SOŇKY HABARLAR
Türkmenistan bilen Ermenistanyň küşt toparlarynyň arasynda dostlykly köpri ýola goýuldy
2020-nji ýylyň 1-nji maýynda Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň Ýöriteleşdirilen küşt we şaşka mekdebinde Ermenistanyň küşt Akademiýasynyň we küşt boýunça milli federasiýasynyň hünärmenleri bilen wideo maslahat geçirildi. Wideo maslahatyň dowamynda dostlukly döwletler bilen hyzmatdaşlygy berkitmek, şol sanda sport ulgamynda gatnaşyklary ösdürmek hakynda gürrüň edildi. Sportuň küşt görnüşini ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleriň, okuw sapaklarynyň, ýaryşlaryň, köpçülikle...
BSG-NYŇ ÝEWROPA SEBITLEÝIN EDARASYNYŇ DIREKTORY BILEN DUŞUŞYK
2020-nji ýylyň 1-nji maýynda BMG-niň Aşgabatdaky wekilhanasynyň binasynda Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa sebitleýin edarasynyň direktory Hans Klýuge bilen onlaýn görnüşinde duşuşyk geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanyň Daşary işler we Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrlikleriniň wekilleri, şeýle-de BSG-nyň Aşgabatdaky ýurt boýunça edarasynyň başlygy gatnaşdylar. Işjeň ýagdaýda geçen gepleşikleriň barşynda taraplar dünýä ýurtlarynyň ählisiniň koronawirus pandemiýasyna g...
TÜRKMENISTANYŇ WE ÝUNISEF-IŇ WEKILLERI BILELIKDÄKI RESMINAMANYŇ TASLAMASYNY ARA ALYP MASLAHATLAŞMAK ÜÇIN DUŞUŞYK GEÇIRDILER
2020-nji ýylyň 1-nji maýynda Türkmenistanyň DIM-de ýurdumyzyň birnäçe ministrlikleriň we pudak edaralarynyň wekilleriniň hem-de ÝUNISEF-iň wekilleriniň arasynda Türkmenistanyň we ÝUNISEF-iň arasynda 2021-2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň Ýurt boýunça maksatnamasynyň resminamasynyň taslamasynyň ara alnyp maslahatlaşylmagy maksady bilen duşuşyk geçirildi. Türkmenistanyň Daşary işler, Bilim, Maliýe we ykdysadyýet, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrlikleriniň, Türkmenistanyň Statistika...
Magtymguly we Saýat-Nowa - Türkmen-Ermeni ylmy konferensiýasynda mirasy täzeden gözden geçirmek
2017-nji ýylyň 24-nji awgustynda Ermenistan Respublikasynyň paýtagty Ýerewan şäherinde «Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti bilen Ýerewan döwlet uniwersitetiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Ylalaşyk» baglaşyldy. Şol ylalaşygy durmuşa geçirmegiň çäklerinde ýakynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň professor-mugallymlarynyň we Ermenistan Respublikasynyň Ýerewan döwlet uniwersitetiniň Gündogary öwreniş fakultetiniň Türkologiýa kafedrasynyň müdiri, professor Ale...
Mukaddes Oraza aýynda Owganystana ynsanperwerlik kömegi
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Buýruga gol çekdi, oňa laýyklykda, mukaddes Oraza aýynyň gelmegi mynasybetli goňşy Owganystan Yslam Respublikasynyň halkyna ynsanperwer kömegi berilýär. Degişli ministrliklere we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna goňşy ýurda azyk önümlerini muzdsuz bermek tabşyryldy. Bu hoşmeýilli we sogaply çäre Türkmenistanyň hem-de onuň halkynyň parahatçylyk we ynsanperwerlik ýörelgelerine berk ygrarlydygynyň nobatdaky subutnamasydyr. Şol ýörelgeler bolsa, m...
KHBS ÜÇIN HABAR
30-njy aprelde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ABŞ-niň Döwlet sekretarynyň syýasy meseleler boýunça orunbasary Dewid Heýl bilen telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi, onuň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi bilen bagly bolan meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunlukda iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň ugry boýunça yzygiderli gatnaşyklaryň döwletara özarahereketleriniň möhüm guraly bolup durýandygy bellenilip geçildi. Häzirki ýagdaýlarda özara go...
MIGRASIÝA BOÝUNÇA HALKARA GURAMASYNYŇ WEKILI BILEN ONLAÝN DUŞUŞYK
2020-nji ýylyň 30-njy aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýewiň Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň (MHG) Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin utgaşdyryjysy, guramanyň Gazagystandaky, Gyrgyz Respublikasyndaky, Türkmenistandaky we Özbegistandaky wekilhanalarynyň ýolbaşçysy Zeýnal Gajiýew bilen onlaýn duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar adatdan daşary ýagdaýlarda halkara ulag daşamalaryny üpjün etmek boýunça Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyjyny bile...