Ýerewan şäherinde türkmen klassyky sazy uly täsir galdyrdy

img
img
img
img
img
img
img
img
img
img

2024-nji ýylyň 12-nji martynda Ermenistanyň Döwlet filаrmoniýasynyň Arno Babajanýan adyndaky konsertler zalynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň medeniýet we sungat ussatlarynyň konserti geçirildi.

Konserte Ermenistanda akkreditirlenen daşary ýurtlaryň ilçihanalarynyň we konsullyk edaralarynyň, halkara guramalarynyň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we işgärleri, Ermenistanyň medeniýet, bilim, sport we sungat wekilleri gatnaşdylar.

Konserti açmak üçin Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi M.Aýazowa we Ermenistanyň Bilim, ylym, medeniýet we sport ministriniň orunbasary Artur Martirosýana söz berildi.

Ilçi M.Aýazow ýygnananlara minndetdarlyk bildirip, konsertler zalynyň sahnasynda meşhurlyk gazanan Türkmenistanyň medeniýet we sungat ussatlarynyň nusgawy we halk aýdymlary bilen çykyş etjekdikleri barada habar berdi.  

A.Martirosýan iki döwletiň arasyndaky medeni-ynsanperwer, ylym-bilim we sport pudaklarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ýokary derejededigini belläp, türkmen tarapyndan şeýle çäreleriň yzygiderli guralýandygy üçin minnetdarlyk bildirdi.

Konsertde türkmen nusgawy edebiýatynyň görnükli wekili Magtymguly Pyragynyň, XX asyryň zehinli şahyry Gurbannazar Ezizowyň, Keýik Artykowanyň goşgularyna, meşhur ussatlar Nury Halmämmedowyň, Weli Muhatowyň, Hydyr Allanurowyň, Aman Agajikowyň, Komitasyň we Arno Babajanýanyň sazlaryna düzülen eserler, aýdymçylar Begenç Moşiýewiň we Maýa Orazberdiýewanyň,  «Aşgabat Kamerata» kirişli saz gurallary toparynyň ýerine ýetirmeginde aýdyldy. Toýly Orazowyň ýerine ýetirmegine konsertler zalynda türkmen dutarynyň ýakymly owazy ýaňlandy.  

 Konserti jemleýji «DOSTLUK AÝDYMYNY» bolsa konserte gatnaşyjylar dik durup, el çarpmak bilen diňlediler.