RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
5 Mar

YHG-NA BAŞLYKLYK ETMEGINIŇ BARŞYNDA TÜRKMENISTAN YKDYSADY UGURLARYŇ DÖREDILMEGI UGRUNDAKY HEREKETLERI IŞJEŇLEŞDIRMÄGE MEÝILLIDIR

2021-nji ýylyň 4-nji martynda geçirilen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 14-nji Sammitinde gatnaşyjy-ýurtlaryň döwlet we hökümet baştutanlary YHG-niň işi boýunça öz garaýyşlaryny beýan etdiler hem-de onuň geljekde has hem ösdürilmegi babatyndaky teklipleri ara alyp maslahatlaşdylar.    Öz çykyşynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow şu ýyl ýurdumyzyň YHG-na başlyklyk etmeginiň çäklerinde ýurdumyzyň ileri tutýan ugurlaryny beýan etdi. Ol geljekde şu guramanyň ýurtlarynyň a...

DOWAMY
pic
5 Mar

BILERMENLER GUŞLARY HASABA ALDYLAR

Ş. Garryýewa, Türkmensitanda Ramsar konwensiýasyny  ýerine ýetirmek boýunça Iş toparynyň bilermeni   Türkmenistanda Ramsar konwensiýasyny  ýerine ýetirmek boýunça Iş toparynyň milli bilermenleri döwlet tebigy goraghanalarynyň işgärleri, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri  bilen bilelikde  suwly-batgalyk ýerleriň (SBÝ) monitoringini geçirdiler. Ol 2-nji fewralda bellenilýän Ramsar konwensiýasynyň 50 ýyllyk ýubileýiniň öňüsyrasynda guraldy.  Şol günler Konwensiýa gatnaşýanlaryň ählisi...

DOWAMY
pic
5 Mar

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI: YHG-DA BAŞLYKLYK ETMEGI JOGAPKÄRLI WE BELENT WEZIPE HÖKMÜNDE KABUL EDÝÄRIS HEM-DE ONUŇ ÜSTÜNLIKLI DURMUŞA GEÇIRILMEGI UGRUNDA ÄHLI TAGALLALARY EDERIS

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 14-nji sammitinde çykyş edip, sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmekde YHG-niň özboluşly geoykdysady ähmiýetini belledi. Döwlet Baştutanymyz geografiki, taryhy, umumy däp-dessur we gymmatlyklar taýdan arabaglanyşygy bolan YHG gatnaşyjy döwletleriniň ykdysady hyzmatdaşlygynyň özenini nygtady. Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow: “Biz YHG-niň çäklerinde ykdysadyýetde, söwdada, senagatda, energetikada, ulag...

DOWAMY
pic
5 Mar

DAŞARY ÝURTLARDA TÜRKMENISTANDA ÖNDÜRILEN JORAPLARA ISLEG ARTÝAR

?Akar Tekstil» hojalyk jemgyýetiniň ýakyn wagtda jorap önümlerini iri eksport ediji bolmagy mümkin. Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda ýerleşýän kärhananyň arassa pagtadan we laýkra bilen garyşyk ýüplükden öndürýän erkek adamlaryň, zenan we çagalar joraplarynyň on bäş görnüşine ýurdumyzyň içinde-de, daşynda-da isleg uly. Geçen ýyl kärhana «AKAR» söwda belgisi bilen bir milliona golaý, şu ýylyň iki aýynda – ýene-de 450 müň jübüt jorap eksport etdi. Olary esasan Gazagystan, Gyrgyzystan, Russi...

DOWAMY
pic
5 Mar

EKO-DA BAŞLYKLYK ETMEGINIŇ DOWAMYNDA TÜRKMENISTAN MEDENI-YNSANPERWER ULGAMDAKY HYZMATDAŞLYGA AÝRATYN ÜNS BERER

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 14-nji sammitinde YHG-da başlyklyk etmeginiň çäklerinde medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmegiň ugrunda ýurduň öňde goýan maksatlaryny beýan etdi. Prezident: “Türkmenistan YHG-da başlyklyk ediji hökmünde medeni, sport, bilim, ýaşlar, syýahatçylyk gatnaşyklaryny giňeltmäge işjeň ýardam bermegi maksat edinýär. Dost-doganlyk ruhunda biziň halklarymyzy we döwletlerimizi birleşdirýän umumy ahlak gymmatlyklaryn...

DOWAMY
pic
4 Mar

TEJRIBÄ DAÝANYP

Şu ýyl Daşoguz welaýatynda kösükli ekinleri we künji ekmek üçin dört müň gektardan gowrak meýdan bölünip berildi. Onuň aglaba bölegine – ýene-de üç müň ýedi ýüz gektar meýdana mäş ekiler. Suwy az talap edýän  we topragyň hasyllylygyny ýokarlandyrýan bu ekin köpçülikleýin geçen ýyl, esasanam gyşlyk galladan soň aralyk ekin hökmünde ekilipdi. Sebitde ondan bol hasyl – bäş müň tonnadan gowrak mäş ýygnalypdy. Şu ýyl hem onuň her gektaryndan azyndan 15 sentner hasyl almak göz öňünde tutulýar. Ýerl...

DOWAMY
pic
4 Mar

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI YKDYSADY HYZMATDAŞLYK GURAMASYNYŇ 14-NJI SAMMITINE GATNAŞDY

2021-nji ýylyň 4-nji martynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow göni wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirilen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) 14-nji Sammitine gatnaşdy. 2021-nji ýylda YHG-da başlyklygyň Türkmenistana geçendigini bellemek zerurdyr.  “Pandemiýadan soňky döwürde sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk” atly tema boýunça geçirilen bu Sammite YHG-nyň agza ýurtlarynyň Döwlet we Hökümet Baştutanlary hem-de halkara guramalaryň, hususan-da, Energetika Hartiýasynyň w...

DOWAMY