SOŇKY HABARLAR
MERKEZI AZIÝANYŇ DÖWLETLERI BMG BILEN HYZMATDAŞLYKDA OWGANYSTANA GOLDAW BERMEGI DOWAM ETDIRER
Şu gün, 7-nji iýulda Merkezi Aziýanyň döwletleriniň daşary syýasy edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda Owganystan meseleleri boýunça ministrleriň wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy geçirildi. Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi Owganystan Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrligi hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkezi bilen bilelikde gepleşigiň guramaçysy hökmünde çykyş etdi. Mejlise Owganystanyň, Gyrgyzystanyň, Täj...
TÄZE KÄRHANA GURULÝAR
Daşoguz şäherinde suw emulsiýaly reňk we kafel ýelimini öndürjek hususy kärhananyň gurluşygy başlandy. Ony ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler bileleşiginiň agzasy, “Galkynan ykbal” hususy kärhana gurýar. Şu maksat bilen hususy kärhana döwlet tarapyndan täze bina üçin bir gektardan gowrak ýer uzak möhletleýin bölünip berildi. Häzir bu ýerde geljekki ymaratlaryň binýadyny goýmak boýunça işler alnyp barylýar. Täze kärhananyň düzümine angar kysymly iki önümçilik jaýy, dükan, çig mal we taýýar ön...
«TÜRKMENISTAN – ÝEWROPA BILELEŞIGI» ADAM HUKUKLARY BOÝUNÇA DIALOGYŇ 13-NJI MEJLISI GEÇIRILDI
2021-nji ýylyň 6-njy iýulynda Türkmenistanyň DIM-iň edara binasynda wideoaragatnaşyk arkaly «Türkmenistan – Ýewropa Bileleşigi» adam hukuklary boýunça Dialogyň 13-nji mejlisi geçirildi. «Türkmenistan – Ýewropa Bileleşigi» adam hukuklary boýunça Dialogyň nobatdaky tapgyry Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýakynda geçirilen mejlisiniň netijeleri boýunça Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adam hukuklary we ynsanperwer hukugy ulgamynda Ýewropa Bileleşigi hem-de halkara inst...
«WOZROŽDENIÝE» ŞEREKETI: SILE GARŞY BERKITME GURLUŞYGYNYŇ TÄZE DÖWRI
“Wozrozdenie” şereketiniň Türkmenistandaky şahamçasy paýtagty silden goramaly desgalar toplumynyň gurluşygynda esasy gazuw işleriniň agramly bölegini tamamlap, beton işlerine başlady. Indi onuň öňünde (sil suwuny toplaýjyny, sorujy beketleri, geçiriji, süzüji we baş desgalary öz içine alýan) kanaldyr turbageçirijiler ulgamyny döretmek, bar bolan kanalyň durkuny täzelemek, ýol işlerini tamamlamak we elektrik üpjünçiligini ýola goýmak işleri dur. Geçen ýylyň mart aýynda Türkmenistanyň Prezident...
BMG-NIŇ BAŞ ASSAMBLEÝASYNYŇ 75-NJI MEJLISINIŇ BAŞLYGYNYŇ TÜRKMENISTANA SAPARY
2021-nji ýylyň 4-nji iýulynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 75-nji mejlisiniň Başlygy Wolkan Bozkyr iş sapary bilen Aşgabada geldi. Şu gün, 5-nji iýulda jenap Wolkan Bozkyr Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan kabul edildi. Soňra Türkmenistanyň DIM-de Wolkan Bozkyryň baştutanlygyndaky BMG-niň wekiliýetiniň Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti bil...
«TÜRKMEN ÝYLDYZY» HK ENERGIÝA KIÇI BEKETLERE HYZMAT EDÝÄR WE SIM ÇYKARMAGY ÖZLEŞDIRDI
Lebap welaýatynda ýerleşýän elektrik energetikasy desgalaryny gurmaga, olara tehniki hyzmat etmäge we abatlamaga ýörüteleşen «Türkmen Ýyldyzy» hususy kärhanasy Lebapda gurulýan elektrik bekediniň 110/220 кВ açyk bölüji enjamyny sazlamagy hem-de elektrotehniki önümleri çykarmak boýunça öz önümçilik binýadynyň gurluşygyny tamamlady. Çärjew etrabynda ýerleşýän kärhanada ýokary tehnologiýaly enjam oturdyldy we izolirlenen hem-de izolirlenmedik alýumin kabellerdir simleri çykarýan seh işe girizild...
TÜRKMENISTANYŇ WE AZERBAÝJAN RESPUBLIKASYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERI TELEFON ARKALY ÖZARA HEREKETLERIŇ DERWAÝYS MESELELERINI ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR
2021-nji ýylyň 3-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Azerbaýjan Respublikasynyň Daşary işler ministri Jeýhun Baýramow bilen telefon arkaly gepleşigi geçirildi. Söhbetdeşligiň barşynda taraplar özara hereketleriň häzirki meselelerini, şeýle-de ýokary syýasy derejede gazanylan bilelikdäki ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişiniň depginini ara alyp maslahatlaşdylar. Taraplar iki ýurduň DIM-niň ugry boýunça işjeň häsiýete eýe bolan özara hereketleriň dowam edilmeginiň,...