SOŇKY HABARLAR
ГАЗОПРОВОД ТАПИ: ИЗ ИДЕИ В РЕАЛЬНОСТЬ
Как известно, важным аспектом энергетической стратегии Туркменистана является расширение географии экспортных маршрутов поставок туркменских энергоносителей на мировые рынки, в том числе, за счёт создания многовариантной транспортной инфраструктуры. В этой сфере реализуются крупные инвестиционные проекты, среди которых особое место занимает строительство газопровода Туркменистан-Афганистан-Пакистан-Индия (ТАПИ). О том, как продвигается данный проект, имеющий важное международное значение, мы по...
HYTAÝDAN EÝRANA TÄZE UGUR BOÝUNÇA NOBATDAKY ÝÜK OTLUSY GOÝBERILDI
2017-nji ýylyň 28-nji dekabrynda Hytaý Halk Respublikasynyň Hunan welaýatynyň dolandyryş merkezi Çanşa şäherinden Gazagystanyň we Türkmenistanyň üsti bilen Tährana çenli nobatdaky synag ýük otlusynyň goýberilişi boldy. Bu ýük otlusynyň ugry Hytaý demir ýol torunyň ulgamlarynyň, hususan-da Horgos serhetýaka geçelgesiniň, Altyn koý-Bolaşak (Gazagystan) demir ýollarynyň ugry, Türkmenistanyň Serhetýaka, Akýaýla demir ýol ulgamynyň üsti bilen soňra Tähranyň gapdalyndan geçip gidýär. Çanşa - T...
Türkmen howa ýollary Aşgabat — Ýerewan — Frankfurt ugry boýunça gatnawy açdy
Şu gün ir bilen Aşgabat — Ýerewan — Frankfurt — Ýerewan — Aşgabat ugry boýunça ilkinji gatnawy amala aşyran “Türkmenistan” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň howa kärhanasynyň “Boing-737-800” uçary türkmen paýtagtynyň Halkara howa menziline gelip gondy. Bu halkara gatnawy “Türkmenhowaýollary” gullugynyň howa uçuşlarynyň gatnaw tertibiniň üstüni ýetirdi hem-de syýahatçylygy söýýänler we işewürler üçin ajaýyp baýramçylyk sowgady boldy. Aşgabat bilen Ýerewanyň arasynda göni howa gatnawyny...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ ÝANYNDAKY DÖWLET WE HUKUK INSTITUTYNYŇ DÖREDILMEGINIŇ 10 ÝYLLYGYNA BAGYŞLANAN MASLAHAT
2017-nji ýylyň 26-njy dekabrynda Türkmenistanyň Adalat köşgüniň maslahatlar zalynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet we hukuk institutynyň döredilmeginiň 10 ýyllygyna bagyşlanan “Bitarap Türkmenistanda döwletliligiň, hukuk ulgamynyň we demokratiýanyň ösüş gadamlary” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Maslahatyň işine daşary ýurt döwletleriniň diplomatik wekilhanalarynyň we ýurdumyzda işleýän halkara guramalaryň wekilleri, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky ilçileri, şeýle hem Tür...
„Türkmengaz“ DK-nyň „Türkmengazinžiniring we gurluşyk“ müdirýetinde täze tehnologiýalar özleşdirilýär
Ägirt uly „Galkynyş“ ýatagynda burawlanan ýokary debitli skwažinalaryň bäşisinden Täze ýyla çenli bir gije-gündizde on million kub metre golaý tebigy gaz alnar. „Türkmengaz“ DK-nyň „Türkmengazinžiniring we gurluşyk“ müdirýetiniň hünärmenleri eýýäm skwažinalaryň birini işe girizdiler we dördüsini işe taýýarladylar. Konserniň hünärmenleri tehnologik enjamlary oturtdylar we skwažinalaryň agzyna turba daňdylar, olary gaz geçiriş ulgamyna birikdirdiler. „Türkmengaz“ DK-nyň hünärmenleri burawlanan skw...
BIRLEŞEN MILLETLER GURAMASYNYŇ BAŞ ASSAMBLEÝASY «DURNUKLY ÖSÜŞ MAKSATLARYNY AMALA AŞYRMAK BILEN BAGLYLYKDA ULAGLARYŇ ÄHLI GÖRNÜŞLERINIŇ ARABAGLANYŞYGYNY BERKITMEK» ATLY KARARNAMANY KABUL ETDI
2017-nji ýylyň 20-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 72-nji sessiýasynyň 74-nji mejlisinde «Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak bilen baglylykda ulaglaryň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek» atly kararnama (rezolýusiýa) Birleşen Milletler Guramasynyň ähli agza ýurtlary tarapyndan biragyzdan kabul edildi. Bu Resminama 74 sany döwlet bilelikde dörediji hökmünde çykyş etdi. Kararnamada durnukly ulagyň ornuny gowulandyrmaga we iş ýerlerini döretmegi...
AŞGABATDA TÜRKMENISTAN BILEN BIRLEŞEN ARAP EMIRLIKLERINIŇ ARASYNDAKY HYZMATDAŞLYK BOÝUNÇA BILELIKDÄKI KOMITETIŇ MEJLISI GEÇIRILDI
2017-nji ýylyň 20-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasyndaky Hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki komitetiň nobatdaky ikinji mejlisi geçirildi. Onuň işine gatnaşmak üçin Birleşen Arap Emirlikleriniň Daşary işler we halkara hyzmatdaşlyk ministri Şeýh Abdulla bin Zaýed Al Nahaýanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Türkmenistana geldi. Mejlisiň başynda taraplar bilelikde geçirilen işleriň netijelerine garadylar we 2012-nji ýylyň 7-...