SOŇKY HABARLAR
KOREÝA RESPUBLIKASYNYŇ ILÇISI YNANÇ HATYNYŇ NUSGASYNY GOWŞURDY
2018-nji ýylyň 13-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Koreýa Respublikasynyň täze Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi jenap Jin Ki Hun bilen duşuşyk boldy. Duşuşygyň barşynda taraplar gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy barada pikir alyşdylar, şeýle-de Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklary geljekde işjeňleşdirmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Syýasy gurşawdaky gazanylan ýokary netijeleri belläp, taraplar halkara guramalaryň çarçuwas...
TÜRKMENISTANYŇ WE MALAÝZIÝANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERI GELJEKDE GATNAŞYKLARY ÖSDÜRMEGIŇ MESELELERINI ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR
2018-nji ýylyň 11-nji ýanwarynda Aşgabatda Türkmenistanyň we Malaýziýanyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Malaýziýanyň wekiliýetine Daşary işler ministri Dato Sri Anifah Aman ýolbaşçylyk etdi. Duşuşygyň barşynda syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarynda, şeýle-hem energetika, ulag, bilim we syýahatçylyk pudaklarynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Özara gyzyklanma bildirilýän ähli ugurlarda ikitaraplaýyn gatnaşy...
Ýurdumyzda öndürilýän regenerirlenen süýümiň köp bölegi daşary ýurtlara ugradylýar
Aşgabadyň dokma toplumynyň düzümine girýän Abadanyň pagta egriji fabriginde bir ýarym müň tonnadan gowrak regenerirlenen süýüm öndürildi. Bir ýyldan gowrak mundan ozal, bu ýerde pudagyň egirme we dokma önümçilik kärhanalarynyň galyndylaryny gaýtadan işlemek boýunça bölüm ulanmaga tabşyryldy. Bölümde dokma galyndylarynyň ýylda 5000 tonnasyna çenlisini gaýtadan işläp bilýän “Balkan” (Türkiýe) kompaniýasynyň enjamy oturdyldy. Ýokary tehnologiki enjam dokma galyndylaryny düşekçeler, ýassyklar ýa...
2018 ýyl: Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi
“Biz 2018-nji ýyla «Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýip at berdik. Ata Watanymyz üçünji müňýyllykda täze awtomobil we demir ýollaryny, deňiz portlaryny hem-de köprüleri gurup, Beýik Ýüpek ýoluny täzeden dikeldýär” diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen halkyna Täze ýyl gutlagynda aýtdy. Diňe iri ulag desgalarynyň we ýollaryň, üstaşyr geçelgeleriň gurluşygynda däl, eýsem, beýleki desgalaryň gurluşygynda hem bu konsepsiýany durmuşa geçirýäris. Biziň Garaşs...
«RAI TRE» TÜRKMENISTANY 2018-NJI ÝYLDA “SYÝAHATÇYLYK ÜÇIN IŇ GOWY ÝER” DIÝIP YGLAN ETDI
Italýan teleýaýlymy «Rai Tre»-niň tomaşaçylardan geçiren soraglarynyň netijesinde 2018-nji ýylda syýahatçylyk üçin iň gowy ýerler kesgitlenildi. ORIENT.tm habarlar agentliginiň habar bermegine görä Türkmenistan soraglaryň '' Taryh'' ugry boýunça öňdeligi eýeledi. Habar berlişine görä, dünýäniň dürli ýurtlaryna baryp gören syýahatçy tomaşaçylaryň pikirleri teleýaýlym tarapyndan dünýäniň meşhur ýerlerinde ýazgy edilen syýahatçylyk we jahankeşdelik hakyndaky köpsanly teleýazgylardan soň öwrenildi....
ГАЗОПРОВОД ТАПИ: ИЗ ИДЕИ В РЕАЛЬНОСТЬ
Как известно, важным аспектом энергетической стратегии Туркменистана является расширение географии экспортных маршрутов поставок туркменских энергоносителей на мировые рынки, в том числе, за счёт создания многовариантной транспортной инфраструктуры. В этой сфере реализуются крупные инвестиционные проекты, среди которых особое место занимает строительство газопровода Туркменистан-Афганистан-Пакистан-Индия (ТАПИ). О том, как продвигается данный проект, имеющий важное международное значение, мы по...
HYTAÝDAN EÝRANA TÄZE UGUR BOÝUNÇA NOBATDAKY ÝÜK OTLUSY GOÝBERILDI
2017-nji ýylyň 28-nji dekabrynda Hytaý Halk Respublikasynyň Hunan welaýatynyň dolandyryş merkezi Çanşa şäherinden Gazagystanyň we Türkmenistanyň üsti bilen Tährana çenli nobatdaky synag ýük otlusynyň goýberilişi boldy. Bu ýük otlusynyň ugry Hytaý demir ýol torunyň ulgamlarynyň, hususan-da Horgos serhetýaka geçelgesiniň, Altyn koý-Bolaşak (Gazagystan) demir ýollarynyň ugry, Türkmenistanyň Serhetýaka, Akýaýla demir ýol ulgamynyň üsti bilen soňra Tähranyň gapdalyndan geçip gidýär. Çanşa - T...