RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
26 Maý

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI DURNUKLY ÖSÜŞ ÜÇIN GAZYLYP ALYNÝAN SENAGATY ÖZGERTMEK BOÝUNÇA ÄHLUMUMY “TEGELEK STOLDA” ÇYKYŞ ETDI

2021-nji ýylyň 25-nji maýynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow durnukly ösüş üçin gazylyp alynýan senagaty özgertmek boýunça ählumumy “tegelek stolda” çykyş etdi. Çäre Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň başlyklyk etmeginde wideoaragatnaşyk görnüşinde geçirildi. Duşuşyga birnäçe döwletleriň we hökümetleriň baştutanlary, ministrler, iri halkara guramalaryň ýolbaşçylary, akademiki toparlaryň, seljeriş merkezleriniň bilermenleri, hususy pudagyň we r...

DOWAMY
pic
26 Maý

TÜRKMENISTANYŇ ILÇISI TUNIS RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINE YNANÇ HATLARYNY GOWŞURDY

2021-nji ýylyň 25-nji maýynda Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi I.Amanlyýew Tunis Respublikasynyň Prezidenti Kais Saide Türkmenistanyň Tunis Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi hökmünde (oturýan ýeri Ankara şäheri) özüniň ynanç hatlaryny dabaraly ýagdaýda gowşurdy. Dabaranyň dowamynda bolup geçen gürrüňdeşlikde Ilçi Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Tunis Respublikasynyň Prezidenti Kais Saidiň adyna ýolla...

DOWAMY
pic
25 Maý

TÜRKMENISTAN BILEN GAZAGYSTAN RESPUBLIKASYNYŇ ARASYNDA DÖWLETARA GATNAŞYKLARYŇ ÝOKARY DEREJESI BELLENILDI

Şu gün, 25-nji maýda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary, Daşary işler ministri Muhtar Tleuberdi bilen telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi. Gepleşigiň barşynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleriniň giň toplumyny, hususan-da, iki döwletiň daşary syýasy edaralarynyň arasyndaky özara gatnaşyklary ara alyp maslahatlaşdylar. Şu ýylyň aprel we m...

DOWAMY
pic
25 Maý

ÝOL HEREKETINIŇ HOWPSUZLYGYNYŇ BÜTINDÜNÝÄ HEPDELIGI: EKOLOGIKI WE DURMUŞY TALAPNAMALAR

Birleşen Milletler Guramasynyň başlangyjy bilen maý aýynyň 17-23 aralygynda ýol hereketiniň howpsuzlygynyň Altynjy Bütindünýä hepdeligi geçirildi. Bu hepdelik şäherleriň içinde, ulag we pyýada geçelgeleriň çatrygynda maşynlaryň  tizliginiň sagatda 30 km-e çenli peseldilmegini göz öňünde tutdy. Hepdeligiň çägindäki çäreler sürüjileriň medeniýetini ýokarlandyrmaga gönükdirildi we «Ýollar ömür üçindir» («Streets for life») diýlen bitewi şygaryň astynda geçdi.  BMG-niň Baş Assambleýasy 2005-nji ý...

DOWAMY
pic
24 Maý

ALBUKERKE ŞÄHERINDE 25-NJI MAÝYŇ «DOGAN ŞÄHER AŞGABAT ŞÄHERINIŇ GÜNI» DIÝLIP YGLAN EDILMEGI MYNASYBETLI TEGELEK STOL GEÇIRILDI

2021-nji ýylyň 24-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň şanly 140 ýyllygynyň bellenýän gününi, ýagny 2021-nji ýylyň 25-nji maýyny Albukerke şäherinde «Dogan şäher Aşgabat şäheriniň güni» diýlip yglan edilmegi mynasybetli tegelek stol geçirildi. Bu çäre Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň başlangyjy bilen guraldy. Tegelek stola Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institut...

DOWAMY
pic
24 Maý

BUÝAN GALYNDYLARYNDAN IŞJEŇLEŞDIRILEN KÖMÜR: DAŞARY ÝURT ÖNÜMINIŇ ORNUNY TUTMA WE EKOLOGIÝA

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutynyň alymlar topary işjeňleşdirilen kömri buýan galyndylaryndan almagyň täze usulyny oýlap tapyp, ony önümçilige girizmegi teklip etdi. Bu ylmy açyş Türkmenistanyň ykdysadyýet we maliýe ministrliginiň intellektual emläk boýunça Döwlet gullugy tarapyndan resmi hasaba alyndy. Buýan köki Lebap welaýatyndaky “Buýan” agrosenagat toplumynda gaýtadan işlenende, ondan köp mukdarda harpyk galýar. Ony gaýtadan ulanmagyň esasy usuly häzire çenli melle...

DOWAMY
pic
24 Maý

TÜRKMENISTAN ÝEWRAZIÝA PATENT GURAMASY BILEN HYZMATDAŞLYGY ÖSDÜRÝÄR

Şu gün, 2021-nji ýylyň 24-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Ýewraziýa patent guramasynyň (ÝPG) Ýewraziýa patent edarasynyň prezidenti Saule Tlewlesowa bilen wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistan bilen Ýewraziýa patent guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň derejesine ýokary baha berdiler. Türkmenistanyň ÝPG-niň işjeň gatnaşyjylarynyň biri bolup durýandygy we bu guramanyň esasy resminamasyna – Ýewraziýa Patent Konwens...

DOWAMY