Türkmen-ermeni gatnaşyklaryny ösdürmek babatyndaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
2024-nji ýylyň 10-njy aprelinde Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky Ilçisi M.Aýazow bilen Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň Diwanynyň ýolbaşçysy Araik Arutýunýanyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň başynda Ilçi 2024-nji ýylyň Türkmenistanda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip yglan edilmegi mynasybetli Türkmenistanda we daşary ýurtlarda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan çäreler barada maglumat berdi.
Duşuşygyň dowamynda iki ýurduň arasyndaky syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-gumanitar, ulag-kommunikasiýa ugurlar babatynda hyzmatdaşlyk meseleleri we bu ugurlardaky gatnaşyklary mundan beýläk hem ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Mundan başga-da, Ilçi iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň ylym-bilim ugry boýunça gürrüň bermek bilen, ýokary okuw jaýlarynyň arasynda geçirilen çäreler barada belläp geçdi. Bu ugur boýunça hukuk binýadyny mundan beýläk hem berkitmek maksady bilen, iki ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda degişli ylalaşyklaryň taslamalary işlenip taýýarlanyldy. Şunuň bilen baglylykda, Ermenistanyň Hökümetiniň Diwanynyň ýolbaşçysy A.Arutýunýan häzirki wagtda Ermenistanyň ylym-bilim pudagynda uly üýtgeşmeleriň üstünde işlenilýändigi barada habar berdi.
Duşuşykda ulag we logistika mümkinçiliklerini ulanmak arkaly iki ýurduň arasynda haryt dolanşygyny ösdürmegiň mümkinçilikleri hem ara alnyp maslahatlaşyldy.