RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
11 Maý

KÖPÇÜLIKLEÝIN EKOLOGIÝA ÇÄRELERI WATANYMYZYŇ GÜLLÄP ÖSMEGINE GOŞANTDYR

Aşgabat şäheriniň häkimligi we jemgyýetçilik guramalary paýtagtymyzda 10 — 25-nji maý günlerinde ekologik çäräni guramak baradaky başlangyç bilen çykyş edýär. Bu çärä isleg bildirýän adamlaryň ählisi gatnaşyp biler. Ekologik abadançylyk baradaky alada milli Liderimiziň alyp barýan durmuş ugurly syýasatynyň aýrylmaz bölegi bolup, her bir türkmenistanlynyň saglygyny, doly bahaly we bagtyýar durmuşyny üpjün etmek şol syýasatyň baş maksadydyr. Häzir dünýäde ekologik meseleleriň ähmiýetine hemm...

DOWAMY
pic
11 Maý

TERRORÇYLYGYŇ MALIÝELEŞDIRILMEGINE WE GURAMAÇYLYKLY JENAÝATLARA GARŞY GÖREŞ BOÝUNÇA ÝHHG-NYŇ SEBITLEÝIN MASLAHATY

2021-nji ýylyň 11-nji maýynda ÝHHG-nyň terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine we guramaçylykly jenaýatçylyga garşy göreş boýunça sebitleýin maslahaty geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi hem-de ÝHHG-nyň sekretariatynyň transmilli howplara garşy göreş bölümi bilen bilelikde guraldy. Bu çärä gatnaşmak üçin Merkezi Aziýanyň we ÝHHG-nyň beýleki gatnaşyjy döwletleriniň wekilleri, akademiýalaryň, hususy pudagyň we raýat jemgyýetini...

DOWAMY
pic
11 Maý

TÜRKMENISTANY IKINJI WATANY EDINEN FRONTÇYNYŇ YKBALY

Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 76 ýyllygy mynasybetli ähli ýerde uruş gahrymanlary mübäreklenýär. Men olaryň biri – Sergeý Tewosowiç Aganýan barada gürrüň bermekçi. Durmuşynda ýurdumyzyň we Aşgabadyň şanly seneleri beýanyny tapan  weteranyň watanperwerlik ruhuna ýugrulan öýüne baryp, onuň bilen söhbetdeş boldum. Sergeý Tewosowiç Litwany, Latwiýany, Estoniýany we Ukrainany azat etmek ugrunda söweşlere gatnaşdy. Onuň gulluk edýän polky Belorussiýadaka gitlerçi Germaniýadan üstün çyky...

DOWAMY
pic
11 Maý

TDIM-IŇ HALKARA GATNAŞYKLARY INSTITUTYNDA TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ TÄZE KITABYNYŇ TANYŞDYRYLYŞ DABARASY GEÇIRILDI

2021-nji ýylyň 11-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň mejlisler zalynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Ak şäherim Aşgabat” atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Kitabyň çap edilmegi türkmen paýtagtynyň 140 ýyllygyna özboluşly sowgat boldy. Dabara ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, professor-mugallymlary we talyplary, Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalarynyň weki...

DOWAMY
pic
11 Maý

TÜRKMENISTANA HYTAÝYŇ “CORONAVAC” SANJYMY GETIRILDI

Şu gün COVID-19 ýiti ýokanç keseline garşy Hytaýyň «Sinovac» kompaniýasy tarapyndan işlenilip taýýarlanylan “CoronaVac” waksinasynyň uly tapgyry Türkmenistana getirildi. Dünýäniň ençeme ýurtlarynda geçirilen kliniki barlaglaryň netijesinde, bu waksina özüniň ýokary netijeliligini we howpsuzdygyny subut etdi. Mälim bolşy ýaly, 6-njy maýda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň arasynda telefon arkaly geçirilen söhbetdeşligiň dowamy...

DOWAMY
pic
11 Maý

TÜRKMENISTANYŇ HÖKÜMET WEKILIÝETINIŇ HYTAÝ HALK RESPUBLIKASYNA SAPARY BAŞLANDY

2021-nji ýylyň 10-njy maýynda Türkmenistanyň Hökümet wekiliýetiniň Hytaý Halk Respublikasyna sapary başlandy. Saparyň birinji gününde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Ö.Meredowyň we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Türkmenistanyň Ýokary Gözegçilik edarasynyň Başlygy S.G.Berdimuhamedowyň HHR-nyň Döwlet Geňeşiniň agzasy, Daşary işler ministri Wan I bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar iki döwleti...

DOWAMY
pic
10 Maý

BIRŽA TÄZELIKLERI

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 46-sy hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Beýik Britaniýanyň we Owganystanyň telekeçileri “Türkmengaz” döwlet konserninde öndürilen suwuklandyrylan gazy, “Türkmenhimiýa” döwlet konserninde öndürilen “B” kysymly karbamidi satyn aldylar. Bulardan başga-da, Russiýanyň, Azerbaýjanyň, Gyrgyzystanyň telekeçileri daşary ýurt puluna boýalan tüýjümek önümleri we nah ýüplügi satyn aldylar. Geleşikleriň bahasy ABŞ-ny...

DOWAMY