RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
27 Sen

TÜRKMENISTANYŇ DOPINGE GARŞY ULGAMY – V AZIÝA OÝUNLARYNYŇ ARASSALYGYNYŇ KEPILIDIR

Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň Türkmenistanda geçirilmeginde sport düzüminiň ösen ulgamy möhüm orun eýeledi. Jemgyýetiň mundan beýläk-de ösüşiniň möhüm şerti bolan sport ulgamynyň ösdürilmegine hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow yzygiderli üns berýär. Alnyp barylýan giň möçberli işleriň netijesinde, paýtagtymyzda ösen halkara ölçeglerine laýyk gelýän we ýokary derejeli ýaryşlary guramaga mümkinçilik berýän täsin sport desgalaryny özünde jemleýän toplum...

DOWAMY
pic
27 Sen

“Türkmenhowaýollary” Aşgabat-Ýerewan ugry boýunça uçuşlary ýerine ýetirmäge başlaýar

Türkmenistan bilen Ermenistanyň paýtagtlaryny baglanyşdyran ýene-de bir halkara ugur – Aşgabat-Ýerewan-Aşgabat ugry “Türkmenhowaýollary” gullugynyň howa uçuşlarynyň gatnaw tertibiniň üstüni ýetirdi.  Şu ýylyň awgustynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ermenistan Respublikasyna bolan resmi saparynyň barşynda bu göni howa gatnawyny açmagyň mümkinçilikleri barada gürrüň edildi. Ýokary derejede gazanylan ylalaşyklaryň örän gysga wagtda häzirki amala aşyrylyşy taraplaryň ikisini...

DOWAMY
pic
26 Sen

Türkmen ýygyndy toparynyň ýeňişleri

Şu gün V Aziadanyň çäklerinde sportuň on bir görnüşi boýunça ýaryşlar geçirildi - olardan sambo, kikboksing, erkin göreş, agyr atletika, bilýard, sport tanslary boýunça türgenlerimiz 23 medala, şol sanda 6 altyn medala mynasyp boldular.  Häzirki pursada çenli Türkmenistanyň ýygyndy topary jemi 229 medala – 85 altyn, 65 kümüş we 79 bürünç medala eýe bolup, umumy hasapda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda uly tapawut bilen ynamly öňdeligi eýeleýär.  HHR-iň ýygyndy t...

DOWAMY
pic
25 Sen

Oýunlarda Türkmenistanyň gazanan medallarynyň sany 200-den aşdy

24-nji sentýabrda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda biziň ýygyndy toparymyz sportuň kikboksing, sambo, erkin göreş, agyr atletika, basketbol görnüşleri boýunça uly ýeňişleri gazandylar. Şonda olar medallaryň 13-sini, şol sanda 2 altyn medal eýelediler.  Türkmenistanyň ýygyndysy medallaryň umumy hasaby boýunça birinji orny ynamly eýeleýär. Geçirilen bäsleşikleriň jemleri boýunça türkmen türgenleri umuman 206 medallara eýe boldular. Olaryň 79-sy altyn, 58-si kümüş we...

DOWAMY
pic
25 Sen

Türkmenistan Bosgunlaryň olimpiýa toparlary hakynda jarnamany durmuşa geçirmek boýunça anyk işleri kesgitledi

Türkmenistanyň Hökümetiniň 22-nji sentýabrynda geçirilen mejlisinde habar berlişi ýalyy, Daşary işler ministrligi Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Adam hukuklary baradaky Geňeşiniň Ženewada geçirilen 36-njy maslahatynda kabul edilen «Parahatçylygy we adam hukuklaryny berkitmekde Bosgunlaryň olimpiýa toparlarynyň goşýan uly goşandyny höweslendirmek hakyndaky» Jarnamany iş ýüzünde amala aşyrmak boýunça iş alyp barýar.  Türkmen tarapy du...

DOWAMY
pic
25 Sen

Sekizinji bäsleşik gününiň jeminde biziň toparymyzda 8 altyn medalyň eýesi boldular

Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda sportuň 12 görnüşi boýunça bäsleşikler geçirildi, Türkmen türgenleri jemi – 18 medala, şol sanda 8– altyn medala mynasyp boldular. Türkmenistanyň ýygyndy topary ýaryşlaryň ähli günleriniň netijesi boýunça jemi – 193 medal, şol sanda – 77 altyn, 54- kümüş we 62- bürünç medal gazanyp, umumy hasapda birinji orunda barýar.  Guşakly göreşiň jemleýji gününde nusgawy “alyş” görnüşinde tutluşyklar geçirildi. Biziň türgenlerimiz sportuň bu g...

DOWAMY
pic
25 Sen

Öňdebaryjy lukmançylyk edaralary «Aşgabat 2017» oýunlaryna gatnaşyjylaryň we myhmanlaryň saglygynyň goragynda

Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary gije-gündiziň dowamynda myhmanlara we ýaryşlara gatnaşyjylara dürli meseleler boýunça kömek berýän ýüzlerçe hünärmenlerden işiň ýokary netijeliligini talap edýär. Şeýle giň möçberli çärelerde lukmançylyk hyzmatlarynyň ýola goýulmagy möhüm zerurlyk bolup durýar. Ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň ýokary derejeli işgärleri hut şeýle wezipeleri ýerine ýetirýärler.  Paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherçesiniň içinde we onuň ýanynda hereket edýän...

DOWAMY