Ilçi M.Aýazow Ermenistanyň Söwda-senagat edarasynyň Wise-prezidenti bilen duşuşdy

2023-nji ýylyň 28-nji iýulynda Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi M.Aýazow bilen Ermenistan Respublikasynyň Söwda-senagat edarasynyň Wise-prezidenti Karen Iwanowyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň başynda K.Iwanow Ilçini Ermenistanyň Söwda-senagat edarasynyň işgärleriniň Türkmenistana ýakynda amala aşyran iş saparynyň netijeleri bilen tanyşdyrdy. Ol bu iş saparynyň dowamynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň ýardam bermeginde Türkmenistanyň käbir ugurlar boýunça eksport mümkinçilikleriniň öwrenilendigi barada habar berdi.
Häzirki wagtda Türkmenistan bilen Ermenistanyň arasynda awtoulaglaryň ätiýaäçlyk şaýlaryny we dokma senagatynyň önümlerini satyn almak boýunça birnäçe şertnamalara gol çekilendir. Şol bir wagtda iki döwletiň haryt dolanşygyny ösdürmek maksady bilen, ermeni tarapy logistika mümkinçiliklerini öwrenýär.
K.Iwanow geljekde hem türkmen tarapy bilen harytlaryň eksport-import meselelerini ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen, Ermenistanyň Söwda-senagat edarasynyň wekillerinden ybarat bolan toparyň güýz aýlarynda Türkmenistana iş saparynyň meýilleşdirilýändigini habar berdi. Ilçi M.Aýazow öz gezeginde bu sapar bilen bagly degişli ýardamlary berjekdigini ynandyrdy.