Ilçi M.Aýazow Ýerewan döwlet uniwersitetiniň rektory bilen duşuşdy

photo

2023-nji ýylyň 24-nji iýulynda Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Muhammetgeldi Aýazow Ýerewan döwlet uniwersitetiniň rektory Ogannes Ogannisýan bilen duşuşdy.

Duşuşykda taraplar ylym we bilim pudagynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersititeti bilen Ýerewan döwlet uniwersitetiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Ylalaşygyň  çäklerinde özara hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Duşuşygyň dowamynda taraplar Ermenistanda türkmen dilini, edebiýatyny we medeniýetini tanyşdyrmak we ýaýratmak baradaky meseläniň üstünde durup geçdiler. Rektor O.Ogannisýan türkmen şahyry-filosofy Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny giňden wagyz etmek maksady bilen  täze 2023-2024-nji okuw ýylynda uniwersitetde Pyragynyň ömri we döredijiligine bagyşlanan birnäçe umumy sapaklaryň geçirilmeginiň meýilleşdirilýändigini habar berdi. Bu sapaklar türkmen halkynyň beýik ogly Magtymguly Pyragynyňň 300 ýyllyk senesine bagyşlanar.

Şunuň bilen baglylykda, iki hyzmatdaş ýokary okuw mekdepleriniň alym-professor mugallymlarynyň we talyplarynyň arasynda tejribe alyşmak baradaky meseläni gozgamak bilen, Ilçi M.Aýazow täze okuw ýylynda umumy sapakalary geçirmek üçin Magtymguly adyndaky türkmen döwlet uniwersitetinden mugallymlaryny çagyrmagy teklip etdi.

Ermeni tarapy bu şanly sene mynasybetli Ermenistanyň ylmy žurnallarynda Magtymgyly Pyragy barada dürli ylmy makalalary neşir etmegi, şeýle hem nusgawy şahyra bagyşlanan halkara maslahaty geçirmegi teklip etdi. Munuň özi Ermenistanyň öňdebaryjy ýokary okuw mekdebi bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk etmegiň aýdyň mysaly bolar.