RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
23 Sen

OLIMPIÝA ŞÄHERÇESINDE BOSGUNLAR TOPARYNA SOWGAT GOWŞURMAK DABARASY GEÇIRILDI

2017-nji ýylyň 22-nji sentýabrynda Hökümetiň mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Milli Olimpiýa Komitetiniň adyndan Bosgunlar toparynyň agzalaryny Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna işjeň gatnaşandyklary üçin hormatly sylaglary hem-de sowgatlary gowşurmak barada tabşyryk berip, bu çäräniň BMG-niň Adam hukuklary baradaky 36-njy maslahatynda biziň ýurdumyzyň başlangyjy boýunça kabul edilen “Bosgunlaryň olimpiýa toparlarynyň parahatçylygy we adam...

DOWAMY
pic
22 Sen

AŞGABAT ŞÄHERINDE AZIÝANYŇ OLIMPIÝA GEŇEŞINIŇ ÝERINE ÝETIRIJI KOMITETIŇ 70-NJI MEJLISI WE BAŞ ASSAMBLEÝANYŇ 36-NJY MEJLISI GEÇIRILDI

2017-nji ýylyň 19-njy sentýabrynda Aziýanyň Olimpiýa Geňeşi Aşgabat şäherinde “Olimpiýa” myhmanhanasynda Ýerine ýetiriji komitetiniň 70-nji mejlisini geçirdi. Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň Prezidenti Şeýh Ahmad Al Fahad Al Sabah sözüni Türkmenistanyň paýtagtynda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň başlanmagy mynasybetli Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň çarşenbe gününde geçiriljek Baş Assambleýasyna gatnaşýan geňeşiň agzalaryny gutlamak bilen başlady: “Meniň üçin şu ýerde Azi...

DOWAMY
pic
21 Sen

Awtobuslardaky gatnaw üçin nagt däl tölege geçmäge girişildi

Türkmenistan ilata hyzmat etmek ulgamyna täze tehnologiýalary işjeň ornaşdyrýar. Sentýabrda Aşgabadyň jemgyýetçilik ulag ulgamyna tölegiň elektron görnüşiniň girizilip başlanmagy bu ugurdaky nobatdaky ädim boldy.  Täze ulgam tiz wagtda nagt serişdeler bilen hasaplaşmagy aradan aýyrmaga mümkinçilik berer. Bu bolsa sürüjiler we ýolagçylar üçin töleg amatlyklaryny ýokarlandyrar.  Eýýäm häzirki wagtda şäheriň dürli satuw nokatlarynda elektron kartlarynyň üç görnüşi, ýagny umumy, mekdep okuwçyl...

DOWAMY
pic
21 Sen

Türkmenistanyň ýygyndysy oýunlaryň umumytoparlaýyn hasabynda ynamly öňde barýar

Türkmenistanyň ýygyndy topary Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda medallar ugrunda bäsleşmegini dowam edýär. Şu gün hem biziň türgenlerimiziň şowly çykyşlary we nobatdaky medallary bilen guwandyrdy. Guşakly göreş, taýboksy, bilýard, ýeňil atletika, kuraş göreşi boýunça ýaryşlardaky çykyşlar biziň türgenlerimize hormat münberine çykmaga ýardam etdi. Ýaryşlaryň bäşinji güni “Aşgabat 2017” oýunlary ýygyndy toparymyzyň medallarynyň üsti 38 medallar, şol sanda 10 sany altyn m...

DOWAMY
pic
20 Sen

Oýunlaryň dördünji güni Türkmenistanyň öňdeligini tassyklady

Olimpiýa şäherçesinde “Aşgabat 2017” oýunlary dowam edýär. Şu gün sportuň 11 görnüşi boýunça bäsleşikler geçirildi we olaryň bäşisinde medallar ugrundaky göreşler ýaýbaňlandyryldy. Bu gün biziň ýygyndy toparymyz sportuň guşakly göreş, jiu-jitsu we agyr atletika boýunça jemi 27 medala, şol sanda 14 altyn medala eýe boldy. Bu bolsa ýurdumyzyň toparyna umumy hasap boýunça öňdeligi saklamaga mümkinçilik berdi. Oýunlaryň ähli günleri boýunça ýygyndy toparymyz jemi 89 medala - 43 altyn, 28 kümüş we 18...

DOWAMY
pic
20 Sen

Dünýä sportunyň ýyldyzlary – “Aşgabat 2017” oýunlarynyň myhmanlary

Şu günler türkmen paýtagtynda bolýan köp sanly daşary ýurtly myhmanlaryň arasynda dünýä derejesindäki sport ýyldyzlary, şol sanda köp nesilleriň söýgüsini gazanan meşhur hokkeýçi Wladislaw Tretýak hem-de belli figuryçy Irina Rodnina hem bar.  Indi olar meşhur jemgyýetçilik işgärleri we sportuň wagyzçylarydyr. Olar sportuň ilçileri bolmak bilen dürli ýurtlarda diplomatik wezipäni ýerine ýetirýärler. W.Tretýak we I.Rodnina Türkmenistanda täze hakyky dostlaryny we muşdaklaryny tapdylar. Şoňa gör...

DOWAMY
pic
20 Sen

SPORT ULGAMYNDA TÜRKMEN-ÝAPON HYZMATDAŞLYGYNYŇ MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

2017-nji ýylyň 19-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komitetiniň başlygy T.B. Kömekow bilen Ýapyk  binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna gatnaşmak üçin Aşgabada gelen, Tokio -  2020 tomusky Olimpiýa oýunlaryna taýýarlyk görmek baradaky Ýerine ýetiriji komitetiniň prezidenti, türkmen-ýapon dostlugy parlament assosiasiýasynyň ýolbaşçysy Endo Toşiakiniň baştutanlygyndaky ýapon wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşy...

DOWAMY