Türkmenistanyň we Ermenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyk – ileri tutulýan ugurlaryň biri
2024-nji ýylyň 2-nji aprelinde Ermenistanyň Döwlet ykdysadyýet uniwersitetiniň mugallymy Narek Karapetýan Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň talyplaryna «Ulgamlaýyn reformalar – ösüp barýan döwletleriň ösüşini dikeltmekde esasdyr» temasynda onlaýn görnüşde umumy okuw sapagyny berdi.
Dostlukly Ermenistan bilen ynsanperwer pudagynda, hususan-da bilim ugrunda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ýokary derejededigini bellemek bolar. Halkara derejesinde we özara maslahatlar, forumlar we tegelek stollar, olimpiadalar we dürli bilim bäsleşikleri yzygiderli geçirilýär we olara iki döwletiň ýokary okuw mekdepleriniň we orta mekdepleriniň wekilleri gatnaşýarlar. Hemişelik esasda ýola goýlan hyzmatdaşlygy berkitmek maksady bilen umumy sapaklar geçirilýär, dürli bilim beriji maksatnamalar boýunça tejribe alşylýar. Bilelikde geçirilýän ylmy we medeni çäreler muňa şaýatlyk edýär.
Türkmen-ermeni ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň hukuk binýady bilen berkidilendigini bellemek ýerlikli bolar. Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti bilen Ýerewan döwlet uniwersitetiniň, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti bilen Ermenistanyň Milli agrar uniwersitetiniň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty bilen Ermenistanyň Daşary işler ministrliginiň Diplomatiki mekdebiniň arasynda gol çekilen hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky resminamalaryň üstünlikli ýerine ýetirilýändigini we durmuşa geçirilýändigini bellemek bolar.
Şunuň bilen baglylykda, häzirki wagtda iki döwletiň ykdysadyýet ugry boýunça ýokary okuw mekdepleriniň, şeýle hem konserwatoriýalarynyň arasynda hem hyzmatdaşlyk etmek boýunça resminamalaryň gol çekilmegine garaşylýar.
Mundan başga-da Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň Menejment kafedrasynyň müdiri Çarymuhammet Şallyýewiň Ýerewan döwlet uniwersitetiniň talyplary üçin «Milli hasaplar ulgamy we esasy makroykdysady görkezijiler» temasynda onlaýn görnüşde umumy okuw sapagyny geçirmegini meýilleşdirilýändigini bellemek bolar.