SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ DIM-NIŇ HGI-NDA «HALKARA GATNAŞYKLARYNDA BITARAPLYK SYÝASATY WE ÖŇÜNI ALYŞ DIPLOMATIÝASY: TÜRKMENISTANYŇ TEJRIBESI WE ONUŇ ÄHMIÝETI» ATLY HALKARA MASLAHATY GEÇIRILDI
2017-nji ýylyň 11-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň binasynda «Halkara gatnaşyklarynda Bitaraplyk syýasaty we öňüni alyş diplomatiýasy: Türkmenistanyň tejribesi we onuň ähmiýeti» atly halkara maslahaty we Halkara Bitaraplyk gününe bagyşlanan sergisi geçirildi. Maslahatyň işine Mejlisiň deputatlary, ýurduň degişli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň işgärleri, ýurtda işleýän dip...
ÝUNESKO “KÜŞTDEPDI” MILLI SUNGATYNYŇ MADDY DÄL MEDENI MIRASYNYŇ REPREZENTATIW SANAWYNA GIRIZILMEK BARADAKY ÇÖZGÜDI KABUL ETDI
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde gatnaşyjylara ýüzlenip, aýdym aýtmagyň we tans etmegiň “Küştdepdi” milli sungatynyň ÝUNESKO-nyň maddy däl medeni mirasynyň Reprezentatiw sanawyna girizilendigi baradaky hoş habary aýtdy. Bu çözgüt 2017-nji ýylyň 7-nji dekabrynda Çeju şäherinde (Koreýa Respublikasy) Maddy däl medeni mirasy gorap saklamak boýunça hökümetara komitetiniň 12-nji mejlisiniň barşynda biragyzdan kabul edildi. Bu çözgü...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI ÝHHG-NIŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ GEŇEŞINIŇ MEJLISINE GATNAŞDY
2017-nji ýylyň 7-8-nji dekabrynda Türkmenistanyň wekiliýeti Awstriýanyň Wena şäherinde geçirilen ÝHHG-niň agza döwletleriniň Daşary Işler Ministrleriniň Geňeşiniň 24-nji mejlisine gatnaşdy. ÝHHG-de häzirki wagtda başlyklyk edýän Awstriýanyň Daşary işler ministri S.Kurtsyň ýolbaşçylygynda geçirilen Ministrler Geňeşiniň işine guramanyň 57 agza hem-de 11 hyzmatdaş ýurtlarynyň daşary syýasy edaralarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Ministrler Geňeşiniň mejlisiniň dowamynda ÝHHG agza döwletlerindäki...
Türkmenistanyň we Ýewropa bileleşiginiň wekilleri hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meselelerine seretdiler
2017-nji ýylyň 6-njy dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Ýewropa bileleşiginiň Russiýa Federasiýasy, Gündogar hyzmatdaşlygy, Merkezi Aziýa, Sebitleýin hyzmatdaşlygy we ÝHHG boýunça Ýewropa gullugynyň daşary syýasat işi boýunça Direktoratynyň ýolbaşçysy Lýuk Pýer Dewiniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň gün tertibine ikitaraplaýyn gyzyklanma bildirilýän dürli ugurlardaky hyzmatdaşlygyň meseleleri goşuldy. ÝB-niň institutlary we döwletleri bilen h...
Türkmenistanyň başlangyjy bilen kabul edilen ýagny 12-nji Dekabr Halkara Bitaraplyk GÜNI diýip, BMG-syň Baş Assambleýasy tarapyndan yglan edilendigi sebäpli Türkmenistanyň Ermenistandaky Ilçihanasy tarapyndan gurnalyp geçirilen BRIFING
2017-nji ýylyň 1-nji dekabrynda Türkmenistanyň Ermenistandaky Ilçihanasy tarapyndan ermenistanyň “Noýan Tapan” habar beriş agentliginde Türkmenistanyň başlangyjy bilen kabul edilen, ýagny 12-nji Dekabr Halkara Bitaraplyk GÜNI diýip, BMG-syň Baş Assambleýasy tarapyndan yglan edilendigi sebäpli brifing gurnalyp geçirildi. Bellenilip geçilen çäre Ermenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary, diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary, diplomatlar, Daşary işler ministrligiň işgärleri, ýokary oku...
Türkmenistanda Halkara Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasynyň mejlisi açyldy
Şu gün paýtagtymyzdaky “Oguzkent” myhmanhanasynyň mejlisler zalynda Halkara Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasynyň mejlisi açyldy, şu ýyl Türkmenistan bu Konferensiýa başlyklyk edýär. Maslahata Konferensiýa gatnaşyjy döwletleriň we synçy ýurtlaryň, iri halkara we sebit guramalarynyň birnäçesiniň ugurdaş ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşýarlar. Türkmen paýtagty özünd...
Türkmenistan - ÝHHG: häzirki zamanyň möhüm meseleleri boýunça doly derejeli gepleşiklere
Şu gün Türkmenistanyň Mejlisinde Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) Baş sekretary Tomas Greminger bilen duşuşyk geçirildi, ol ýurdumyza Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasynyň 28-nji mejlisine gatnaşmak üçin geldi. Türkmenistanyň 2017-nji ýylda energetika Hartiýasynyň Konferensiýasynda başlyklyk etmeginiň barşynda halkara hyzmatdaşlygyň netijeli uzakmöhletleýin nusgalaryny işläp taýýarlamagyň möhüm ugurlary gyzyklanma bildirilip pikir alyşmalaryň meselesi boldy, duşuşyk...