Ermeni talyplary Magtymgulyny öwrenýärler

img
img
img
img
img
img

2024-nji ýylyň 12-nji martynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti bilen Ýerewan döwlet uniwersitetiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşygyň çäklerinde Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň Türkmen dili kafedrasynyň müdiri, uly mugallym Gulruh Gurbanowa «Türkmen edebiýatynda Magtymgulynyň orny» temasynda Ýerewan döwlet uniwersitetiniň Gündogary öwreniş fakultetiniň talyplarynyň öňünde umumy sapak berdi.

G.Gurbanowa talyplara beýik şahyryň ömri we döredijiligi, şahyryň dürli temalaryndaky goşgylary barada gürrüň berdi. Diňleýjilere Magtymgulynyň poeziýasynyň çeperçilik dili we görnüşi, Pyragynyň dünýägaraýşy baradaky maglumatlary diňlemek has hem gyzykly boldy.

Umumy sapak interaktiw görnüşinde geçdi we ermeni gündogary öwrenijiler myhmany uly gyzyklanma bilen diňlediler

Iki dostlukly döwletiň esasy ýokary okuw mekdepleriniň arasynda adata öwrülen hyzmatdaşlygyň bardygyny bellemek bolar. Bu iki ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary we talyplary özara geçirilýän maslahatlara, forumlara we tegelek stollara gatnaşýarlar. Hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem ösdürmek maksady bilen tejribe alyşmak, bilelikde ylmy we medeni çäreleri geçirmek ýola goýuldy.