img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
ERMENISTAN RESPUBLIKASY - ÝEREWAN
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
4 Sen

Gaagada Türkmenistanyň we Niderlandlar Patyşalygynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi

2026-njy ýylyň 3-nji sentýabrynda Gaaga şäherinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Niderlandlar Patyşalygynyň Daşary işler ministri Tom Berendsen bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar türkmen-niderland gatnaşyklarynyň yzygiderli ösdürilýändigini kanagatlanma bilen belläp, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlardaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge gyzyklanma bildirdiler. Şunuň bilen baglylykda, sebit we halkara gün terti...

DOWAMY
pic
2 Sen

Aşgabatda biodürlüligi gorap saklamak boýunça milli seminar geçirilýär

2026-njy ýylyň 2-nji sentýabrynda Aşgabatda BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň (BMGÖM) we Ählumumy ekologiýa gaznasynyň biodürlüligi gorap saklamak boýunça Milli strategiýany we Hereketleriň meýilnamalaryny täzelemek hem-de Biodürlülik hakynda BMG-niň Konwensiýasy boýunça Ýedinji milli hasabaty taýýarlamak boýunça Ählumumy taslamasynyň çäklerinde milli seminar geçirilýär. Çäre Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi bilen hyzmatdaşlykda, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň goldawy b...

DOWAMY
pic
31 Awg

TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 7 million 274 müň dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 8-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň we Owganystanyň işewür toparlarynyň wekillerine pagta ýagy, bugdaý uny, ýorgan-düşek daşlyklarynyň toplumlary, nah mata, pagta süýümi, çig ýüpek ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 7 million 274 müň dollaryndan gowrak boldy. Ýurdumyzyň işewürleri içerki bazar üçin bahasy 8 million 212 müň manatdan gowrak bolan nah ýü...

DOWAMY
pic
31 Awg

Türkmenistanyň we Bütindünýä Tebigaty Goramak Gaznasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi

2026-njy ýylyň 31-nji awgustynda wideoaragatnaşyk görnüşinde Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi bilen Bütindünýä Tebigaty Goramak Gaznasynyň (WWF) arasynda daşky gurşawy goramak babatda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekmek dabarasy geçirildi. Resminama Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministri Öwezgeldi Goşjanow we WWF-niň Gündogar, Merkezi Aziýa we Ýuwaş ummany sebitleri boýunça sebit direktory Žan-Pol Paddak tarapyndan gol çekildi. Ähtnama biodürliligi goramak, t...

DOWAMY
pic
31 Awg

Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň Daşary işler ministrini kabul etdi

2026-njy ýylyň 30-njy awgustynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýanyň Daşary işler ministri Toşimisu Motegini kabul etdi. Toşimisu Motegi wagt tapyp kabul edendigi we bildirilen myhmansöýerlik üçin döwlet Baştutanymyza hoşallygyny beýan edip, Ýaponiýada Türkmenistana ygtybarly hyzmatdaş hökmünde garalýandygyny we özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmäge möhüm ähmiýet berilýändigini belledi. Ýaponiýanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Ýaponiýanyň Imperatory Naruhito...

DOWAMY
pic
30 Awg

Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň Daşary işler ministrleriniň duşuşygy geçirildi

2026-njy ýylyň 30-njy awgustynda Türkmenistanyň DIM-niň binasynda Türkmenistana iş sapary bilen gelen Ýaponiýanyň Daşary işler ministri Toşimitsu Motegi bilen Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetleriň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlaryndaky häzirki ýagdaýyny hem-de geljekki ösüş mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şunda dö...

DOWAMY
pic
29 Awg

Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisini kabul etdi

2026-njy ýylyň 28-nji awgustynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şener Jebejini kabul etdi. Ol döwlet Baştutanyna  ynanç hatyny gowşurdy. Ilçi duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, ata Watany Türkmenistanda Türkiýe Respublikasyna wekilçilik etmegiň özi üçin uly hormatdygyny belledi hem-de mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Rejep Taýyp Ärdoganyň...

DOWAMY