SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI: «DÖWLETARA GATNAŞYKLARYNDA YNANYŞMAGYŇ DIKELDILMEGI AÝRATYN DERWAÝYSLYGA EÝE BOLÝAR»
11-nji dekabrda geçirilen «Parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty – halkara howpsuzlygynyň, durnuklylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara maslahatynyň barşynda eden çykyşynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow biziň halkymyzyň häzirki hakykatyna hem-de köpasyrlyk tejribesine esaslanýan, sebitde parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmegiň berk kepilligi bolup hyzmat edýän, halkara ykdysady we syýasy prosesleriň oňyn ösüşine täsirini ýetirýän ähmiýetli şert bolup çykyş edýän türkmen Bi...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ HALKARA GYZYL HAÇ KOMITETINIŇ MERKEZI AZIÝADAKY WEKILHANASYNYŇ SEBITLEÝIN ÝOLBAŞÇYSY BILEN DUŞUŞYGY
2021-nji ýylyň 11-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýurdumyzyň paýtagtyna gelen, Halkara Gyzyl Haç Komitetiniň Merkezi Aziýadaky wekilhanasynyň sebitleýin ýolbaşçysy Sangita Kenig bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň çäklerinde taraplar möhüm ugurlar boýunça Türkmenistan bilen Halkara Gyzyl Haç Komitetiniň arasyndaky özara hereketleriň häzirki ýagdaýy boýunça pikir alyşdylar. Hususan-da, halkara ynsanperwer hukugynyň milli kanunlar bilen utgaşdyrylmagy, şeýle...
TÄZE ÝYL BAÝRAMÇYLYGY GOLAÝLAÝAR...
Ýurdumyz 2022-nji ýyly garşylamaga taýýarlanýar. Täze ýyl baýramynyň ýakymly howasy bar ýere ýaýraýar. Onuň golaýlaşýandygy hemme ýerde duýulýar. Hatda howa-da ony ýatladýar. Şu ýylyň dekabrynda howa ýokary (+20 gradus maýyldanam ýokary) derejeden sowuga çenli üýtgese-de, Köpetdagyň gerşindäki ak gar, säher wagty bolýan ümürlerdir çisňäp ýagýan ýagyşlar şu gyşda çagalara-da gar oýnamaga umyt döredýär. Dükanlaryň tekjelerinde kagyz sapaklar, bezeg oýnawaçlar we dürli şarlar, emeli arçalar, gel...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-NIŇ ÝOLBAŞÇYSYNYŇ AZYK HOWPSUZLYGY BOÝUNÇA YSLAM GURAMASYNYŇ BAŞ DIREKTORY BILEN DUŞUŞYGY
2021-nji ýylyň 11-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň «Parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty – halkara howpsuzlygynyň, durnuklylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara maslahatyna gatnaşmak üçin Aşgabada gelen Azyk howpsuzlygy boýunça Yslam Guramasynyň Baş direktory Ýerlan Baýdaulet bilen duşuşygy geçirildi. Gepleşikleriň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Azyk howpsuzlygy boýunça Yslam Guramasynyň arasyndaky özara hereketleriň möhüm ugurlaryny hem-de hyzmatdaşlygyň ö...
TÜRKMENISTANA SYÝAHAT: PARAWBIBI ARAMGÄHI
Türkmenistanyň islendik künjeginde gadymy rowaýatlar bilen baglanşykly ýerler bardyr. Olaryň biri hem Balkan welaýatynda Köpetdagyň eteginde owadan dag manzarlarynyň içinde ýerleşýän Parawbibiniň ak aramgähidir. Ozallar bu ýerden derde derman suwly çeşme akýan ekeni. Ol bireýýäm gurap gitse-de, bu gadymy aramgähe ozalkysy ýaly zyýarata gelýän köp. Rowaýata görä, gadym eýýamlarda bu ýerde ýaşaýan owadan Parawbibini çozup gelýan duşmana berjek bolýarlar. Ol duşmanyň eline düşmejek bolup, dag...
HALKARA MASLAHATYŇ ÇÄKLERINDE «PARAHATÇYLYK WE YNANYŞMAK SYÝASATYNY ÖŇE SÜRMEKDE BITARAPLYGYŇ WE ÖŇÜNI ALYŞ DIPLOMATIÝASYNYŇ ÄHMIÝETI» ATLY TEMA BOÝUNÇA PLENAR MEJLISI GEÇIRILDI
Şu gün, 11-nji dekabrda «Parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty – halkara howpsuzlygynyň, durnuklylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara maslahaty öz işini plenar mejlisler görnüşinde dowam etdi. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda gibrid görnüşinde «Parahatçylyk we ynanyşmak syýasatyny öňe sürmekde bitaraplygyň we öňüni alyş diplomatiýasynyň ähmiýeti» atly tema boýunça plenar mejlisi geçirildi. BMG-niň Baş sekretarynyň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili,...
«FERULA 2021» II HALKARA FOTOBÄSLEŞIGIŇ NETIJELERI YGLAN EDILDI
Aşgabadyň «Ferula» fotokluby dürli ýurtlaryň milli fotosurat federasiýalaryndan ybarat FIAP-niň (fr. Fédération Internationale de l'Art Photographique), ÝUNESKO-nyň ýanyndaky fotograflyk sungatynyň Halkara federasiýasynyň (Häzirki wagtda bu guramanyň bäş yklymda ýerleşýän 85-den gowrak milli assosiasiýasy bar) we PSA-nyň (Photographic Society of America), Amerikanyň fotograflar jemgyýetiniň howandarlygynda II Halkara fotosalonyny geçirildi. Şeýle giň gerimli çäräni taýýarlamakda we geçirm...