img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
ERMENISTAN RESPUBLIKASY - ÝEREWAN
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
28 Dek

Türkmen howa ýollary Aşgabat — Ýerewan — Frankfurt ugry boýunça gatnawy açdy

Şu gün ir bilen Aşgabat — Ýerewan — Frankfurt — Ýerewan — Aşgabat ugry boýunça ilkinji gatnawy amala aşyran “Türkmenistan” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň howa kärhanasynyň “Boing-737-800” uçary türkmen paýtagtynyň Halkara howa menziline gelip gondy.  Bu halkara gatnawy “Türkmenhowaýollary” gullugynyň howa uçuşlarynyň gatnaw tertibiniň üstüni ýetirdi hem-de syýahatçylygy söýýänler we işewürler üçin ajaýyp baýramçylyk sowgady boldy.  Aşgabat bilen Ýerewanyň arasynda göni howa gatnawyny...

DOWAMY
pic
27 Dek

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ ÝANYNDAKY DÖWLET WE HUKUK INSTITUTYNYŇ DÖREDILMEGINIŇ 10 ÝYLLYGYNA BAGYŞLANAN MASLAHAT

2017-nji ýylyň 26-njy dekabrynda Türkmenistanyň Adalat köşgüniň maslahatlar zalynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet we hukuk institutynyň döredilmeginiň 10 ýyllygyna bagyşlanan “Bitarap Türkmenistanda döwletliligiň, hukuk ulgamynyň we demokratiýanyň ösüş gadamlary” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Maslahatyň işine daşary ýurt döwletleriniň diplomatik wekilhanalarynyň we ýurdumyzda işleýän halkara guramalaryň wekilleri, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky ilçileri, şeýle hem Tür...

DOWAMY
pic
25 Dek

„Türkmengaz“ DK-nyň „Türkmengazinžiniring we gurluşyk“ müdirýetinde täze tehnologiýalar özleşdirilýär

Ägirt uly „Galkynyş“ ýatagynda burawlanan ýokary debitli skwažinalaryň bäşisinden Täze ýyla çenli bir gije-gündizde on million kub metre golaý tebigy gaz alnar. „Türkmengaz“ DK-nyň „Türkmengazinžiniring we gurluşyk“ müdirýetiniň hünärmenleri eýýäm skwažinalaryň birini işe girizdiler we dördüsini işe taýýarladylar. Konserniň hünärmenleri tehnologik enjamlary oturtdylar we skwažinalaryň agzyna turba daňdylar, olary gaz geçiriş ulgamyna birikdirdiler. „Türkmengaz“ DK-nyň hünärmenleri burawlanan skw...

DOWAMY
pic
23 Dek

BIRLEŞEN MILLETLER GURAMASYNYŇ BAŞ ASSAMBLEÝASY «DURNUKLY ÖSÜŞ MAKSATLARYNY AMALA AŞYRMAK BILEN BAGLYLYKDA ULAGLARYŇ ÄHLI GÖRNÜŞLERINIŇ ARABAGLANYŞYGYNY BERKITMEK» ATLY KARARNAMANY KABUL ETDI

2017-nji ýylyň 20-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 72-nji sessiýasynyň 74-nji mejlisinde «Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak bilen baglylykda ulaglaryň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek» atly kararnama (rezolýusiýa) Birleşen Milletler Guramasynyň ähli agza ýurtlary tarapyndan biragyzdan kabul edildi. Bu Resminama 74 sany döwlet bilelikde dörediji hökmünde çykyş etdi. Kararnamada durnukly ulagyň ornuny gowulandyrmaga we iş ýerlerini döretmegi...

DOWAMY
pic
20 Dek

AŞGABATDA TÜRKMENISTAN BILEN BIRLEŞEN ARAP EMIRLIKLERINIŇ ARASYNDAKY HYZMATDAŞLYK BOÝUNÇA BILELIKDÄKI KOMITETIŇ MEJLISI GEÇIRILDI

2017-nji ýylyň 20-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasyndaky Hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki komitetiň nobatdaky ikinji mejlisi geçirildi. Onuň işine gatnaşmak üçin Birleşen Arap Emirlikleriniň Daşary işler we halkara hyzmatdaşlyk ministri Şeýh Abdulla bin Zaýed Al Nahaýanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Türkmenistana geldi. Mejlisiň başynda taraplar bilelikde geçirilen işleriň netijelerine garadylar we 2012-nji ýylyň 7-...

DOWAMY
pic
13 Dek

BMG-NIŇ ÝEWROPA YKDYSADY KOMISSIÝASYNYŇ ÝERINE ÝETIRIJI SEKRETARY BILEN DUŞUŞYK

2017-nji ýylyň 11-nji dekabrynda Aşgabatda Türkmenistanyň Daşary işler Ministriniň BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň Ýerine ýetiriji sekretary, BMG-niň Baş sekretaryň orunbasary Olga Algaýerowa bilen duşuşygy boldy. Türkmenistan bilen Ýewropa ykdysady komissiýasynyň arasynda hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň ähmiýetliligine laýyklykda dürli ugurlada hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistan bilen BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň arasyndak...

DOWAMY
pic
11 Dek

“MERKEZI AZIÝA ÜÇIN ÖŇÜNI ALYŞ DIPLOMATIÝASY BOÝUNÇA SEBIT MERKEZI: SEBITDE PARAHATÇYLYK WE GÜLLÄP ÖSÜŞ MAKSATLARYNDA MERKEZI AZIÝA BILEN 10 ÝYL HYZMATDAŞLYK” ATLY HALKARA MASLAHATY

2017-nji ýylyň 11-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda  Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit Merkeziň açylmagynyň 10 ýyllygyna bagyşlanyp “Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkezi: sebitde parahatçylyk we gülläp ösüş maksatlarynda Merkezi Aziýa bilen 10 ýyl hyzmatdaşlyk” atly halkara maslahaty geçirildi. Maslahatyň işine gatnaşmak üçin daşary ýurtlaryň diplomatik missiýalarynyň ýolbaşçylary we halkara guramalarynyň Türkmenistanda akkre...

DOWAMY