SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ BMG-NIŇ AZYK WE OBA HOJALYK GURAMASY BILEN HYZMATDAŞLYGYNYŇ ILERI TUTULÝAN UGURLARY ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
2021-nji ýylyň 10-njy dekabrynda Aşgabatda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň «Parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty – halkara howpsuzlygynyň, durnuklylygynyň we ösüşiň esasy» atly Halkara maslahatyna gatnaşmak üçin Türkmenistana gelen BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasynyň (FAO) Merkezi Aziýa boýunça Sebitleýin utgaşdyryjysy Wiorel Gusu bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistan bilen BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ileri...
ÝÜPEKÇILIK ÖSDÜRILÝÄR
Şu ýyl ýurdumyzyň demirgazygynda iki milliona golaý tut nahaly oturdyldy. Daşoguz welaýaty dokma senagaty üçin gymmatly çig mal bolan piläni öndürijileriň biridir. Bu ýerde her ýyl 500 tonna golaý pile taýýarlanylýar. Mundan başga-da, tut agajy ýerli ekologiýa oňaýly täsirini ýetirýär. Ol ekin meýdanlaryndaky beýleki ösümlikleri güýçli ýelden goraýar, ýerasty suwlaryň derejesini peseldýär, suwuň bugarmagyny we oba hojalyk ekinleriniň suwa bolan talabyny azaldýar, gurakçylygyň ýaramaz täsirini...
TÜRKMENISTAN WE BMG-NIŇ ILAT GAZNASY ÖZARA BÄHBITLI HYZMATDAŞLYGYŇ GIŇELDILMEGI BOÝUNÇA PIKIRLERI ALYŞDYLAR
Şu gün, 10-njy dekabrda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň hem-de «Parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty – halkara howpsuzlygynyň, durnuklylygyň we ösüşiň binýady» atly Halkara maslahatyna gatnaşmak maksady bilen Türkmenistana gelen BMG-niň Ilat Gaznasynyň Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça Sebitleýin direktorynyň wezipelerini ýerine ýetiriji Juliýa Walezeniň arasynda gepleşikler geçirildi. Taraplar Türkmenistanyň we...
GÄMILER GURULÝAR, ABATLANYLÝAR
?Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody ýurdumyzyň çalt depginler bilen ösýän milli ykdysadyýetinde möhüm ähmiýete eýedir. Geljegi uly bolan bu ösen häzirki zaman kärhanasy diňe bir Diýarymyz üçin däl, eýsem döwletara gatnaşyklaryny saklaýan dostlukly ýurtlara hem gämi gurluşyk ulgamynda ygtybarly hyzmatdaş bolup hyzmat edýär. Zawodyň önümçilik kuwwaty ýylda 10 müň tonna polady gaýtadan işläp, halkara ölçeglerine gabat gelýän 4–6 sany gämini gurmaga...
TÜRKMENISTANYŇ ÝEWROPA BILELEŞIGI BILEN ÖZARA BÄHBITLI HYZMATDAŞLYGYNYŇ UGURLARYNA SEREDILIP GEÇILDI
Şu gün, 10-njy dekabrda Türkmenistanyň DIM-de Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň «Parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty – halkara howpsuzlygynyň, durnuklylygyň we ösüşiň binýady» atly Halkara maslahatyna gatnaşmak maksady bilen Aşgabada gelen Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili, Ilçi Teri Hakala bilen duşuşygy geçirildi. Işjeň ýagdaýda geçirilen gepleşikleriň barşynda Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygynyň h...
AŞGABATDA TÜRKMENISTANYŇ BITARAPLYK GÜNÜNE BAGYŞLANAN ONLAÝN-SERGINIŇ TANYŞDYRYLYŞ DABARASY GEÇIRILDI
2021-nji ýylyň 9-njy dekabrynda Türkmenistanyň Bitaraplyk güni we 2021-nji ýylyň “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip yglan edilmegi mynasybetli Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Söwda-senagat edarasy bilen birlikde gurnan halkara wirtual sergisiniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Çärä ýurdumyzyň ministrlikleriniň, Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň ýolbaşçylary we wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň hem...
GAZ PUDAGYNYŇ ÖSÜŞI WE EKSPORTY
Şu ýylda dünýä ykdysadyýetiniň dikeldilmegi energiýa gorlarynyň sarp edilişiniň artmagyna sebäp boldy. Aziýada we Ýewropada gazyň bahasynyň galmagyna, şeýle hem ykdysadyýeti durnuklaşdyrmak çärelerine garamazdan, öňdebaryjy seljeriş guramalary dünýäde gaz sarp edilişiniň orta we uzak wagtlap ep-esli ýokarlanjakdygyny çak edýärler. «Mawy ýangyjyň» gory boýunça dünýäde dördünji orunda durýan Türkmenistan onuň önümçiligini we eksportyny artdyrýar. Şu ýylyň on bir aýynda tebigy gaz almak boýunça...