img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
ERMENISTAN RESPUBLIKASY - ÝEREWAN
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
21 Mar

Halkara Nowruz güni mynasybetli dabaralar

Türkmenistanlylar Milli bahar baýramyny hem-de Halkara Nowruz gününi köpöwüşginli dabaralar, şatlyk-şagalaň we ruhubelentlik, iň ýagşy umyt-arzuwlar bilen garşyladylar. Şu günüň esasy wakalary Mary şäherinde, köpçülikleýin medeni çäreleriň guralýan ýeri bolan “Türkmeniň ak öýi” binasynyň golaýyndaky meýdançada geçirildi. Nowruz baýramy mynasybetli guralan dabara gatnaşmak üçin bu ýere Mejlisiň Başlygy, hökümetiň agzalary, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, Türkmenistanda işleýän di...

DOWAMY
pic
16 Mar

Dohadaky gepleşikler

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Katar Döwletine döwlet saparynyň ikinji, jemleýji güni boldy. Ozal habar berlişi ýaly, düýn Dohada ýokary derejede türkmen-katar gepleşikleri geçirilip, uly üstünlige eýe boldy. Dostlukly döwletleriň Liderleriniň nobatdaky duşuşygynyň jemleri hyzmatdaşlykda toplanan oňyn tejribäni hem-de bar bolan uly mümkinçilikleri nazara almak bilen, taraplaryň döwletara gatnaşyklaryna hil taýdan täze mazmun bermäge çalyşýandygyny tassyklady....

DOWAMY
pic
18 Ýan

Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky Ilçihanasynyň BILDIRIŞI

Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky Ilçihanasynyň BILDIRIŞI   2017-nji ýylyň 12-nji fewralynda Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary geçirilýär Ermenistan Respublikasynyň çäklerinde bolýan ähli Türkmenistanyň raýatlaryny Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryna gatnaşmak üçin Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky Ilçihanasynyň ýanynda döredilen №1 belgili  saýlaw uçastogyna ses bermäge çagyrýarys. 2017-nji ýylyň 12-nji fewraly ýerli wagt bilen 7:00-dan 19:00-...

DOWAMY
pic
4 Ýan

KÖPÇÜLIKLEÝIN HABAR BERIŞ SERIŞDELERI ÜÇIN MAGLUMAT

Eýranyň milli gaz kompaniýasynyň (EMGK) resmi internet saýtynda ýerleşdirilen maglumatyna degişlilikde, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi şu aşakdakylary belleýär. EMGK-niň esassyz we obýektiw bolmadyk maglumatyna öz tarapymyzdan Kompaniýanyň türkmen tarapyna bolan bergisini üzmek bilen bagly meselede hemmäni ýalňyş pikire ugrukdyrmak synanyşygy hökmünde garaýarys.  Hususan hem, «Türkmengaz» Döwlet konserni tarapyndan üpjün edilýän gazyň hili we möçberi bilen bagly şertnamanyň düzgün...

DOWAMY
pic
3 Ýan

KÖPÇÜLIKLEÝIN HABAR BERIŞ SERIŞDELERI ÜÇIN MAGLUMAT

Soňky günlerde Eýranyň we beýleki döwletleriň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde gaz pudagyndaky türkmen-eýran gatnaşyklaryna degişli dürli maglumatlar beýan edilýär. Olaryň käbirinde 2017-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda Eýranyň  türkmen gazy bilen üpjün edilmeginiň «duýdansyz we ikitaraplaýyn ylalaşyga gabat gelmän» bes edilmegi barada gürrüň edilýär. Beýleki neşirlerde bolsa, tersine «Eýran Türkmenistan bilen türkmen gazynyň akdyrylmagy barada 5 ýyllyk ylalaşyga gol çekdi»-diýlip, bellenilýär...

DOWAMY
pic
5 Noý

DURNUKLY ULAG ULGAMY BOÝUNÇA ÄHLUMUMY MASLAHATY

Ulag pudagynda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek häzirki döwürde Dünýä ösüşiniň gün tertibiniň esasy ugry. Ulag pudagynda ulgamlaýyn we anyk maksada gönükdirilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň zerurlygy Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň birnäçe kararnamasynda, hususan-da, 2015-nji ýylyň 22-nji dekabrynda kabul edilen «Durnukly köpugurly ulag-üstaşyr geçelgeleriniň döredilmegine ýardam bermek maksady bilen, ulaglaryň ähli görnüşleriniň arasynda hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygyň üpjün ed...

DOWAMY
pic
8 Iýul

Ilçihana tarapyndan “NOYAN TAPAN HIGHLIGHTS” gazetinde makala çapdan çykaryldy

Türkmenistanda döwlet derejesinde gurnalyp geçirilýän möhüm jemgyýetçilik syýasy wakalary, Bitarap Türkmenistanyň oňyn daşary syýasatyny, gadymy medeniýetini, asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan baý taryhymyzy hem-de türkmen halkynyň däp-dessurlary barada bolýan ýurdumyzda giň halk köpçüligine ýaýratmak barada Ilçihana tarapyndan dowamly işler geçirilýär. Garaşsyz hem Bitarap Türkmenistanyň şanly 25 ýyllygynyň Watanymyzda we daşary ýurtlarda belentden dabaralanýan ýylynda we Türkmenistanyň Hor...

DOWAMY