img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
ERMENISTAN RESPUBLIKASY - ÝEREWAN
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
15 Maý

TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE TÜRKMEN-AMERIKAN HYZMATDAŞLYGYNYŇ SYÝASY WE YKDYSADY UGURLARY ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

Şu gün, 2022-nji ýylyň 15-nji maýynda Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet Departamentiniň Diplomatik gullugynyň Baş direktory hanym Kerol Peres we ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýa işleri boýunça kömekçisiniň Birinji orunbasary Din Tompson bilen duşuşdy. Duşuşyga ABŞ-nyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Metýu Stiwen Klimou gatnaşdy. Taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meselel...

DOWAMY
pic
13 Maý

TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI GDA-NYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ GEŇEŞINIŇ NOBATDAKY MEJLISINE GATNAŞDY

2022-nji ýylyň 13-nji maýynda Täjigistan Respublikasynyň Duşenbe şäherinde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna (GDA) gatnaşyjy-ýurtlaryň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Duşuşykda türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýew ýolbaşçylyk etdi. Nobatdaky duşuşygyň çäklerinde halkara gün tertibiniň derwaýys meseleleri hem-de GDA-nyň çäklerinde özara hereket etmek boýunça mazmuna baý pikirler alyşyldy. Syýasy, söwda-ykdysady...

DOWAMY
pic
13 Maý

Aşgabatda Konstitusiýa we Döwlet baýdagy Güni mynasybetli sergi açyldy

Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde ýurdumyzyň Konstitusiýasynyň we döwlet Baýdagynyň Gününe bagyşlanan sergi açyldy. Sergide ýurumyzyň ösüşlerini wasp edýän sekillendiriş sungatynyň wekilleriniň zehininden dörän žiwopis, grafika, heýkeltaraşlyk işleri we milli şaý-sepler görkezilýär. Çeper işler dogduk Diýarymyzyň gözelligini, Konstitusiýa Binasyny we Baş baýdagymyzy wasp edýär. Ak mermer Aşgabadyň gözellikleriniň biri-de Ginnesiň Rekkordlar kitabyna giren beýikligi 133 metr ba...

DOWAMY
pic
13 Maý

TÜRKMEN WEKILIÝETI MERKEZI AZIÝA ÝURTLARYNYŇ DAŞARY SYÝASAT EDARALARYNYŇ ÝOLBAŞÇYLARYNYŇ MEJLISINE GATNAŞDY

2022-nji ýylyň 13-nji maýynda Duşenbe şäherine bolan iş saparynyň dowamynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Daşary işler ministrleriniň duşuşygyna gatnaşdy. Nobatdaky gepleşikleriň barşynda 2021-nji ýylyň awgustynda Türkmenistanda üstünlikli geçirilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşygynyň jemleri boýunça kabul edilen Bilelikdäki Beýannamanyň durmuşa geçirilişiniň depgini ara alnyp maslahatlaşyldy....

DOWAMY
pic
13 Maý

Türkmen jemgyýetiniň demokratik ýörelgeleri pugtalandyrylýar

Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Türkmenistanyň, Özbegistan Respublikasynyň we Russiýa Federasiýasynyň zenan wekilleri bolan biz, sebitiň taryhynda ilkinji gezek çagyrylýan Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýanyň zenanlarynyň dialogyna berýän goldawy üçin Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Baştutanlaryna hoşallyk bildirýäris. Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýanyň zenanlarynyň dialogynyň möhüm ähmiýetini bellemek bilen, p...

DOWAMY
pic
13 Maý

Türkmen jemgyýetiniň demokratik ýörelgeleri pugtalandyrylýar

Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty tarapyndan çärýekde bir gezek türkmen, iňlis we rus dillerinde neşir edilýän «Demokratiýa we hukuk» ylmy-amaly žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy. Žurnalda ýerleşdirilen makalalarda şu ýylyň birinji çärýeginiň möhüm wakalary öz beýanyny tapdy. Žurnal hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň agzalary bilen Garaşsyz döwletimiziň hem-de onuň institutlarynyň geljek 30 ýyl üçin ösüşiniň ileri tutulýan...

DOWAMY
pic
13 Maý

MERKEZI AZIÝA ÝURTLARYNYŇ WE RUSSIÝANYŇ ZENANLARYNYŇ ILKINJI DIALOGYNYŇ MEJLISINDE JEMLEÝJI RESMINAMA KABUL EDILDI

Şu gün, 2022-nji ýylyň 13-nji maýynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Russiýanyň zenanlarynyň ilkinji Dialogynyň mejlisinde gatnaşyjylar milletara dialogyň ilerledilmegi we parahatçylyk medeniýetiniň berkidilmegi üçin Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumynyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Russiýanyň zenanlarynyň Dialogynyň geçirilmeginiň wajypdygyny bellediler. Çäräniň dowamynda gatnaşyjylar Türkmenistanyň başlyklyk etmeginde Dialogyň hereket etmeginiň birin...

DOWAMY