img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
ERMENISTAN RESPUBLIKASY - ÝEREWAN
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
28 Iýul

Ýerine ýetiriji komitet Türkmenistanda petek satuwlaryny “Açyk” diýip yglan edýär

Türkmenistanda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary üçin petekleriň satuwy şenbe güni, 29-njy iýulda başlaýar. 220 sport ýaryşy üçin 700 000-den gowrak petek satylar. Tomaşaçylar sportuň 21 görnüşi boýunça Aziýanyň we Okeaniýanyň ussat türgenleriniň arasynda 12 günüň dowamynda geçiriljek ýaryşlara tomaşa edip bilerler. Tomaşaçylar ýaryşlaryň rejesinde görkezilen ähli sport ýaryşlaryny, şol sanda seçilip alynýan ýaryşlary we final tapgyrlary barada maglumaty öwrenip, isleg...

DOWAMY
pic
13 Iýun

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterreşiň arasyndaky gepleşikler

Türkmen paýtagtynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterreşiň arasynda gepleşikler geçirildi. Irden belent mertebeli myhman özi üçin niýetlenen kabulhanadan “Oguzhan” köşkler toplumyna ugrady. Bu ýerde BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterreşi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mähirli garşylaýar. Döwlet Baştutanymyz hem-de iri halkara guramanyň ýolbaşçysy mähirli salamlaşyp, köşgüň eýwanyna tarap ugrad...

DOWAMY
pic
12 Iýun

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow EKSPO-2017-de Türkmenistanyň sergi merkezini açdy

10.06.2017 Ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, ylmy edaralarynyň hem-de önümçilik kärhanalarynyň birleşdirilen iri möçberli sergisiniň ýaýbaňlandyrylan EKSPO-2017 sergiler toplumynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň birinji orunbasary Askar Mamin garşylady.  Biziň sergi merkezimiziň ýöriteleşdirilen halkara sergisinde ilkinji bolup açylyp, oňa gatnaşýan dürli ýurtlardan bolan žurnalistleriň, ilçileriň we diplom...

DOWAMY
pic
20 Maý

Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Şawkat Mirziýoýew hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny kesgitlediler

?Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we düýn ýurdumyza iş sapary bilen gelen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda gepleşikler geçirildi. Ýokary derejedäki nobatdaky ikitaraplaýyn gepleşikler iki goňşy ýurduň netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga we giňeltmäge çalyşýandygynyň hem-de uly gyzyklanma bildirýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Bu hyzmatdaşlygyň esasyny dostluk gatnaşyklary, özara bähbitli hem-de deňhu...

DOWAMY
pic
19 Maý

Türkmenistanyň Prezidenti Konstitusiýa we Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli dabaralara gatnaşdy

18.05.2017 Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanda milli senenamamyzyň iň şanly seneleriniň biri — Konstitusiýanyň we Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni bellenilýär. Esasy Kanunymyzyň kabul edilen gününi hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününi birleşdirýän ählihalk baýramy türkmen halkynyň ruhy we demokratik ýörelgeleriniň dowamatlylygyny özünde jemleýär, milli bitewüligi hem-de agzybirligi dabaralandyrýar. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň kabul edileni bäri 25 ýyl geçdi. Ol milli döwletlilig...

DOWAMY
pic
4 Maý

Ulag we logistika boýunça Halkara maslahaty

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ulag we logistika boýunça Halkara maslahatyna gatnaşyjylara gutlag hatyny iberdi Gutlagda şeýle diýilýär: Sizi «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän ulag we logistika boýunça halkara maslahatynyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Siziň bilşiňiz ýaly, 2016-njy ýylyň noýabrynda Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan Aşgabat şäherinde Durnukly ulag ulgamy boýunça I Ählumumy maslahat geçirildi. Bu maslahata gatnaşyjylar m...

DOWAMY
pic
21 Mar

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Garaşsyz Bitarap Türkmenistanyň halkyny Halkara Nowruz güni bilen gutlady

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna Mähriban halkym! Eziz watandaşlar! Sizi dünýä halklarynyň, şol sanda türkmen halkynyň hem özboluşly medeniýetiniň ruhy-ahlak gymmatlyklaryny, taryhy-medeni däplerini şöhlelendirýän Halkara Nowruz güni — Milli bahar baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýylynda bu ajaýyp bahar baýramynyň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň dünýä ýaň salýan at-abraýyna, şan-şöhratyna çäksiz buýsanýan mähriban halkymyzyň...

DOWAMY