SOŇKY HABARLAR
BENZINIŇ DÜNÝÄDÄKI ORNY
Dünýä ýurtlarynda benziniň bahasy barada maglumat çap edýän ýörite saýtlar Türkmenistanda oktan derejesi 95 bolan benziniň 1 litriniň bahasynyň 1,5 manatdygyny (0.429 ABŞ dollarydygyny), dünýädйлш bahasynyň bolsa ondan üç esse ýokarydygyny ($ 1,18) belleýärler. Merkezi Aziýada benziniň iň arzan ýurdy bolan Türkmenistan dünýdäki ýangyç bahalarynyň sanawynda ýedinji orunda durýar. Dünýäde ýangyjyň bölekleýin bahalary ilaty gyzyklandyrýar, çünki olar dürli harytlaryň, şol sanda sosial ähmiýetli...
TURKMENISTANYŇ WE RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ ARASYNDAKY HYZMATDAŞLYGYŇ ÖSDÜRILMEGI ILERI TUTULÝAR
Şu gün, 8-nji iýulda türkmen paýtagtynda Türkmenistana iş sapary bilen gelen Sankt-Peterburg şäheriniň Daşary aragatnaşyklar komitetiniň başlygy Ý.Grigorýewiň ýolbaşçylygyndaky Russiýa Federasiýasynyň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşyga türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow hem-de Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Ýokary Gözegçilik edarasynyň Başlygy Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy...
«BALKAN» APJ IŞ DEPGININI ARTDYRÝAR WE HYZMATDAŞLYGYŇ GERIMINI GIŇELDÝÄR
“Balkan” Gämi gurluşyk we bejergi zawody iş depginini ýokarlandyryp, ýerli hem daşary ýurt şereketleri bilen hyzmatdaşlygy giňeldýär. Bu paýdarlar jemgyýetiniň “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň paýa girmegi bilen döredilen gününden bäri, gämi hünärmenleri bejerginiň dürli görnüşleri arkaly kyrkdan gowrak gämini, şol sanda on daşary ýurt gämisini düýpli bejerdiler. Häzirki wagtda “At-abraý” hojalyk jemgyýetine degişli “Ceren-E” tirkeg-kran gämisiniň we “GAC Marine S.A.” şereketiniň “Marz...
TÜRKMENISTANYŇ ILÇISI POLŞA RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINE YNANÇ HATLARYNY GOWŞURDY
2021-nji ýylyň 6-njy iýulynda Türkmenistanyň Germaniýa Federatiw Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Berdimyrat Rejepow Warşawa şäheriniň “Belweder” köşgünde Polşa Respublikasynyň Prezidenti Anjeý Duda Türkmenistanyň Polşa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Berlin şäheri) hökmünde özüniň ynanç hatlaryny gowşurdy. Dabaranyň dowamynda Ilçi Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Polşa Respublikasynyň Prezidentiniň adyna ýo...
TAMAMLANAN HEPDE SÖWDANYŇ ÝOKARLANÝANDYGY BILEN TAPAWUTLANDY
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Türkiýäniň, Owganystanyň we Beýik Britaniýanyň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtobenzini hem-de polipropileni, Gonkongyň we Singapuryň telekeçileri bolsa degişlilikde polietileni we tehniki kükürdi satyn aldylar. Bulardan başga-da, daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň we Azerbaýjanyň telekeçilerine tek...
ITALÝAN KOMPANIÝALARY ÜÇIN TÜRKMENISTANYŇ TANYŞDYRYŞY GEÇIRILD
2021-nji ýylyň 7-nji iýulynda göni wideo aragatnaşyk ulgamy arkaly italýan kompaniýalary üçin «Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyň maýa goýum we işewürlik mümkinçilikleri» ýurt tanyşdyryş maslahaty geçirildi. Tanyşdyryş maslahatynda türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew we italýan wekiliýetine - Italýan Respublikasynyň Daşary işler boýunça döwlet sekretarynyň orunbasary Manlio Di Stefano ýolbaşçylyk etdiler. Duşuşyga şeýle-de Türkmenistanyň Mal...
TÜRKMENISTAN – SEBITDÄKI ENERGIÝA SÖWDASYNDA
Energiýa gorlarynyň söwdasy üçin mümkinçilikleri artdyrmak we häzirki zaman energetika infrastrukturasynyň ösüşini höweslendirmek arkaly energetika pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmek Merkezi Aziýada sebit hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlaryndan biridir. Abraýly halkara bilermenleriň pikiriçe, sebitde durnukly ykdysady ösüşi gazanmak üçin, sebit energiýa hyzmatdaşlygynyň artykmaçlyklaryny durmuşa geçirmäge ýardam etjek biri-biriniň üstüni ýetirýän energiýa çeşmeleriniň we önümçilik gurluşlarynyň iň gow...