Tokaýlar hakda aladalar

photo

Türkmenistanyň Oba hojalygy we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Daşoguz welaýat tokaý hojalygynyň işgärleri ýurdumyzyň demirgazygyndaky tokaýlaryň genetika goruny we biologik köpdürlüligini saklap goramak babatdaky işleri yzygiderli amala aşyrýarlar.

Daragtlaryňdyr gyrymsy agaçlaryň tohumlarynyň ýygnalmagy, tokaý zolaklaryny yzygiderli giňeltmekde, olaryň goruny we biologik köpdürlüligini saklap goramakda möhüm ähmiýeti bolan jogapkärli işleriň biridir. Şu ýylyň güýzünde-de hojalygyň hünärmenleri ýaprakly, pürli we miweli daragtlaryň tohumlaryny ýygnamak boýunça işleri üstünlikli amala aşyrdylar. Taýýarlanan ýüzlerçe kilogram tohumlar hojalygyň nahalhanalaryny-da tohum bilen üpjün eder. Ýakyn wagtda olar gorag zolaklaryny döretmekde giňden ulanylýan ýerli ekoulgamyň deňagramlylygyny saklamakda möhüm ähmiýetli sazak tohumyny ýygnamak boýunça işleri-de guramaçylykly geçirerler.

Tokaýlary goramak, olary degerli derejede saklamak we täze tokaý zolaklaryny döretmek boýunça Daşoguz welaýatynda alnyp barylýan işler sebitde ekologik ýagdaýy mundan beýläk hem gowulandyrmaga ýardam edýän köp ugurly işlerin biridir. Bu ulgamda döwlet tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýän uly taslmalaryň arasynda Sarygamyş kölüniň sag kenarynda, Bötendagda ýerli ösümlik hem-de haýwanat dünýäsiniň baýlaşmagyna ýardam edýän iri tokaý zolagyny bellemek gerek. Bu ýerde türkmen alymlarynyň maslahatlary esasynda, şorlaşma durnukly we toprak berkidiji ösümlikler, şol sanda ak we gara sazak, çerkez, gandym we beýleki ösümlikler ekildi.

https://turkmenistan.gov.tm/tk/habar/67259/tokaylar-hakda-aladadar