Türkmenistanyň Ermenistandaky Ilçisi Ýerewan Döwlet uniwersitetiniň prorektory bilen duşuşdy

2023-nji ýylyň 21-nji fewralynda Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi M.Aýazow bilen Ýerewan Döwlet uniwersitetiniň ösüş we innowasiýalar boýunça prorektory Mikael Owannisýanyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşyga agzalan uniwersitetiň Halkara hyzmatdaşlyk müdirliginiň başlygy, professor Aleksandr Markarow hem gatnaşdy. Duşuşygyň başynda M.Owannisýan Ýerewan Döwlet uniwersiteti barada gürrüň berdi. Häzirki wagtda uniwersitetde dünýäniň dürli ýurtlaryndan bolan talyplary toparlaýyn çekmek we olara ýokary bilim bermek boýunça uly tagallalar edilýär. Toparlaýyn bilim alýan daşary ýurt talyplarynyň belli bir bölegine talyp haklaryny almaga hem mümkinçilik döredilýär. Uniwersitetde 600-den gowrak dersler boýunça daşary ýurt dillerinde sapak berilýär. Bu ýokary okuw jaýy dünýäniň abraýly uniwersitetler ýygyndysynyň ýokarky müňlügine girizildi.
Ilçi M.Aýazow berlen giňişleýin maglumat üçin minnetdarlyk bildirdi, hem-de bu uniwersitetiň Türkmenistanyň ýokary okuw jaýlary bilen hem gatnaşyklarynyň ýokary dereje alnyp barylýandygy barada belläp geçdi. Ýerewan döwlet uniwersitetiniň professor-mugallymlary birnäçe gezek Türkmenistanda bolup we wideoaragatnaşyk arkaly türkmen talyplarynyň öňünde dürli ugurlar boýunça leksiýalar bilen çykyş etdiler.
Ilçi öz gezeginde Ermenistan Respublikasynyň Bilim, ylym, medeniýet we sport ministri Žanna Andreasýan bilen geçirilen duşuşykda hem belläp geçişi ýaly, Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň 2023-nji ýylyň 26-njy ýanwarynda geçiren göçme mejlisinde ýaşlar syýasatynyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenendigi, ýurdumyzyň daşary syýasy işinde-de bu meselä uly ähmiýet berilýändigini, häzirki döwürde ýurdumyzyň bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň berkidilendigini, ylym-bilim ulgamyna täze tehnologiýalaryň, öňdebaryjy tejribeleriň işjeň ornaşdyrylýandygyny barada, şeýle hem, bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň hem-de tejribe alyşmagyň, ýurdumyzda okuw sapaklaryny geçmek üçin meşhur alymlary çagyrmagyň maksadalaýyk hasaplanylýandygy barada giňişleýin maglumat berdi.
Agzalyp geçilenler bilen bir hatarda, Ilçi şu ýylyň dowamynda geçirilmegi meýilleşdirilýän Türkmenistanyň Ermenistandaky Medeniýet günleriniň çäklerinde, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dabaraly belläp geçmek boýunça dürli çäreleriň geçirilmeginiň meýilleşdirilýändigi barada habar berdi. Bu çäreleriň bir bölegi hökmünde, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň hem-de Ermenistan Respublikasynyň Ýerewan döwlet uniwersitetiniň bilelikde gurnamagynda “Magtymguly Pyragy – dünýä medeniýetiniň taryhynda” ady bilen ylmy-amaly maslahaty geçirmegi teklip etdi.
M.Owannisýan agzalan teklibi doly goldaýandygyny we bu maslahata Ermenistanyň magtymgulyşynaslarynyň gatnaşmaklaryny maksadalaýyk hasaplaýandygyny mälim etdi.