SOŇKY HABARLAR
Döwlet Baştutanymyzyň “Sport dostluga, saglyga we gözellige tarap ýoldur” atly täze kitabynyň tanyşdyryş dabarasy boldy
Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Sport dostluga, saglyga we gözellige tarap ýoldur” atly täze kitabynyň tanyşdyryş dabarasy boldy. Dabara Mejlisiň başlygy, hökümet agzalary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, syýasatşynaslar, sport jemgyetçiliginiň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Milli Liderimiz köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmegi dö...
Olimpiýa stadionynda V Aziadanyň ýapylyş dabarasy boldy
Şu gün paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň resmi ýapylyş dabarasy boldy. Şeýle derejedäki we örän giň möçberli çäreleri geçirmek — munuň özi örän uly jogapkärçilik bolup durýar. Aşgabat bu wezipäniň hötdesinden abraý bilen gelip, medeniýetleriň we halklaryň gatnaşyklarynyň merkezi, parahatçylyk dörediji şäher hökmünde asylly ýörelgäni ýerine ýetirdi. Tutuş ýurdumyz täze taryhynyň şanly wak...
Tegla Lorupe: Aziýa oýunlarynyň türkmen ýörelgesiniň möhüm aýratynlygy – parahatçylyk söýüjilik we hoşniýetlilikdir
Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna gatnaşan bosgunlar toparynyň ýolbaşçysy Tegla Lorupe Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna “Aşgabat 2017” oýunlaryna gatnaşmagyndaky başlangyçlary we tagallary üçin hoşallyklaryny we sagbolsunyny tüýs ýürekden beýan edip hat iberdi. Ykbalyň emri bilen biz öz Watanymyzdan uzaklara düşdük we bosgunlara öwrüldik. Dürli syýasy we ykdysady çökgünligiň netijesinde, soňky birnäçe ýylyň dowamynda bosgunlaryň hatary barha...
Olimpiýa şäherjiginde V Aziýa oýunlarynyň jemleýji ýaryşlary geçirildi
Şu gün “Aşgabat 2017” oýunlarynyň iň soňky medallar toplumlary ugrunda bäsleşikler geçirildi. Tutuşlygyna Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň jemleri boýunça Türkmenistanyň ýygyndy topary öz bäsdeşlerinden has uly tapawut bilen umumy hasapda öňdeligi eýeledi. Türgenlerimiz jemi 245 medal, şol sanda 89 altyn, 70 kümüş, 86 bürünç medal gazandylar. HHR-iň topary jemi 97, şol sanda 42 altyn, 32 kümüş, 23 bürünç medal bilen ikinji orny EYR-iň ýygyndy topary jemi 118 medal...
Medallaryň sany boýunça Türkmenistanyň ýygyndy topary öňdeligi ynamly saklaýar
Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda tamamlanmagyna bir gün galanda Olimpiýa şäherjiginiň meýdançalarynda sportuň 9 görnüşi boýunça ýaryşlar geçirildi. Watandaş türgenlerimiz sambo, kikboksing, grek-rim göreşi, küşt boýunça ýaryşlarda medallaryň 15-sine, şol sanda altyn medallaryň 4-sine mynasyp boldular. Türkmenistanyň ýygyndy topary umumy medallar sany boýunça ozalkysy ýaly birinji orny eýeläp, ýaryş sanawynda ýakyn bäsdeşlerinden artykmaçlygyny artdyrýar. Häzirki w...
TÜRKMENISTANYŇ DOPINGE GARŞY ULGAMY – V AZIÝA OÝUNLARYNYŇ ARASSALYGYNYŇ KEPILIDIR
Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň Türkmenistanda geçirilmeginde sport düzüminiň ösen ulgamy möhüm orun eýeledi. Jemgyýetiň mundan beýläk-de ösüşiniň möhüm şerti bolan sport ulgamynyň ösdürilmegine hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow yzygiderli üns berýär. Alnyp barylýan giň möçberli işleriň netijesinde, paýtagtymyzda ösen halkara ölçeglerine laýyk gelýän we ýokary derejeli ýaryşlary guramaga mümkinçilik berýän täsin sport desgalaryny özünde jemleýän toplum...
“Türkmenhowaýollary” Aşgabat-Ýerewan ugry boýunça uçuşlary ýerine ýetirmäge başlaýar
Türkmenistan bilen Ermenistanyň paýtagtlaryny baglanyşdyran ýene-de bir halkara ugur – Aşgabat-Ýerewan-Aşgabat ugry “Türkmenhowaýollary” gullugynyň howa uçuşlarynyň gatnaw tertibiniň üstüni ýetirdi. Şu ýylyň awgustynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ermenistan Respublikasyna bolan resmi saparynyň barşynda bu göni howa gatnawyny açmagyň mümkinçilikleri barada gürrüň edildi. Ýokary derejede gazanylan ylalaşyklaryň örän gysga wagtda häzirki amala aşyrylyşy taraplaryň ikisini...