Aşgabatda «Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy» atly täze kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi

Şu gün paýtagtymyzdaky Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda «Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.
Ýaş nesil baradaky alada meselesine bagyşlanan täze kitap Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň Metbugat merkezinde türkmen, iňlis we rus dillerinde çap edildi.
![]() |
![]() |
Dabaraly çäräniň açylyşynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary M.Mämmedowa täze kitabyň mazmuny we ähmiýeti barada aýtdy.
Aýdym-sazly çykyşlar bilen utgaşykly dowam eden dabaranyň çäklerinde täze kitabyň halkymyzyň asyrlaryň jümmüşinden göz baş alýan asylly ýörelgeleriň Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň tagallasy bilen häzirki döwrüň kybap derejede ösdürilýändigi, onuň täze many-mazmun bilen baýlaşdyrýandygy barada gürrüň edildi. Ýurdumyzyň belli döredijilik işgärleri we sungat ussatlary bu kitabyň ähmiýeti barada aýratyn durup geçdiler.
Maslahatda Türkmenistanyň Gahrymany, Magtymguly adyndaky halkara baýragynyň eýesi, Türkmenistanyň halk ýazyjysy, şahyr G.Şagulyýewanyň we Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň «Dokmaçylar» medeni merkeziniň folklor-etnografiýa tans toparynyň çeper ýolbaşçysy, Türkmenistanyň halk artisti J.Saparowanyň çykyşlary üns bilen diňlenildi.
![]() |
![]() |
Şeýle-de «Nesil» gazetiniň baş redaktory A.Hojaberdiýewiň, «Güneş» žurnalynyň baş redaktory G.Babaýewanyň, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkeziniň direktory O.Geldiýewanyň, «Arkadag» gazetiniň baş redaktory G.Mämiýewiň çykyşlarynda kitabyň sahypalarynda Gaznanyň alyp barýan işleriniň netijesinde onuň serişdeleriniň bellenilen anyk maksatlara gönükdirilýändigi barada hem takyk maglumatlaryň getirilýändigine üns çekildi.
Çykyş edenleriň belläp geçişleri ýaly, ýurdumyzda bu ugurda alnyp barylýan işler BMG tarapyndan kabul edilen we 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Gün tertibinde kesgitlenen Durnukly ösüş maksatlaryna laýyk gelýär. Bu bolsa Türkmenistanyň tutuş dünýä ähmiýetli wezipeleriň çözgüdine hemmetaraplaýyn we jogapkärçilikli çemeleşýändigi görkezýär.
![]() |
![]() |
Tanyşdyrylyş dabaranyň ahyrynda gatnaşyjylaryň hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa Ýüzlenmesi kabul edildi.
https://turkmenistan.gov.tm/tk/habar/73404/asgabatda-gurbanguly-berdimuhamedow-adyndaky-howandarlyga-matac-cagalara-hemayat-bermek-boyunca-hayyr-sahawat-gaznasy-atly-taze-kitabyn-tanysdyrylys-dabarasy-gecirildi