SOŇKY HABARLAR
YSLAMABATDA TÜRKMENISTANYŇ WE PAKISTANYŇ ARASYNDA SYÝASY GEŇEŞMELERIŇ NOBATDAKY MEJLISI GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 14-16-njy ýanwarynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredowyň ýolbaşçylygyndaky hökümet wekiliýeti iki günlik sapar bilen Yslamabatda boldy. Günüň birinji ýarymynda duşenbe güni Pakistanyň DIM-niň binasynda Türkmenistanyň we Pakistanyň arasynda daşary işler ministrleriň derejesinde syýasy geňeşmeler geçirildi. Pakistan tarapyna ýurduň Daşary işler ministri Khawaja Muhammad Asif ýolbaşçylyk etdi. Geňeşmeleriň gün tertibine...
Çöller, ösümlik we haýwanat dünýäsi milli institutynyň analitikleri ekologiýa maksatnamalaryny durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýarlar
Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky döwlet komitetiniň Çöller, ösümlik we haýwanat dünýäsi milli institutynyň (ÇÖHDMI) düzüminde bir ýyldan gowrak wagt bäri ylmy-tehniki maglumatlar we taslamalar bölümi hereket edýär. Täze bölümiň hünärmenleri ekoulgamy gorap saklamagyň we tebigy serişdelerden rejeli peýdalanmagyň dürli ulgamlarynda dünýä tejribesini seljermek bilen meşgullanýarlar. Garagumuň öri meýdanlarynda tokaýlary kemala getirmek we Köpetdagyň eteginde we dag e...
KOREÝA RESPUBLIKASYNYŇ ILÇISI YNANÇ HATYNYŇ NUSGASYNY GOWŞURDY
2018-nji ýylyň 13-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Koreýa Respublikasynyň täze Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi jenap Jin Ki Hun bilen duşuşyk boldy. Duşuşygyň barşynda taraplar gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy barada pikir alyşdylar, şeýle-de Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklary geljekde işjeňleşdirmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Syýasy gurşawdaky gazanylan ýokary netijeleri belläp, taraplar halkara guramalaryň çarçuwas...
TÜRKMENISTANYŇ WE MALAÝZIÝANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERI GELJEKDE GATNAŞYKLARY ÖSDÜRMEGIŇ MESELELERINI ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR
2018-nji ýylyň 11-nji ýanwarynda Aşgabatda Türkmenistanyň we Malaýziýanyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Malaýziýanyň wekiliýetine Daşary işler ministri Dato Sri Anifah Aman ýolbaşçylyk etdi. Duşuşygyň barşynda syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarynda, şeýle-hem energetika, ulag, bilim we syýahatçylyk pudaklarynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Özara gyzyklanma bildirilýän ähli ugurlarda ikitaraplaýyn gatnaşy...
Ýurdumyzda öndürilýän regenerirlenen süýümiň köp bölegi daşary ýurtlara ugradylýar
Aşgabadyň dokma toplumynyň düzümine girýän Abadanyň pagta egriji fabriginde bir ýarym müň tonnadan gowrak regenerirlenen süýüm öndürildi. Bir ýyldan gowrak mundan ozal, bu ýerde pudagyň egirme we dokma önümçilik kärhanalarynyň galyndylaryny gaýtadan işlemek boýunça bölüm ulanmaga tabşyryldy. Bölümde dokma galyndylarynyň ýylda 5000 tonnasyna çenlisini gaýtadan işläp bilýän “Balkan” (Türkiýe) kompaniýasynyň enjamy oturdyldy. Ýokary tehnologiki enjam dokma galyndylaryny düşekçeler, ýassyklar ýa...
2018 ýyl: Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi
“Biz 2018-nji ýyla «Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýip at berdik. Ata Watanymyz üçünji müňýyllykda täze awtomobil we demir ýollaryny, deňiz portlaryny hem-de köprüleri gurup, Beýik Ýüpek ýoluny täzeden dikeldýär” diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen halkyna Täze ýyl gutlagynda aýtdy. Diňe iri ulag desgalarynyň we ýollaryň, üstaşyr geçelgeleriň gurluşygynda däl, eýsem, beýleki desgalaryň gurluşygynda hem bu konsepsiýany durmuşa geçirýäris. Biziň Garaşs...
«RAI TRE» TÜRKMENISTANY 2018-NJI ÝYLDA “SYÝAHATÇYLYK ÜÇIN IŇ GOWY ÝER” DIÝIP YGLAN ETDI
Italýan teleýaýlymy «Rai Tre»-niň tomaşaçylardan geçiren soraglarynyň netijesinde 2018-nji ýylda syýahatçylyk üçin iň gowy ýerler kesgitlenildi. ORIENT.tm habarlar agentliginiň habar bermegine görä Türkmenistan soraglaryň '' Taryh'' ugry boýunça öňdeligi eýeledi. Habar berlişine görä, dünýäniň dürli ýurtlaryna baryp gören syýahatçy tomaşaçylaryň pikirleri teleýaýlym tarapyndan dünýäniň meşhur ýerlerinde ýazgy edilen syýahatçylyk we jahankeşdelik hakyndaky köpsanly teleýazgylardan soň öwrenildi....