SOŇKY HABARLAR
OLIMPIÝA ŞÄHERÇESINDE METBUGAT MASLAHATY GEÇIRILDI
2017-nji ýylyň 18-nji sentýabrynda Olimpiýa şäherçesiniň Media merkezinde köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri üçin metbugat maslahaty geçirildi. Maslahatyň esasy meseleleri gatnaşyklary berkitmek we Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň ýaryşlaryny şöhlelendirmek boýunça bilelikdäki tagallalaryň netijeliligini ýokarlandyrmak boldy. Duşuşyga gatnaşyjylaryň bellemegine görä Türkmenistanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň sport metbugat...
Ýaryşyň üçünji gününde Türkmenistanyň ýygyndy topary 13 sanysy altyn 25 medala eýe boldular
Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň sport ýaryşlary barha ýaýbaňlanýar. 18-nji sentýabr güni sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlaryň baýrakly orunlaryna baý boldy. Ol sportda gazanylanlaryň üstüni ýetiren Türkmenistanyň ýygyndy topary üçin hem üstünlige beslendi. Şunda dürdi derejeli baýlaklaryň 25-si, şol sanda 13 altyn, 7 kümüş we 5 bürünç medallar bilen ýurdumyzyň sportda gazananlarynyň hatary artdy. Munuň özi medallaryň umumy gazanylan hasabynda öňdebaryjylygyny...
BMG-niň adam hukuklary boýunça geňeşi Hormatly Prezidentimiziň öňe süren başlangyçlaryny goldady
Dünýä bileleşigi Şweýsariýadan gelip gowşan hoş habara ýokary baha berýär, bu ýurduň Ženewa şäherinde şu günler Birleşen Milletler Guramasynyň adam hukuklary boýunça 36-njy maslahaty geçirilýär. Onda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňe süren başlangyjy boýunça Türkmenistanyň “Parahatçylygy we adam hukuklaryny berkitmekde Bosgunlaryň olimpiýa toparlarynyň goşýan uly goşandyny höweslendirmek hakynda” Jarnama biragyzdan kabul edildi, soňra oňa Braziliýa hem goşuldy. BMG-niň a...
Olimpiýa stadionynda «Aşgabat 2017» oýunlarynyň açylyş dabarasy boldy
Paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň, birnäçe ýurtlaryň döwlet we hökümet Baştutanlarynyň, daşary ýurtlaryň belli hünärmenleriniň, halkara guramalarynyň ýolbaşçylarynyň hem-de beýleki hormatly myhmanlaryň gatnaşmagynda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň resmi açylyş dabarasy boldy. Häzirki döwürde Aşgabadyň ykrar edilen parahatçylyk söýüjilik we iri sport merkezine öwrülmegi üçin ägirt uly mümkinçilikler açylýar. Merkezi Aziýada ilkinji g...
Türkmenistanyň we Ermenistanyň Baştutanlary özara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlediler
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin paýtagtymyza gelen Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti Serž Sargsýan bilen duşuşdy. Iki ýurduň Liderleri birek-birek bilen mähirli salamlaşyp, Türkmenistanyň we Ermenistan Respublikasynyň Döwlet baýdaklarynyň öňünde surata düşdüler. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabada gelip görmäge we “Aşgabat 2017” oýunlarynyň açylyş da...
Türkmenistanyň ýygyndy topary umumy hasapda öňde barýar
Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň birinji güni tamamlandy. Oýunlaryň resmi açylyşy Aşgabatda 17-nji sentýabrda bolar, emma häzirden jiu-jitsu, türkmen milli göreşi boýunça medallar ugrunda ilkinji bäsleşikler geçirildi, futzal boýunça ýaryşlara badalga berildi. Ýaryşlaryň netijeleri boýunça Türkmenistanyň ýygyndy topary 37 medal, şolardan 16 altyn, 14 kümüş hem-de 7 bürünç medal bilen umumy hasapda öňde barýar. Ilkinji iki altyn medal jiu-jitsuwyň “duo classik” gör...
KÖPÇÜLIKLEÝIN HABAR BERIŞ SERIŞDELERI ÜÇIN MAGLUMAT
2017-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda Şweýsariýanyň Ženewa şäherinde BMG-niň adam hukuklary boýunça geňeşiniň geçýän döwründe Türkmenistanyň başlangyjy bilen kabul edilen bilelikdäki Türkmenistanyň we Braziliýanyň “Bosgunlaryň olimpik ýygyndysynyň parahatçylygy we adam hukuklaryny berkitmek boýunça gymmatly goşandyny höweslendirmek boýunça” ýüzlenmesi, dünýäniň köp sanly adam hukuklary çygryndaky daşary ýurt hökümet we halkara bilermenleri tarapyndan goldaw tapdy. Şunuň bilen, ABŞ-niň Ženewa...