Ulag-üstaşyr infrastrukturasynyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

photo

2023-nji ýylyň 10-njy maýynda Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi M.Aýazow Ermenistanyň Söwda-Senagat edarasynyň ýerine ýetiriji direktory A.Aleksanýany we ER SSE-nyň Logistika bölüminiň başlygy K.Arakelýany kabul etdi.

Gürrüňdeşligiň barşynda ulag-logistika infrastrukturasynyň meseleleri we täze logistika ugurlaryny ýola goýmäk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

SSE-nyň wekilleri Türkmenistanyň üsti bilen ermeni ýüklerini daşamagyň ulag-üstaşyr mümkinçilikleri baradaky meseläni orta atdylar, şeýle hem göni hyzmatdaşlygy ýola goýmak maksady bilen işewür-hyzmatdaşly we türkmen ýük daşaýjylaryny tapmakda ýardam bermegi Ilçiden haýyş etdiler.

Ilçi M.Aýazow Ermenistanyň SSE-nyň başlangyçlaryny goldamak bilen, häzirki wagtda Türkmenistanyň sebitde, şeýle hem bütin dünýäde ulag-logistika infrastrukturasyny ösdürmek we bu ugurda birmäçe halkara maslahatlaryny geçirmekde başlangyçlar bilen çykyş etýändigini habar berdi. Şunuň bilen baglylykda, türkmen diplomaty gürrüňdeşlerine ýaňy-ýakynda Türkmenistanda “Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş” halkara maslahatynyň we sergisiniň geçirilendigini aýdyp geçdi. Ol şeýle hem, bu konferensiýanyň dowamynda bütin dünýäden ulag çygrynda öňdebaryjylaryň häzirki zamanyň talaplaryna laýyk gelýän, ykdysady ýagdaýlaryň çalt üýtgeýän şertlerinde bütindünýä söwdasynyň ösüş mümkinçiliklerini we depginlerini hasaba alýan täze mümkinçilikleri hödürländikleri barada belläp geçdi. M.Aýazow bu abraýly  ulag forumynyň dowamynda ulag-logistika infrastrukturasynyň halkara söwdasyny ösdürmekde we ýeňilleşdirmek orny, halkara ulag-üstüşyr geçelgelerini işjeňleşdirmekde we ösdürmekde döwletara hyzmatdaşlygyň ähmiýeti barada pikirleriň alyşylandygyny habar berdi.

Duşuşygyň soňunda gürrüňdeşler iki ýurduň arasynda logistik ugurlarynyň ýola goýulmagynyň iki döwletiň hem işewür toparlarynyň hyzmatdaşlygyny ugrukdyrmaga we mundan beýläk hem ösdürmäge ýardam etjekdigine ynam bildirdiler.