabat şäherindäki S. A. Nyýazow ad...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-NIŇ HALKARA GATNAŞYKLARY INSTITUTYNDA PREZIDENTIŇ TÜRK DILINDÄKI KITABYNYŇ TANYŞDYRYLYŞ DABARASY GEÇIRILDI
2021-nji ýylyň 14-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň mejlisler zalynda Türkmenistanyň Prezidentiniň “Ak şäherim Aşgabat” atly kitabynyň türk dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Çärä ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, professorlary we mugallymlary, gazetleriň baş redaktorlary, Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi, Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary ins...
PEÝDASY ZYÝADA KÜNJI
Türkmenistanyň demirgazygynda köp ýetişdirilýän ekinleriň biri-de künjüdir. Geçen ýyl ol 350 gektar meýdana ekildi. Babadaýhanlar onuň her gektaryndan azyndan 10 sentner hasyl amagy göz öňünde tutýarlar. Bu ýag alynýan ekin gysga döwürde ýetişýär, ony güýzlük galladan we beýleki käbir ekinlerden soň ekin dolanşygynda ulanylýar. Künji ýyly howany halaýar, dökün berilse has gowy ösýär. Ol antioksidantlara, aminokislotalara, beloklara we witaminlere baýdyr, käbir maddalary hat-da zeýtun ýagynyňkyda...