Ermenistanyň Söwda-Senagat edarasynda söwda-ykdysady meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

2023-nji ýylyň 21-nji iýunynda Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Muhammetgeldi Aýazow Ermenistanyň Söwda-Senagat edarasynyň ýerine ýetiriji direktory Andranik Aleksanýan we bu edaranyň wise-prezidenti Karen Iwanow bilen duşuşdy.
Duşuşygyň dowamynda iki dostlukly döwletiň söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň ösüşi ara alnyp maslahatlaşyldy. Ermenistanyň SSE-nyň wekilleri ulag-logistika meseleleriniň, hususan hem Türkmenistanyň ulag-üstaşyr mümkünçilikleriniň ermeni ýük daşaýjylary tarapyndan ulanylmagynyň aýratyn möhümdigini bellediler.
Şeýle hem duşuşygyň dowamynda ermeni işewür adamlarynyň Türkmenistanda geçirilýän dürli halkara ykdysady forumlaryna we sergilerine gatnaşmagy agzalyp geçildi. Ermenistanyň SSE-nyň wekilleri hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin bilelikdäki türkmen-ermeni kärhanalaryny döretmegi teklip etdiler.
Soňra Ilçi M.Aýazow söhbetdeşlerine täze gurlan häzirki zaman Arkadag şäheri barada gürrüň berdi. Ol Türkmenistanyň 2022-2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde ilatyň ýaşaýyş derejesini has hem ýokarlandyrmak we sebitlerde senagat pudagyny ösdürmek maksady bilen, Arkadag şäherinde azyk, senagat, derman we saglygy goraýyş maksatly serişdeleriň önümçilik hem-de hyzmat ediş binalarynyň, desgalarynyň gurulmagynyň meýilleşdirilýändigini belledi.
Soňra Ilçi M.Aýazow şeýle hem ýokarda agzalan kärhanalaryň gurluşygy üçin potratçylary saýlamak maksady bilen halkara bäsleşikleriň yglan ediljekdigini aýtdy.