img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
ERMENISTAN RESPUBLIKASY - ÝEREWAN
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
31 Ýan

Türkmenistanda öňdebaryjy banklaryň maddy-enjamlaýyn binýady döwrebaplaşdyrylar

Türkmenistanda maliýe ulgamyny tehnologik taýdan täzelemegiň täze tapgyryna badalga berildi. Sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurduň öňdebaryjy banklarynyň infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak boýunça teklipleri makullady. Bu iş «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2026 – 2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynyň» çäginde alnyp barylýar. Onuň esasy maksady bank ulgamyny ýokary tehnologiýaly ulgama öwürmekdir. Konse...

DOWAMY
pic
30 Ýan

Guşlar dünýäsi – Hazaryň türkmen kenarynyň bezegi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe barha pajarlap ösýän gül Watanymyzyň goýnunda Diýarymyzyň her bir sebitiniň özüne mahsus tebigy aýratynlyklary, biri-birinden tapawutlylykda gaýtalanmaýan gözellikleri bar. Ýurdumyzyň Günbatar sebitini jähekläp oturan Balkan welaýatynyň görenleri haýran galdyrýan tebigy gözellikleridir täsinlikleri, gojaman Hazar deňziniň günorta- gündogar bölegindäki suw-batgalyk ýerleri şeýle özboluşly künjekleriň biridir. Hazar döwlet tebigy goraghana...

DOWAMY
pic
29 Ýan

Magtymguly Pyraga bagyşlanan täze «Arzyman» atly kinofilm

Gündogaryň beýik şahyry we akyldary, türkmen nusgawy edebiýatynyň düýbüni tutujy Magtymguly Pyragynyň ykbaly we mirasy ynsan kalbynda baky orun alyp, ussatlaryny täze döredijilik eserleri döretmäge ruhlandyrýar. 2024-nji ýylda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy diňe bir Türkmenistanda däl, eýsem, halkara derejesinde hem giňden bellenilip geçildi. Dabaranyň çäklerinde dünýäniň dürli künjeklerinde sergiler, filmleriň ilkinji görkezilişleri we medeni çäreler guraldy. Geçen ýubileý ý...

DOWAMY
pic
27 Ýan

Önümçilik ösüşlere beslenýär

?Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 – 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň», şeýle-de «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 – 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň» çäklerinde durmuşa geçirilýän halk, Watan bähbitli, umumadamzat ähmiýetli işler Diýarymyzyň durnukly ösüşlerini şertlendirýär. Taryhy maksatnamalarda göz öňünde tutulan gurluşyk işleriniň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bed...

DOWAMY
pic
26 Ýan

TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 8 million 459 müň dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 16-sy hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Owganystanyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň telekeçileri «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen karbamidi satyn aldylar. Mundan başga-da, daşary ýurt puluna Azerbaýjanyň, Türkiýäniň, Serbiýanyň, Gyrgyzystanyň telekeçilerine portlandsement, nah ýüplük, gysga süýümli pagta, jins önümleri, buýan köküniň goýy ekstrakty ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bah...

DOWAMY
pic
24 Ýan

Türkmenistanyň Prezidenti «Türkmenistany 2026-njy ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasynyň» taslamasyny makullady

Prezident Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Gün tertibiniň esasy meseleleriniň biri «Türkmenistany 2026-njy ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasynyň» taslamasy boldy. Resminamanyň taslamasyny Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow hödürledi. Maksatnama 2028-nji ýyla çenli niýetlenen häzirki zaman strategiýalara esaslanýar we ýurduň Döwlet býujeti bilen sazlaşyklydyr....

DOWAMY
pic
24 Ýan

«Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparyna Monte-Karlo şäherinde geçirilen halkara sirk festiwalynda sirk sungatyna uly goşandy üçin halkara şahadatnamalar gowşuryldy

2026-njy ýylyň ilkinji aýy şu ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygarynyň mazmunyna laýyk üstünliklere beslenýär. Ol üstünligiň ahalteke bedewleriniň hem-de ýurdumyzyň medeni mirasynyň halkara derejede ykrar edilmegi bilen baglanyşykly bolmagy halkymyzyň buýsanjyny, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallygyny artdyrýar. Şu ýylyň 16 — 25-nji ýanwary aralygy...

DOWAMY