RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
13 Okt

MÄŞ ÝYGYMY DOWAM EDÝÄR

Türkmenistanyň Daşoguz welaýatynda mäş ýygymy dowam edýär. Şu ýyl ol güýzlik galladan soň aralyk ekin hökmünde ekildi. Şu günler meýdanlardan ýygnalýan hasyl «Daşoguzgallaönümleri» önümçilik birleşiginiň kabul ediş nokatlaryna tabşyrylýar. 550 gektar meýdanynda mäş ekilen Könürgenç etraby ýygymda öňde barýar. 700 gektara bu kösükli ekini eken S.Türkmenbaşy etrabynyň babadaýhanlary sebitiň beýleki etraplaryna garanda bol hasyl almagy göz öňünde tutýarlar. Ýygnalan mäş barlaghanalarda berk gözegçi...

DOWAMY
pic
13 Okt

SAUD ARABYSTANY PATYŞALYGYNYŇ ADATDAN DAŞARY WE DOLY YGTYÝARLY ILÇISI YNANÇ HATLARYNYŇ NUSGALARYNY GOWŞURDY

2021-nji ýylyň 13-nji oktýabrynda Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň Saud Arabystany Patyşalygynyň Türkmenistandaky täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Said bin Osman Ahmed Suweýd bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda saud diplomaty Türkmenistanyň daşary syýasy edarasynyň ýolbaşçysyna özüniň ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy. Duşuşygyň başynda R.Meredow dostlukly ýurduň doly ygtyýarly wekilini jogapkärçilikli wezipä belenilmegi...

DOWAMY
pic
13 Okt

HALKARA SÖWDA MERKEZI TÄJIRÇILIK DIPLOMATIÝASY BOÝUNÇA ONLAÝN OKUW MASLAHATY GURNADY

2021-nji ýylyň 13-nji oktýabrynda “Ready4Trade Merkezi Aziýa” atly taslamanyň çäklerinde Halkara söwda merkeziniň gurnamagynda, täjirçilik diplomatiýasy we söwda meseleleri bilen bagly gepleşikleri alyp barmak boýunça üç günlük okuw maslahaty başlandy. Okuw maslahatyna Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň we beýleki degişli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň wekilleri hem-de Halkara söwda merkeziniň wekilleri gatnaşdylar. “Ready4Trade Merkezi Aziýa” taslamasy serhetara talaplaryny...

DOWAMY
pic
12 Okt

TÜRKMENISTANDA «EKSPORT GIŇIŞLIGI» DÖREDILER

Türkmenistanda USAID-iň bilelikdäki taslamasynyň we Ýewropanyň Dikeldiş we ösüş bankynyň «Ownuk telekeçilik üçin maslahat beriş maksatnamasynyň» çäginde türkmen kärhanalarynyň önümlerini daşary ýurtly hyzmatdaşlara satmak üçin, «Eksport giňişligi» dörediler. Maksatnamanyň çäklerinde türkmen işewürleriniň wekillerine hem ýerli geňeşçilerine, şeýle hem halkara hünärmenlere taýýar önümleri eksport etmek bilen baglanyşykly meselelerde ugrukdyryjy maslahat berler. Bu ugrukdyryjy maksatnama azyk ön...

DOWAMY
pic
12 Okt

TÜRKMENISTAN AZIÝADA ÖZARA HYZMATDAŞLYK WE YNAMY BERKITMEK ÇÄRELERI BOÝUNÇA GEŇEŞIŇ MEJLISINE GATNAŞDY

2021-nji ýylyň 12-nji oktýabrynda Nur-Soltan şäherinde Aziýada özara hyzmatdaşlyk we ynamy berkitmek çäreleri boýunça Geňeşiniň (CICA) daşary işler ministrleriniň 6-njy duşuşygy geçirildi. Oňa gatnaşmak üçin Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiniň Gazagystana sapary guraldy. Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart...

DOWAMY
pic
12 Okt

EKSPORT GELEŞIKLERINIŇ ARASYNDA NEBITHIMIÝA WE TEKSTIL ÖNÜMLERI ÖŇDELIGI EÝELEÝÄR

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 16-sy hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Beýik Britaniýanyň, Türkiýe Respublikasynyň, Owganystanyň, Gonkongyň, Kipriň hem-de beýleki ýurtlaryň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen gidrousulda arassalanan dizel ýangyjyny we uçar kerosinini satyn aldylar. Bulardan başga-da, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň we beýleki ýurtlaryň işewürlerine tekiz boýalan...

DOWAMY
pic
12 Okt

TÜRKMENISTANYŇ WE HINDISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERI HYZMATDAŞLYGY ÖSDÜRMEGIŇ MESELELERINI ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR

2021-nji ýylyň 11-nji oktýabrynda Aziýada özara hyzmatdaşlyk we ynamy berkitmek çäreleri boýunça Geňeşiniň daşary işler ministrleriniň 6-njy duşuşygynyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Hindistan Respublikasynyň Daşary işler ministri Subrahmaniýam Jaýşankar bilen ikitaraplaýyn gepleşikleri geçirdi. Işjeň ýagdaýda geçirilen söhbetdeşligiň barşynda iki ýurduň syýasy, ykdysady, medeni-ynsanperwer hem-de beýleki ileri tutulýan ulgamlardaky özara bähbitli hyzmatdaşly...

DOWAMY