RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
20 Maý

AŞGABADYŇ WE ONUŇ DOSTLUKLY-DOGANLYKLY ŞÄHERLERINIŇ HÄKIMLERINIŇ HALKARA MEJLISI GEÇIRILDI

2021-nji ýylyň 20-nji maýynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda gibrid formatda Aşgabat şäheriniň döredilmeginiň 140 ýyllygyna bagyşlanan Aşgabat şäheriniň we onuň dostlukly-doganlykly şäherleriniň häkimleriniň halkara mejlisi geçirildi. Çäräni Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň rektory P.Orazow açdy. Ählilere işjeň gatnaşýandyklary üçin minnetdarlyk bildirip, Aşgabat şäheriniň häkimi Ýa.Gylyjow Türkmenistanyň paýtagtynyň dostlukly, myhmansöýer, binagärlik nukd...

DOWAMY
pic
20 Maý

OGULABAT EJÄNIŇ KALBYNYŇ MÄHRI SIŇEN SUNGAT

Şu gün Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde milli amaly-haşam sungatynyň ajaýyp eseriniň — hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň mähriban käbesi Ogulabat ejäniň işläp bejeren kürtesiniň bu muzeýe gowşurylmagyna bagyşlanan dabara we bu waka mynasybetli “Ýürek mähri siňen sungat” atly maslahat geçirildi. Milli Geňeşiň Mejlisiniň, Medeniýet ministrliginiň hem-de Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň bilelikde guramagynda geçirilen dabara ýurdumyzyň hökümet agzalary, jemgyý...

DOWAMY
pic
20 Maý

TÜRKMENISTANYŇ MINISTRLER KABINETINIŇ BAŞLYGYNYŇ ORUNBASARY S.G.BERDIMUHAMEDOWYŇ GAZAGYSTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREMÝER-MINISTRI A.U.MAMIN BILEN TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIGI GEÇIRILDI

Şu gün, 20-nji maýda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Ýokary Gözegçilik edarasynyň Başlygy  S.G.Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministri A.U.Mamin bilen telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi, onuň barşynda söwda-ykdysady we ynsanperwer ulgamlardaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meselelerine seredilip geçildi. Şunlukda, Türkmenistanyň we Gazagystanyň Prezidentleri tarapyndan hyzmatdaşlygyň giň toplumy boýunça iki ýurduň arasyndaky özara hereketle...

DOWAMY
pic
20 Maý

YLHAM JOŞGUNY: ŞEKILLENDIRIŞ SUNGATY MUZEÝINDE BAÝRAMÇYLYK SERGISI AÇYLDY

Paýtagtyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Baýdak Gününe bagyşlanyp çeper suratlaryň, grafika eserleriniň,  heýkelleriň we amaly-haşam sungatynyň sergisi açyldy.   Suratkeşleriň her biri bu temanyň çeper beýanyny tapmaga  özüçe  çemeleşipdir.  Türkmen döwletiniň esasy nyşanlary bolan – Baýdagyň hem-de ýurduň Baş kanunynyň her hili röwüşlerde şekillendirilen nusgalary bu serginiň esasy eksponatlarydyr.  Şu ýyl «Parahatlyk we ynanyşmak ýyly»   şygarynyň dab...

DOWAMY
pic
19 Maý

AŞGABATDATÜRKMENISTANDA ADAM HUKUKLARY BOÝUNÇA 2021-2025-NJI ÝYLLAR ÜÇIN HEREKETLERIŇ MILLI MEÝILNAMASYNYŇ TANYŞDYRYLYŞY GEÇIRILDI

2021-nji ýylyň 19-njy maýynda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda şu ýylyň aprelinde Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli karary bilen tassyklanan Türkmenistanda adam hukuklary boýunça 2021-2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli Meýilnamasynyň tanyşdyrylyşy geçirildi. Çärä Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň iki palatasynyň (Mejlisiň we Halk maslahatynyň) ýolbaşçylary we agzalary, ýurduň syýasy partiýalarynyň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň...

DOWAMY
pic
18 Maý

LAZURIT GEÇELGESI – OWGANYSTANDAN ÝEWROPA BARÝAN ÝOLDYR

Pandemiýadan soňky ählumumy ösüşi ilerletmekde  bilermenler ulag kommunikasiýalarynyň diwersifikasiýasyny  agzaýarlar. Ol, ozaly bilen, öz ygtybarlylgyny, durnuklylygny  we geçen ýyl deňizde ýük daşamak bazarynda dörän kynçlyklyara garanda ykdysady taýdan netijeliligini  görkezen demir ýol ulagyna degişlidir. Çap edilen maglumatlara görä, munuň özi deňizde ýük daşamak kireýiniň ýokarlanmagyna getirdi, hususan-da, HHR bilen ÝB arasynda 2020-nji ýylyň dekabrynda üstaşyr demir ýol ýük daşalşynyň ba...

DOWAMY
pic
17 Maý

GYRGYZ RESPUBLIKASYNYŇ ENERGETIKA WE SENAGAT MINISTRI BILEN DUŞUŞYK

2021-nji ýylyň 17-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Ö.Meredowyň iş sapary bilen Aşgabada gelen Gyrgyz Respublikasynyň Energetika we senagat ministri K.A.Turdubaýew bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösüşiniň oňyn depginini kanagatlanma bilen bellediler. Döwletara gatnaşyklaryň ösüşinde ýokary derejedäki saparlaryň ähmiýeti nygtaldy. Söhbetdeşligiň barşynda söwda-ykdysady...

DOWAMY