Aşgabatda sport hyzmatdaşlygynyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy

2024-nji ýylyň 17-18-nji maýynda Aşgabat şäherinde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp medeniýet ministrleri derejesindäki halkara maslahatyň çäklerinde Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň başlygy Allaberdi Saparow bilen Ermenistanyň Bilim, ylym, medeniýet we sport ministri Žanna Andreasýanyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşykda iki döwletiň arasyndaky sport babatyndaky hyzmatdaşlyk meseleleri, bu ugurda özara gatnaşyklary mundan beýläk hem ösdürmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň halkara sport çäreleriniň mekanyna öwrülendigini belläp, olimpiýa şäherçesiniň mümkinçilikleri tanyşdyryldy. Şäherçe sport desgalaryny, sagaldyş merkezlerini öz içine alyp, okuw-türgenleşik, sport çärelerini geçirmek üçin ähli şertler döredilendir.

Taraplar mundan beýläk hem, Türkmenistanda we Ermenistanda geçirilýän halkara derejesindäki maslahatlara we halkara sport çärelerine wekilleriň gatnaşmagyny üpjün etmek, şeýle-de özara okuw-türgenleşikleri dowam etdirmegi ylalaşdylar.

Ýeri gelende bellesek, türkmen agyr atletikaçylary, suwda ýüzüjileri Ermenistanda birnäçe gezek okuw-türgenleşikde boldular. Bu hyzmatdaşlyklar iki ýurduň arasynda sport ulgamynda baglaşylan ylalaşygyň esasynda alnyp barylýar.