SOŇKY HABARLAR
AŞGABATDA «TÜRKMENISTANYŇ NEBITI WE GAZY-2021» ATLY ХХVI HALKARA MASLAHATY ÖZ IŞINE BAŞLADY
27-nji oktýabrda Aşgabatda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda gibrid görnüşde ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp «Türkmenistanyň nebiti we gazy-2021» (OGT 2021) atly ХХVI halkara maslahaty öz işine başlady. Türkmenistanyň daşary ýurt hyzmatdaşlary bilen nebitgaz ulgamyndaky gatnaşyklaryny berkitmeklige we ösdürmeklige ýardam berýän her ýyl geçirilýän bu abraýly işewürlik forumynyň maksady – geljekde energetika ulgamyny durnukly ösdürmek boýunça gatnaşyklary berk...
PUŞKINIŇ HALY PORTRETI
?Köneürgenç» Döwlet taryhy-medeni goraghanasynyň çäginde ýerleşýän «Daş metjit» halk senetleri muzeýi diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem onuň çäklerinden daşarda-da bellidir. Muzeýde türkmen halkynyň gadymy durmuşyny we medeniýetini beýan edýän dürli artefaktlar aýawly saklanylýar. Halk ussatlarynyň el hünäri bolan ençeme eksponatyň arasynda rus şahyry Aleksandr Sergeýewiç Puşkiniň hala salnan şekili ünsümizi özüne çekdi. Onsoň bu portretiň awtory, onuň muzeýe nähili ýol bilen düşenligi barada sowal...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI OWGANYSTANYŇ GOŇŞY DÖWLETLERINIŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ DUŞUŞYGYNA GATNAŞDY
2021-nji ýylyň 27-nji oktýabrynda EYR-nyň Tähran şäherinde Owganystanyň goňşy döwletleriniň we Russiýanyň Daşary işler ministrleriniň ikinji duşuşygy geçirildi. Nobatdaky gepleşiklere Özbegistanyň, Pakistanyň, Täjigistanyň we Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçylary, şeýle-de Russiýanyň hem-de Hytaýyň wekilleri gatnaşdylar. Duşuşykda Daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistana wekilçilik etdi. Diplomatlar Owganystanda milli toparlaryň ählisiniň gatnaşmagynda inklýuziw hökümetiniň döredilme...
MERKEZI AZIÝA — MILLI TAGAMLAR
Aziýanyň milli tagamlary dürli-dürlüdir, eýsem-de bolsa, olaryň özara meňzeşligi-de bardyr. Mysal üçin, bu sebitiň ähli ýurdunda tüwüdir gök önüm giňden ulanylýar. Aziýa naharlarynyň ählisini-de agzynyň tagamyny bilýänleriň mynasyp baha bermegine görä, datly tagamdyr hoşboý ys hem hoşmaza goşundylar tapawutlandyrýarlar. Özbek tagamlarynyň görnüş taýdan köpdürlüligi gadymy özbek şäherleriniň uly söwda ýollarynyň çatryklarynda amatly şertlerde ýerleşmeginiň netijesi bolup, türk we pars aşhana m...
TÄHRANDA TÜRKMENISTANYŇ WE EÝRANYŇ DAŞARY SYÝASAT EDARALARYNYŇ ÝOLBAŞÇYLARYNYŇ DEREJESINDE SYÝASY GEŇEŞMELER GEÇIRILDI
2021-nji ýylyň 26-28-nji oktýabry aralygynda Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygy boýunça Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Eýran Yslam Respublikasynda saparda bolýar. Saparyň çäklerinde, 26-njy oktýabrda Türkmenistanyň wekiliýetiniň ýolbaşçysy Eýranyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisi tarapyndan kabul edildi. Gepleşikleriň başynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Eýran Yslam Respublikasynyň Prezident...
«BALKAN» GÄMI GURLUŞYK WE ABATLAÝYŞ ZAWODY GURY ÝÜK DAŞAÝJY GÄMISINI GURAR
?Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody AGPJ göterijilik ukyby 5300 – 8100 tonna bolan «Balkan» ýük gämisini gurar. Bu gurluşygy amala aşyrmak Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy, halkara ýük daşaýjylygy bilen meşgullanýan «Hazar logistik» hususy kärhanasy tarapyndan meýilleşdirilýär. Bu ýük gämisiniň gurluşygy boýunça meýilleşdirilýän işler barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 15-nji oktýabrda geçen nobatdaky mejlisinde Ministrler Kabinetiniň ýanynda...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-NIŇ ÝOLBAŞÇYSY EÝRANYŇ NEBIT MINISTRI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRDI
2021-nji ýylyň 26-njy oktýabrynda EYR-na saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Eýran Yslam Respublikasynyň Nebit ministri Jawad Owji bilen duşuşygy geçirildi. Işjeň gepleşikleriň barşynda taraplar Türkmenistanyň hem-de Eýranyň energetika ulgamynda ägirt uly mümkinçilikleriniň bardygyny nygtamak bilen, taraplaryň bu ugurdaky ähmiýetli başlangyçlarynyň sebit hem-de halkara düzümleriniň çäklerinde yzygiderli goldanylýandygyna kanagatlanma bildirdiler. Ýurtl...