RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
24 Maý

MARYNYŇ “ÝEŇIŞ” TIKIN FABRIGI ÖNÜMLERINIŇ ÜÇDEN BIRINI TÄZELEDI

Ýurduň erkek we çaga köýnegini öndürýän iň uly kärhanasynyň taýýarlaýan önümleriniň görnüşleriniň hataryna, tomus möwsümine gabatlap, ýene 30 sany täze biçüwdäki ýeňil köýnekler goşuldy. Maryly tikinçileriň ýaşlara we çagalara niýtelenen geýimleriniň görnüşi we  biçüwi tutuşlaýyn diýen ýaly üýtgedildi. Ilat arasynda uly talap bildirilýän “Ýeňiş” firma belgili köýnekleriniň bezeginiň üstüni özboluşly urundylar we bejergiler, ýakalaryň üýtgeşik nusgalary, urna jübilerdir olaryň gapajyklary bezedi....

DOWAMY
pic
24 Maý

TÜRKMEN PAÝTAGTYNDA «AK ŞÄHERIM AŞGABAT» ATLY XX HALKARA SERGISI ÖZ IŞINE BAŞLADY

Şu gün, 24-nji maýda «Ak şäherim Aşgabat» atly XX halkara sergisi öz işine başlady. Aşgabat şäheriniň häkimligi we Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan guralan halkara ähmiýetli bu çäre türkmen paýtagtynyň 140 ýyllygyna bagyşlanandyr. Köpugurly serginiň açylyş dabarasyna Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasarlary, Milli Geňeşiniň, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, şeýle-de daşary ýurtly myhmanlar we paýtagtyň köpsanly jemgyý...

DOWAMY
pic
24 Maý

BIRŽA TÄZELIKLERI

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 30-sy hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Özbegistanyň, Owganystanyň, Gyrgyzystanyň we beýleki ýurtlaryň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtobenzini, tehniki kerosini we senagat ýagyny satyn aldylar. Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen suwuklandyrylan gaz owganystanly işewürleriň geleşikleriniň e...

DOWAMY
pic
23 Maý

TÜRKMENISTAN RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ SEBITLERI BILEN ÖZARA HEREKETLERINI IŞJEŇLEŞDIRÝÄR

Şu gün, 23-nji maýda türkmen paýtagtynda Türkmenistana sapar bilen gelen Sankt-Peterburgyň Daşary aragatnaşyklar Komitetiniň başlygy Ý.Grigorýew we «Wozroždeniýe» Taslama-gurluşyk kompaniýalar toparynyň» ýolbaşçysy I.Bukato bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredow hem-de Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Ýokary Gözegçilik edarasynyň Başlygy S.Berdimuhamedow gatnaşdylar. Işjeň ge...

DOWAMY
pic
23 Maý

“ARKADAGYŇ AK ŞÄHERI — AŞGABAT” DÖREDIJILIK BÄSLEŞIGINIŇ NETIJELERI JEMLENILDI

Şu gün Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň maslahatlar zalynda paýtagtymyzyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygyna bagyşlanan “Arkadagyň ak şäheri Aşgabat” atly döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi. Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryna laýyklykda, bu döredijilik bäsleşigi şanly sene mynasybetli geçirilýän çäreleriň çäklerinde yglan edildi. Ak mermerli paýtagtymyz baradaky fotosuratlar, wideoşekiller hem-de makalalar tele we radioýaýlymlarda,...

DOWAMY
pic
22 Maý

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ «AK ŞÄHERIM AŞGABAT» ATLY KITABYNYŇ RUS DILINDÄKI NEŞIRINIŇ TANYŞDYRYLYŞ DABARASY

2021-nji ýylyň 22-nji maýynda Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Ak şäherim Aşgabat» atly kitabynyň rus dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Bu çäre Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň başlangyjy bilen guraldy. Tanyşdyrylyş dabarasyna Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, professor-mugallymlary we talyplary, ýurdumyzda işleýän ilçihanalaryň we halkara guramlaryň wekil...

DOWAMY
pic
22 Maý

THIRD OIL LOADING BERTH TO BE BUILT AT TURKMENBASHY REFINERY COMPLEX

The third oil loading berth will be built at Kenar Oil Terminal of Turkmenbashy Refinery Complex. Vice-premier Shahym Abdrahmanov, which is in charge of fuel and energy complex, has informed about this at the offsite session of the Government in Turkmenbashy, Having listened to the report, President Gurbanguly Berdimuhamedov noted that according to the Program of development of oil and gas industry until 2030, it is planned to build number of technological units at Turkmenbashy Refinery Compl...

DOWAMY