RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
16 Sen

AŞGABATDA TÜRKMENISTANYŇ HEMIŞELIK BITARAPLYGYNYŇ ŞANLY 25 ÝYLLYGYNA HEM-DE ÝURDUMYZYŇ BMG-NIŇ BAŞ ASSAMBLEÝASYNYŇ NOBATDAKY 75-NJI SESSIÝASYNYŇ BAŞLYGYNYŇ ORUNBASARLYGYNA SAÝLANYLMAGYNA BAGYŞLANAN HALKARA MEDIA-FORUM GEÇIRILDI

2020-nji ýylyň 16-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygyna hem-de ýurdumyzyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň nobatdaky 75-nji sessiýasynyň wise-başlyklygyna saýlanylmagyna bagyşlanan halkara media-forum geçirildi. Çäre sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirildi. Bu halkara media-forum Türkmenistan tarapyndan Aziýa-Ýuwaş umman teleradiogepleşikler birleşigi (ABU) bilen bilelikde guraldy. Duşuşyga Türkmenistanyň bi...

DOWAMY
pic
16 Sen

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BILEN RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ TATARYSTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINIŇ TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIGI

2020-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanowyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Türkmen Lideri Russiýanyň iri sebitiniň ýolbaşçysyny Tatarystanyň döwlet Baştutany wezipesine geçirilen saýlawlarda gazanan ynamly ýeňşi bilen tüýs ýürekden gutlady. Munuň özi dostlukly ýurduň ýolbaşçysynyň respublikada jemgyýetçilik-syýasy durnuklylygyň we durmuş-ykdysady ösüşiň...

DOWAMY
pic
15 Sen

“BEÝIK ÖZGERTMELERIŇ ÝYL ÝAZGYLARY” NEŞIRINIŇ NOBATDAKY SANY

“Beýik özgertmeleriň ýyl ýazgylary” neşiriniň çap edilen 12-nji sany «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýen şygar astynda geçen 2018-nji ýylda döwlet Baştutanymyzyň köpugurly, netijeli syýasy we guramaçylyk işini açyp görkezýär. Makalalarda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşynda amala aşyrylýan düýpli hem-de oňyn özgertmeler, milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, ylmy-tehniki ösüşiň gazananlaryny...

DOWAMY
pic
13 Sen

NOBATDAKY ARHEOLOGIK TAPYNDYLAR TÜRKMEN PAÝTAGTYNYŇ GADYMYLYGYNY TASSYKLAÝAR

Türkmen topragynda saklanyp galan arheologik we binagärlik ýadygärlikleri biziň döwürdeşlerimize we nesillerimize entek köp zatlary gürrüň bermäge ukyplydyr. Şol ýadygärlikleriň köpüsi Beýik Ýüpek ýolunyň söwda ýollarynyň ugrunda gaýnap joşan durmuşyň şaýatlary bolupdyr. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň medeniýetine we mirasyna bagyşlanan kitaplarynda Ýewraziýanyň köp ýurtlarynyň we halklarynyň jemgyýetçilik durmuşynyň ilkinji aýdyň beýanyna öwrülen dünýä taryhy...

DOWAMY
pic
13 Sen

BIRŽA TÄZELIKLERI

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Şweýsariýa Konfederasiýasynyň, Özbegistan Respublikasynyň we Owganystan Yslam Respublikasynyň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtobenzini, az kükürtli ýangyç mazudy we binýatlyk ýagy satyn aldylar. Özbegistanly işewürler şeýle hem ýokary dykyzlykdaky polietileni satyn aldylar. Mundan b...

DOWAMY
pic
12 Sen

TÜRKMENISTANYŇ ERMENISTAN RESPUBLIKASYNDAKY ILÇISINIŇ ÝEREWAN ŞÄHER HÄKIMI BILEN DUŞUŞYGY

2020-nji ýylyň 11-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky Adatdan Daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Muhammetgeldi Aýazow bilen Ýerewan şäher häkimi Haýk Marutýan duşuşdylar. Ýerewan şäher häkimi türkmen diplomaty bilen mähirli salamlaşyp, şäher häkimliginiň gündelik alyp barýan işi we ermeni-türkmen gatnaşyklary barada umumylykda gürrüň berdi. Ilçi M.Aýazow öz gezeginde Türkmenistnyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary bilen tanyşdyryp, şu ýyl Türkmenistanyň ýubil...

DOWAMY
pic
12 Sen

TÜRKMENISTAN OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASYNDA PARAHATÇYLYGY DURMUŞA GEÇIRMEK BOÝUNÇA HEREKETLERI GOLDAÝAR

2020-nji ýylyň 12-nji sentýabrynda Katar Döwletiniň paýtagty Doha şäherinde 30-a golaý ýurduň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň, halkara guramalaryň hem-de “Talyban” hereketiniň wekilleriniň gatnaşmaklarynda owganara gepleşikleri başlandy. Türkmen wekiliýeti Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň baştutanlygynda gepleşikleriň açylyş dabarasyna wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly gatnaşdy. Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy duşuşykda çykyş edip, Türkmenistany...

DOWAMY