SOŇKY HABARLAR
SIAN ŞÄHERINDE “MERKEZI AZIÝA – HYTAÝ” DÖWLETLERINIŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ IKINJI DUŞUŞYGY GEÇIRILDI
2021-nji ýylyň 12-nji maýynda Hytaý Halk Respublikasynyň Sian şäherinde “Merkezi Aziýa – Hytaý” döwletleriniň Daşary işler ministrleriniň ikinji duşuşygy geçirildi. HHR-nyň Döwlet geňeşiniň agzasy, Daşary işler ministri Wan I özüniň giriş sözünde kärdeşleri bilen mähirli salamlaşdy we ýokary derejede gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmekde hem-de ýurtlaryň arasynda köpugurly gatnaşyklary ilerletmekde bu formatyň döwletleriniň daşary syýasy edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy güýçlendirme...
GAHRYMANLYK UNUDYLMAZDYR: GENNADIÝ BABIKOWA, EDUARD ASADOWA HEM-DE WELI MUHADOWA BAGYŞLANAN HATYRA AGŞAMY
9-njy maýda faşistik Germaniýadan üstün çykylmagyna 76 ýyl doldy. Beýik Watançylyk urşy Sowet Soýuzynyň her bir raýatyna agyr düşdi. Ýurduň uludan-kiçä ähli ilaty duşman leşgerinden goraga aýaga galdy. Döredijilik işgärleri: suratkeşler, sazandalar, edebiýatçylar-da ondan çetde durmadylar. Russiýanyň Aşgabatdaky ilçihanasynda ýerleşýän “Rus öýünde” geçirilen “Gahrymanlyk unudylmazdyr” atly agşam Beýik Watançylyk urşuna gatnaşan üç gerçegiň ýagty ýadygärligine bagyşlandy. Olar -ömri Türkmenist...
TÜRKMENISTANYŇ NEBITGAZ PUDAGYNA DAŞARY ÝURT MAÝA GOÝUMLARYNY ÇEKMEK BOÝUNÇA HALKARA FORUM
2021-nji ýylyň 12-nji maýynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forum gibrid görnüşinde öz işine başlady. Bazaryň uglewodorod toplumy babatdaky bu iri çäräni gurnaýjylar bolup Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi, “Türkmengaz” we “Türkmennebit” Döwlet konsernleri, şeýle-de “Türkmengeologiýa” Döwlet korporasiýasy çykyş edýär. Turkmen Forum, GaffneyCline, TAPI, TNGIZT bolsa bile...
TÜRKMEN ALYMLARYNA SÜÝŞÝÄN ÇÄGELERI BERKITMEGIŇ NETIJELI USULLARYNY KESGITLEÝÄN ENJAM GOWŞURYLDY
Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Çöller, ösümlik we haýwanat dünýäsi milli milli institutynyň Garryköl meýdançasynda zähmet çekýän alymlaryna ýaňy-ýakynda kuwwatly elektrogenerator we fotoelektrik milli enjamlar gowşuryldy. Çöli öwreniji alymlar bu ýerde tebigy hadysalara gözegçilik edip, ummasyz ylmy işleri hem tejribe-barlaglary amala aşyrýarlar. Bu iş gurallary olara on müňlerçe çöl ösümlikleriniň dürli görnüşlerine ideg etmäge we olaryň guraklykda ösüşini...
HYZMATDAŞLYK BOÝUNÇA TÜRKMEN-HYTAÝ HÖKÜMETARA KOMITETINIŇ BAŞLYKLARYNYŇ DUŞUŞYGY GEÇIRILDI
Şu gün, 11-nji maýda, hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň başlyklary ýagny, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Türkmenistanyň Ýokary Gözegçilik Edarasynyň Başlygy S.G.Berdimuhamedow bilen HHR-nyň Döwlet Geňeşiniň Wise-premýeri Han Çženiň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar strategiki hyzmatdaşlygyň türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge aý...
GAZ TEMATIKASY: PES UGLERODLY YKDYSADYÝET WE TÜRKMEN-HYTAÝ HYZMATDAŞLYGY
Türkmenistan bilen Hytaýyň gaz ulgamyndaky hyzmatdaşlygy iki ýurduň ynamly öňe ilerýän strategik hyzmatdaşlygynyň wajyp bölegidir. Onuň esasy ugurlary 6-njy maýda iki ýurduň liderleri – Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Si Szinpiniň telefon arkaly söhbetdeşliginiň dowamynda kesgitlenildi. Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy Reşit Meredow bilen Hytaýyň daşary işler ministriniň orunbasary Le Ýuýçeniň duşuşygynda gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçrimek ara alnyp maslahatlaşyldy. Gaz tematikasy – türkme...
TÜRKMEN-KOREÝ IŞEWÜRLER GEŇEŞINIŇ NOBATDAKY MEJLISI
2021-nji ýylyň 11-nji maýynda wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly Türkmen-koreý işewürler geňeşiniň dördünji mejlisi geçirildi. Mejlisiň işine türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň, Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň, Türkmenistanyň Söwda-Senagat edarasynyň, şeýle hem beýleki degişli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar. Koreý tarapyndan mejlise Koreý...