«Magtymgulynyň filosofiki mirasy – Türkmenistanyň daşary syýasy doktrinasynyň esasydyr» temasynda Rus-ermeni uniwersitetiniň talyplarynyň öňünde umumy sapak.

img
img
img
img
img
img

2024-nji ýylyň 25-nji aprelinde Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Muhammetgeldi Aýazow Rus-ermeni uniwersitetiniň halkara gatnaşyklary fakultetiniň talyplarynyň öňünde Türkmenistanyň Daşary syýasaty barada umumy okuw sapagyny geçdi.

Umumy sapagyň dowamynda Ilçi M.Aýazow Türkmenistanyň häzirki wagtdaky daşary syýasatynyň konseptual esaslary barada gürrüň berdi, şeýle hem türkmen nusgawy edebiýatynyň görnükli şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy we 2024-nji ýylyň Türkmenistanda “Pähim-paýhas ummany – Magtymguly Pyragy” ýyly diýlip yglan edilendigi barada aýdyp berdi. M.Aýazow Türkmenistanyň häzirki daşary syýasatyny Magtymgulynyň öz döwründe öňe süren pikirleriniň durmuşa geçirilmegi hökmünde häsiýetlendirip boljakdygyny aýratyn belledi.

Geljekki diplomatlar we halkara gatnaşyklary boýunça hünärmenler bolan talyplar üçin Magtymguly Pyragynyň hem döwrüniň görnükli diplomaty bolandygyny bilmek gyzykly boldy. Türkmenistanyň häzirki wagtdaky daşary syýasaty bolsa – beýik şahyr hem filosof bolan Pyragynyň pikirleriniň, onuň dünýä babatyndaky garaýyşlarynyň we ondaky türkmen halkynyň orny baradaky nukdaýnazarlarynyň dowamatydyr.

Ilçi umumy sapagyň dowamynda asyrlardan bäri dowam edip gelýän türkmen-ermeni medeni-edebi gatnaşyklary barada hem belläp geçdi. Şol bir wagtda ermeni ýazyjylarynyň we şahyrlarynyň eserleriniň Türkmenistanyň neşirýat edaralarynda yzygiderli çapdan çykarylýandygy barada habar berdi.

Ilçi talyplaryň ünsüni Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň kitaplarynyň ermeni diline terjime edilendigine çekdi. Hususan hem, Milli Liderimiziň “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” kitabyndan ugur alyp, Ilçi  türkmen halkynyň dünýä halklary bilen dostana gatnaşyklarynyň, birek-birege ýakyndan ýardam bermek meýilleriniň öňden gelýändigini, dowamat dowamdygyny beýan etdi.

Umumy sapagyň ahyrynda talyplar terjimeçi-şahyr Waružan Hastur tarapyndan şahyryň ermeni diline terjime edilen goşgularyny labyzly okadylar.