RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
21 Maý

“TÜRKMENISTAN-ABŞ” IŞEWÜRLIK GEŇEŞINIŇ ÇÄKLERINDE ÖŇDEBARYJY AMERIKAN KOMPANIÝALARYNYŇ WEKILLERI BILEN DUŞUŞYKLAR

Şu gün, 21-nji maýda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň “Türkmenistan-ABŞ” işewürlik geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuard hem-de ABŞ-nyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Metýu Klimow bilen wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy geçirildi. Şeýle-de duşuşyga öňdebaryjy amerikan kompaniýalarynyň, hususan-da “S2 Global/Rapiscan”, “Visa”, “Westport Trading Ltd” we “Boeing” kompaniýalarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar. Türkmen tarapyndan...

DOWAMY
pic
21 Maý

DAŞARY ÝURT ARTISTLERINIŇ AŞGABADYŇ ÝUBILEÝINE BAGYŞLANAN AÝDYMLARY

Şu gün “Ak şäherim Aşgabat” binasynyň ýanynda paýtagtymyzyň 140 ýyllygyna bagyşlanan halkara döredijilik dabarasy geçirildi. Oňa ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň meşhur aýdymçylary gatnaşdylar. Bilelikde guralan bu ajaýyp aýdym-saz dabarasy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli durmuşa geçirýän, dünýä bileleşiginiň ykrarnamasyna hem-de goldawyna eýe bolan açyklyk we giň halkara hyzmatdaşlyk syýasatynyň ynsanperwer ugrunyň ähmiýetini beýan edýär. Dünýäniň dürli ýurtlar...

DOWAMY
pic
21 Maý

TÜRKMENISTAN BILEN KONGO RESPUBLIKASYNYŇ ARASYNDA DIPLOMATIK GATNAŞYKLARY ÝOLA GOÝULDY

2021-nji ýylyň 21-nji maýynda Moskwa şäherinde Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Ilçihanasynyň binasynda Türkmenistan bilen Kongo Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklary ýola goýmak hakyndaky Teswirnama gol çekmek dabarasy geçirildi. Gol çekmek dabarasynyň öň ýanynda Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Batyr Niýazliýew Kongo Respublikasynyň Russiýa Federasiýasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Dawid Maduka bilen gepleşik...

DOWAMY
pic
21 Maý

AŞGABADYŇ TARYHYNYŇ ÇEPER BEÝANY: GEÇMIŞDEN - GELJEGE UZAÝAN NAZAR

Türkmenistanyň çeperçilik Akademiýasynyň galereýasynda paýtagtyň 140 ýyllygyna bagyşlanan sergi-bäsleşigi açyldy. Ýaş binagärler, suratkeşler, dizaýnerler we fotosuratçylar bu sergini görmäge gelenlere özleriniň türkmen paýtagtyna söýgülerini, onuň baý taryhy geçmişine goýýan hormat-sylaglaryny wasp edýän eserlerini hödürlediler. Sergi şäheriň döreýşinden başlap, tä onuň şu gününe çenli geçen ýoluny şekillendiriş sungatynyň üsti bilen gürrüň berýär. Mundan hem başga suratçylyk mekdebiniň we ç...

DOWAMY
pic
21 Maý

TÜRKMENISTANYŇ ÝITI ÝOKANÇ KESELE GARŞY TAÝÝARLYGYNY WE DESSIN ÇÄRELERIŇ GÖRÜLMEGINI ÜPJÜN ETMEGIŇ MEÝILNAMASYNYŇ TANYŞDYRYLYŞ DABARASY

2021-nji ýylyň 21-nji maýynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginde şu ýylyň 16-njy aprelinde tassyklanan Türkmenistanyň ýiti ýokanç kesele garşy taýýarlygyny we dessin çäreleriň görülmegini üpjün etmegiň Meýilnamasynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.  Çärä Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, Daşary işler ministrliginiň, Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, ýurdumyzyň beýleki ministrlikleriniň we edaralarynyň wekilleri, şeýle-de Türkm...

DOWAMY
pic
21 Maý

WATANYMYZYŇ DÖWLET NYŞANLARYNYŇ HORMATYNA SUNGAT USSATLARYNYŇ KONSERTI

Şu gün “Ak şäherim Aşgabat” binasynyň ýanynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň hem-de Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününe bagyşlanyp, sungat ussatlarynyň konserti geçirildi. Şanly seneler milleti jebisleşdirýär, halkyň ruhuny açyp görkezýär we şöhratly geçmişini, häzirki gününi hem-de geljegini dabaralandyrýar. Olaryň hatarynda 18-nji maýda bilelikde bellenilýän Konstitusiýanyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasyp orun eýeleýär. Bu baýramçylyk milli jebisligiň hem-de Garaşsyz Watanymyzyň...

DOWAMY
pic
21 Maý

ÝHHG-NIŇ ÝANYNDAKY TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI ADAM HUKUKLARY BOÝUNÇA MILLI HEREKET MEÝILNAMASYNYŇ KABUL EDILMEGI MYNASYBETLI BEÝANNAMA BILEN ÇYKYŞ ETDI

2021-nji ýylyň 20-nji maýynda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Hemişelik Geňeşiniň nobatdaky ýygnagynda Türkmenistanyň wekiliýeti 2021-nji ýylyň 16-njy aprelinde Türkmenistantň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň karary bilen tassyklanan Adam hukuklary babatynda Milli Hereket meýilnamasynyň kabul edilmegi mynasybetli beýannama bilen çykyş etdi. Beýannamada resminamanyň Türkmenistanda adam hukuklaryny we azatlyklaryny kepillendirmek we goramak boýunça döwlet ulgamyny güýçlen...

DOWAMY