SOŇKY HABARLAR
HYTAÝYŇ DAŞARY SYÝASAT EDARASYNYŇ ÝOLBAŞÇYSYNYŇ AŞGABADA RESMI SAPARY
2021-nji ýylyň 12-nji iýulynda Hytaý Halk Respublikasynyň Daşary işler ministri Wan Inyň Türkmenistana iki günlük resmi sapary başlandy. Saparyň çäklerinde ýurduň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn gepleşikleriň, şeýle-de iki ýurduň DIM-niň arasynda syýasy geňeşmeleriň nobatdaky tapgyrynyň geçirilmegi meýilleşdirilendir. Şunlukda, 12-nji iýulda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Hytaý Halk Respublikasynyň Daşary işler ministri Wan I bilen duşuşygy geçirildi. Işjeň ýagdaý...
TÜRKMENISTAN GARABOGAZKÖL AÝLAGYNDA KÖPRI GURMAK BOÝUNÇA HALKARA TENDER GEÇIRER
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Garabogazköl aýlagynda awtomobil köprüsini gurmak boýunça halkara tender yglan etmegi tabşyrdy. Bu tabşyrygy döwlet ýolbaşçysy sebitiň ulag-logistika infrastrukturasynyň ösüşi bilen tanyşmak üçin, Balkan welaýatyna geçiren saparynyň dowamynda berdi. Türkmen Lideri Garabogaz kölüni Hazar deňzi bilen birleşdirýän bogazyň üstünden geçýän awtomobil köprüsiniň ýanyna bardy. Bu desganyň ýagdaýy bilen tanşandan soň, döwlet Baştutany degişli ýolb...
KÖPÇÜLIKLEÝIN HABAR BERIŞ SERIŞDELERI ÜÇIN MAGLUMAT
Soňky günlerde rus köpçülikleýin habar beriş serişdeleri tarapyndan türkmen-owgan serhedindäki ýagdaýa gatnaşykda barlanylmadyk we ygtybarly bolmadyk habarlar ýaýradylýar. Hususan-da, RBK (РБК) teleýaýlymy tarapyndan, göýä Türkmenistanyň Owganystan bilen serhedine harby tehnikasyny we artileriýasyny çekýändigi babatyndaky hakykata laýyk gelmeýän maglumat ýaýradyldy, bu bolsa ýeňil şöhrata kowalaşylan wagtynda galp habardan başga zady aňladýan däldir. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň...
TÄZE UGURLAR ÖZLEŞDIRILÝÄR
Ýakyn ýyllarda ýurduň demirgazyk sebitiniň senagatynda sintetik materiallardan enjamlarda haly dokamak täze ugurlaryň biri bolar. S.A.Nyýazow etrabynda ýurduň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Halyçy gözeller» hususy kärhanasy ýörüteleşdirilen şahsy kärhana gurýar. Onda esasy halyçylyk sehinden başga-da, granullardan polipropilen sapak ýüplükler we akril sapaklar sehi, taýýar önümler ammary, dürli ähmiýetli beýleki binalar bolar. Häzir bu ýerde esasy jaýlar guruldy, onuň töweregi...
TÜRKMENISTAN WE GYRGYZYSTAN IKITARAPLAÝYN GATNAŞYKLARY IŞJEŇ ÖSDÜRÝÄR
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowyň adyndan hat gelip gowuşdy. Hatda Gyrgyzystanyň Baştutanynyň golaýda Aşgabada bolan resmi saparynyň ýokary derejede guralandygy üçin türkmen tarapyna minnetdarlyk bildirildi. Şunlukda hatda şeýle diýilýär: «Saparyň çäklerinde guralan çäreleriň, hususan-da, Siziň bilen ikitaraplaýyn duşuşyklaryň netijeli hem-de özara ynanyşmak ýagdaýynda geçmegi gyrgyz-türkmen doganlyk gatnaşyklaryny...
HEÝKELTARAŞLARYŇ BÄSLEŞIGI
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli heýkeltaraşlaryň arasynda yglan edilen halkara bäsleşigiň ýeňijileri belli edildi. Hödürlenen heýkelleriň sergisi guraldy. Dabara halypa heýkeltaraşlar, mugallymlar, talyp ýaşlar, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bilen birlikde, göni wideoaragatnaşyk arkaly bäsleşige gatnaşan daşary ýurtly heýkeltaraşlar hem gatnaşdylar. Dabarada ýurt Garaşsyzlygymyzyň şanly senesi mynasybetl...
TÜRKMENISTANYŇ ILÇISI KUWEÝT DÖWLETINIŇ PREMÝER-MINISTRINE YNANÇ HATLARYNY GOWŞURDY
2021-nji ýylyň 8-nji iýulynda Türkmenistanyň Birleşen Arap Emirliklerindäki Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Serdarmämmet Garajaýew Kuweýt Döwletiniň Premýer-ministri Şeýh Sabah Halid Al-Hamad Al-Sabaha Türkmenistanyň Kuweýt Döwletindäki (oturýan ýeri Abu-Dabi ş.) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi hökmünde ynanç hatlaryny gowşurdy. Dabara Kuweýt Döwletiniň Emiriniň Köşgünde geçirildi. Çäräniň barşynda Türkmenistanyň Ilçisi Kuweýt Döwletiniň Premýer-ministrine Türkmenistanyň Prezi...