RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
9 Mar

BIRŽA TÄZELIKLERI

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 18-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirliklerinden, Gonkongdan, Türkiýeden, Owganystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen dizel ýangyjyny we awtobenzini satyn aldylar Binýatlyk ýag BAE-niň, Gazagystanyň hem-de Owganystanyň işewürleriniň söwdalaşyklarynyň esasyny düzdi. Mundan başga-da, daşary ýurt puluna nah ýüplük we awtoulag ser...

DOWAMY
pic
6 Mar

TÜRKIÝE RESPUBLIKASYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ TÜRKMENISTANA SAPARY

2021-nji ýylyň 5-nji martynda Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglu Aşgabada iki günlük iş sapary bilen geldi. 6-njy martda saparynyň çäklerinde Türkiýäniň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan kabul edildi. Türkmenistanyň Prezidenti iki ýurduň arasyndaky dostluk, doganlyk we özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklaryň derejesine ýokary baha berdi. Soňra Türkiýe Respublikasynyň Daşary işle...

DOWAMY
pic
5 Mar

ÝURDUMYZYŇ DEMIRGAZYGYNDA ORTA SÜÝÜMLI GOWAÇA EKILER

Daşoguz welaýatynda gowaça ekişine  on dokuz müň tonnadan gowrak ýokary hilli tohum taýýarlanyldy. Tohumlar tutuşlygyna degişli gulluklaryň laboratoriýalarynda gögerişi, klasy, sort arassalygy we beýleki görkezijiler boýunça bellenilen kadalara laýyklygyna barlaglardan geçirildi. Ýörüte dermanlanylmagy tohumlary kesellerden, zyýan beriji mör-möjeklerden we hapa-haşal otlardan gorar. Ýokary öndürijilikli tohumlar sebitde ýerleşýän pagta arassalaýjy kärhanalaryň onusyndan alyndy. Ýylda tohum...

DOWAMY
pic
5 Mar

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI YHG-NIŇ ÇÄKLERINDE ENERGETIKA HYZMATDAŞLYGYNY GIŇELTMEGIŇ DERWAÝYSLYGYNY NYGTADY

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow YHG-niň 14-nji Sammitinde eden çykyşynda energetika meselelerine hem aýratyn üns berdi. Döwlet Baştutany: «YHG-niň giňişliginde energetika ugurlaryny döretmekligi, biziň döwletlerimiziň gatnaşmagynda energiýa serişdelerini diwersifikasiýa ýoly bilen ibermekligi hem möhüm wezipe hökmünde seredýäris» - diýip nygtady. Ol häzirki wagtda Türkmenistanyň hyzmatdaşlary bilen bilelikde, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisini gurý...

DOWAMY
pic
5 Mar

TÜRKMEN NAKGAŞLARYNYŇ ZENANLAR HAKDA WE ZENANLARA BAGYŞLAN IŞLERI

Şekillendiriş sungaty muzeýinde açylan sergi Halkara zenanlar gününe bagyşlanypdyr. Baýramçylyk sergisinde žiwopis we amaly-haşam sungaty eserleri goýlupdyr. Olaryň arasynda tanaymal nakgaşlar –Ýewgeniýa Adamowanyň «Ene», Aýhan Hajyýewiň «Bahar», Ýarly Baýramowyň «Siren» ýaly belli işleri, olaryň gapdalynda bolsa häzirki nakgaşlaryň işleri görkezilýär. Tebigat bezegi gülleriň suratlary sergide aýratyn orun tutýar. Olaryň arasynda Gülşat Annamyradowanyň «Gülälekler» atly suraty saýry elýär. Gü...

DOWAMY
pic
5 Mar

YHG-NIŇ GIŇIŞLIGINDE HEM-DE ONUŇ ÇÄKLERINDEN DAŞARDA YKDYSADY ÖSÜŞ BABATYNDA ULAG-KOMMUNIKASIÝA ULGAMYNYŇ ÄHMIÝETI AÝRATYN BELLENILDI

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow YHG-niň 14-nji Sammitine gatnaşyjylaryň ünsüni ulag-kommunikasiýa ulgamynyň ösdürilmeginiň derwaýyslygyna çekdi. Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow «Biz YHG-niň giňişligini Ýewraziýa kontinentinde amatly, düşewüntli, ýokary tehnologiýaly ulag-kommunikasiýa merkezleriniň we ugurlarynyň ulgamy hökmünde görýäris» - diýip nygtady. Türkmenistanyň bu ugurda üstünlikli işleýändi bellenilip geçildi. Döwlet baştutany Kerki (Türkmenistan) – Şiberg...

DOWAMY
pic
5 Mar

MYRAT SADYKOW: TÜRKMEN ESTRADASYNDA ÖÇMEZ YZ GALDYRAN ZEHIN

?Ýuwaş! Synag gidýär!» ýazgyly işik açylyp, Türkmen döwlet sazçylyk uçilişşesiniň kabul ediş toparynyň öňünde görmegeý sypaýy ýigit, «Suwhojalygytaslama» institutynyň kiçi ylmy işgäri peýda boldy. Topar agzalary ondan ilki bilen: «Ýaş ýigit ýalňyşan dälsiňiz-ä? – diýip sorajak boldular. Ýöne dalaşgär Sadykow Myrat diýip adyny aýtdy. Topar agzalary köpi gören adamlar: olar üýtgeşik zehinlere-de, munuň tersine, juda çöňňelere-de, şeýle hem durmuşyny düýpgöter üýtgedip, aýdymçy bolmaga höwes edýän...

DOWAMY