SOŇKY HABARLAR
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň duşuşygyna gatnaşdy
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow GDA-nyň agza ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin iş sapary bilen Soçi (Russiýa Federasiýasy) şäherine ugrady. Aşgabadyň Halkara howa menzilinde milli Liderimizi resmi adamlar ugratdylar. Mälim bolşy ýaly, ýurdumyz Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň assosirlenen agzasy bolmak bilen, GDA-nyň işlerine işjeň gatnaşyp, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşlerde dürli ugurlar boýunça netijeli gatnaş...
TÜRKMENISTANYŇ ÝAŞULULARYNYŇ MASLAHATYNYŇ MEJLISINDE ÝURDUŇ ÖŇE GIDÝÄN ÖSÜŞINIŇ ESASY MESELELERINE GARALDY
2017-nji ýylyň 9-njy oktýabrynda Ahal welaýatynda Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň Ýaşulularynyň nobatdaky maslahaty öz işine başlady. Umumymilli maslahatda geljekde ýurduň hemmetaraplaýyn ösüşiniň, durmuş-ykdysady we demokratik özgertmeleriniň durmuşa geçirilmegi bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Maslahatyň wekilleriniň arasynda hormatly ýaşulular, Hökümet agzalary, Türkmenistanyň Mejlisiniň, m...
2018-nji ýylda Owadandepede tebigy gazdan benzin öndürýän kärhana işe giriziler
Aşgabat-Daşoguz gara ýolunyň 32-nji kilometrinde iri gazhimiýasy önümçiginiň- tebigy gazdan benzin almak boýunça zawodyň gurluşygy alnyp barylýar. Iş tabşyryjy „Türkmengaz“ Döwlet konserniniň maglumatlaryna görä, şu özboluşly ýokary tehnogiýaly kärhanada dünýäde ilkinji gezek uly möçberde tebigy gazdan suwuk ýangyç- benzin alnar. Daniýanyň «Haldor Topsoe» kompaniýasynyň tehnologiýasyna esaslanýan «GTG – Gas to gasoline» taslamasy ýylda 1 milliard 785 million kubmetr tebigy gaz gaýtadan i...
Türkmen wekiliýeti BMG-niň bosgunlaryň işi boýunça Ýokary Komissarlygynyň Maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň 68-nji mejlisiniň işine gatnaşdy
2017-nji ýylyň oktýabr aýynyň 2-6 aralygynda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajyýewyň ýolbaşçylygynda Şweýsariýanyň Ženewa şäherinde geçirilen BMG-niň bosgunlaryň işi boýunça Ýokary Komissarlygynyň Maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň 68-nji mejlisine türkmen wekiliýeti gatnaşdy. 2017-nji ýylyň 3-nji oktýabrynda türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysynyň çykyşynda, dünýä jemgyýeti tarapyndan gün tertibinde duran bosgunlar bilen bagly aktual meseleleriň biri bolan işiniň...
GRUZIÝANYŇ TÄZE «TBILISI SEA PLAZA» SÖWDA MERKEZINDE «TÜRKMENISTAN» SÖWDA DÜKANY AÇYLDY
2017-nji ýylyň 30-njy sentýabrynda Tbilisi şäherinde täze «Tbilisi Sea Plaza» söwda merkeziniň açylyş dabarasy boldy. Dabaranyň çäklerinde Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçihanasynyň ýakyndan ýardam bermeginde «Tbilisi Sea Plaza» söwda merkeziniň esasy girelgesinde ýerleşen täze, döwrebap «Türkmenistan» söwda dükany hem dabaraly ýagdaýda açyldy. «Türkmenistan» söwda dükanynda, Türkmenistanda öndürilýän önümleriň, şol sanda dokma senagatynyň harytlarynyň, haly we haly önümleriniň, milli sowgatlyklar...
RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ PREZIDENTI WLADIMIR PUTIN RESMI SAPAR BILEN TÜRKMENISTANA GELDI
2017-nji ýylyň 2-nji oktýabrynda Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin resmi sapar bilen Türkmenistana geldi. Iki dostlukly ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Aşgabadyň Halkara howa menzilinde RF-yň Baştutanyny resmi adamlar garşyladylar. Uçaryň ýanyndan uzalyp gidýän haly ýodasynyň ugrunda belent mertebeli myhmanyň gelmegi mynasybetli Hormat garawuly nyzama düzüldi. Russiýanyň Prezidentiniň awtoulag kerweni howa menzilinden motosiklçileriň hormat garawulynyň ugratmagynda...
KÖPÇÜLIKLEÝIN HABAR BERIŞ SERIŞDELERI ÜÇIN MAGLUMAT
2017-nji ýylyň 2-nji oktýabrynda Şweýsariýanyň Ženewa şäherinde BMG-niň bosgunlaryň işi boýunça Ýokary Komissarlygynyň Maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň 68-nji mejlisi öz işine başlady. Mejlisiň işine Türkmenistanyň hem wekiliýeti gatnaşýar. BMG-niň bosgunlaryň işi boýunça Ýokary Komissary F.Grandi giriş sözi bilen çykyş edip, “olimpiýaçy bosgunlara” goldaw bermegi BMG-niň bosgunlaryň işi boýunça Ýokary Komissarlygynyň Müdirligi öz hereketiniň bir ugry hökmünde kesgitländigini belle...