SOŇKY HABARLAR
2021-2025-NJI ÝYLLAR ÜÇIN TÜRKMENISTANDA ÝUNISEF-IŇ ÝURT BOÝUNÇA MAKSATNAMASYNYŇ RESMINAMASY ÝUNISEF-IŇ ÝERINE ÝETIRIJI KOMITETI TARAPYNDAN TASSYKLANYLDY
2020-nji ýylyň sentýabr aýynyň 8-11-i aralygynda geçirilen ÝUNISEF-iň ýerine ýetiriji komitetiniň ikinji nobatdaky mejlisiniň dowamynda Türkmenistanyň ýurt boýunça maksatnamasynyň resminamasy kabul edildi. ÝUNISEF-iň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyň altynjy maksatnamasynyň baş wezipesiniň biri, BMG-niň Çaganyň hukuklary hakyndaky Konwensiýasyna we Türkmenistanda çagalaryň hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça Hereketleriň Milli meýilnamasyna laýyklykda çagalaryň hukuklaryna hormat goýmak, gor...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINDE FRANSIÝANYŇ ILÇISI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 11-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň ýurdumyzdaky diplomatik işini tamamlaýan Fransiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi jenap Fransua Delaus bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň başynda türkmen tarapy türkmen-fransuz gatnaşyklarynyň ösüşine goşan goşandy we hyzmatdaşlygyň dürli ugurlaryndaky öndürijilikli işi üçin Ilçä minnetdarlyk bildirdi. Fransiýanyň Ilçisi öz gezeginde işlem...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ HEM-DE ÝAPONIÝANYŇ PREMÝER-MINISTRINIŇ ARASYNDAKY TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK
2020-nji ýylyň 10-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Ýaponiýanyň Premýer-ministri Sindzo Abeniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Milli Liderimiz hem-de ýapon Hökümetiniň Baştutany mähirli salamlaşyp, özara söhbetdeşlikde döwletara gatnaşyklaryň şu günki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçiligiň dörändigine kanagatlanma bildirdiler. Şol gatnaşyklar birek-biregi hormatlamak, deňhukuklylyk ýörelgelerine hem-de taraplaryň ö...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI HINDISTAN RESPUBLIKASYNYŇ ADATDAN DAŞARY WE DOLY YGTYÝARLY ILÇISINDEN YNANÇ HATLARYNY KABUL ETDI
2020-nji ýylyň 10-njy sentýabrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hindistan Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Widhu Pithambaran Nairi kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatlaryny gowşurdy. Diplomat wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, milli Liderimize Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Ram Nath Kowindiň we Premýer-ministri Narendra Modiniň mähirli salamyny ýetirdi. Olar netijeli türkmen-hi...
TÜRKMENISTANYŇ ERMENISTAN RESPUBLIKASYNDAKY ILÇISI BILEN ERMENISTAN RESPUBLIKASYNYŇ MILLI ÝYGNAGYNYŇ DEPUTATY BILEN DUŞUŞYGY
2020-nji ýylyň 10-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky Ilçisi Muhammetgeldi Aýazow bilen Ermenistan Respublikasynyň Milli Ýygnagynyň deputaty, Türkmenistan – Ermenistan dostluk toparynyň başlygy Aleksandr Awetisýan bilen duşuşygy boldy. Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky Ilçisi M.Aýazow ermeni deputatyny gyzgyn garşylap, Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary barada tanyşdyrdy we şu ýyl Türkmenistan BMG-nyň Baş Assambleýasy tarapyndan Bitara...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILLERI ENERGETIKA HARTIÝASYNA ŞERTNAMANY DÖWREBAPLAŞDYRMAK BOÝUNÇA TOPARYŇ GEPLEŞIKLERINE GATNAŞÝARLAR
8-nji sentýabrda Energetika Hartiýasyna Şertnamany döwrebaplaşdyrmak boýunça toparyň halkara gepleşikleriniň ikinji tapgyry öz işine başlady. Göni wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän mejlis 11-nji sentýabrda tamamlanar. Gepleşiklere türkmen tarapyndan «Türkmennebit» we «Türkmengaz» Döwlet konsernleriniň, Türkmenistanyň Daşary işler, Adalat, Maliýe we ykdysadyýet, Energetika, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrlikleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşýarlar. Mälim bolşy ýal...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ «TÜRKMENIŇ DÖWLETLILIK ÝÖRELGESI» ATLY TÄZE KITABYNYŇ TANYŞDYRYLYŞ DABARASY GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 8-nji sentýabrynda Türkmenistanyň DIM-iň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Çärä Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň wekilleri, Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň we ylmy institutlarynyň ýolbaşçylary, professor-mugallymlary hem-de talyplary, diplomatik we halkara guramalaryň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary şeýle-de KHBS-niň wekil...