Ermenistan bilen telegepleşikler çygrynda hyzmatdaşlyk

photo

2023-nji ýylyň 23-nji iýunynda Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Muhammetgeldi Aýazow Ermenistanyň Jemgyýetçilik telewideniýesiniň ýerine ýetiriji direktory Oganes Mowsesýan bilen duşuşdy.

Ilçi M.Aýazow O.Mowsesýana wagt tapyp duşuşany üçin minnetdarlyk bildirdi we Türkmenistandan wekiliýetiň Jemgyýetçilik telewideniýesiniň “Ertiriňiz haýyrly bolsun” telegepleşiginde iki gezek myhmançylykda bolandygyny belledi. Bu telegepleşikleriň ermeni tomaşaçylaryny türkmen halkynyň özboluşly medeniýeti we gadymy taryhy bilen tanyşdyrmak babatynda gowy mümkinçilik bolandygyny nygtady.

 

Gepleşikleriň ikisinde hem göni teleýaýlymda türkmen bagşylary türkmen milli saz gurallary bolan dutaryň we gyjagyň üýtgeşik owazlaryny çalyp görkezdiler.

Soňra Ilçi täze gurlan ägirt uly şäher gurluşyk taslamasy – Arkadag şäheri barada gürrüň berdi. Bu şäheriň dabaraly açylyşy şu ýylyň 29-njy iýunynda geçirilmegi meýilleşdirilýär. Ilçi Arkadag şäheri, Türkmenistan we onuň paýtagty Aşgabat şäheri barada habarlary we telegepleşikleri taýýarlamak üçin Jemgyýetçilik telewideniýesinden wekilleri Türkmenistana çagyrdy. Munuň telewideniýe arkaly ermeni halkynyň Türkmenistan bilen tanyşmagy we habarlylygyny ýokarlandyrmagy üçin gowy mümkinçilik boljakdygyny belledi.

 Ilçi şeýle hem Jemgyýetçilik telewideniýesiniň işi bilen tanyşdy we muzeýe baryp gördi.