TÜRKMENISTANYŇ HORMATLY PREZIDENTINIŇ “BITARAP TÜRKMENISTAN” ATLY KITABYNYŇ TANYŞDYRYŞ DABARASY

2016-njy ýylyň 26-njy fewralynda Ýerewan döwlet uniwersitetiniň ýygnaklar zalynda Türkmenistanyň Ermenistandaky Ilçihanasynyň, Ýerewan döwlet unuwersitetiniň we Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň bilelikde gurnamagynda Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň 20 ýyllygyna bagyşlanan “Bitarap Türkmenistan” atly täze kitabynyň tanyşdyryş dabarasy dostlukly ýagdaýda geçirildi.

Dabara Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň wekilleri, Ilçiler, Ermenistanda işleýän diplomatlar, uniwersitetiň professor-mugallymlary, alymlary we ol ýerde bilim alýan talyplar, Ermenistanda okaýan Türkmenistanly talyp ýaşlar, syýasy we jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar.

Garaşsyz Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesi halkara hukuk resminamasy bolmak bilen, ol Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň ýörite Kararnamasy bilen ykrar edildi diýip çykyş edenler tarapyndan bellenip geçildi. Türkmen döwletiniň hoşniýetli goňşuçylyk, döredijilik ruhuna, halkymyzyň ynsanperwerlik ýörelgelerine daýanýan parahatçylyk söýüjilikli syýasatyna halkara bileleşigi tarapyndan hemmetaraplaýyn goldaw berilýändigi nygtaldy. Watanymyzyň taryhynda bu döwürde Türkmenistanda ägirt uly durmuş-ykdysady özgertmeler bolup geçdi we dürli ugurlar boýunça üstünlikler gazanylandygy aýan edildi. Garaşsyz, Bitarap Turkmenistan şu ýyllaryň dowamynda tutuş dünýäde parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmak ýörelgelerine işjeň gatnaşmak bilen, birnäçe oňyn başlangyçlary öňe sürendigi ýatlandy.

Kitapda Bitaraplyk derejesine degişli hem-de halkara we ýurduň içinde kabul edilen esasy taryhy resminamalaryň nusgalary ýerleşdirilipdir. Olardan Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakyndaky” Kararnamasy, Türkmenistanyň Konstitusiýasy we kanunçylyk namalaryny görkezmek bolar.

Täze kitabyň sahypalarynda dünýäniň käbir ýurtlarynyň baştutanlarynyň şeýle hem abraýly halkara guramalarynyň ýolbaşçylarynyň, şol sanda BMG-niň Baş Sekretarlary Kofi Annanyň we Pan Gi Munyň Türkmen döwletiniň bitaraplyk derejesiniň ähmiýeti we häzirki zaman geosyýasatynda tutýan orny barada Türkmenistanyň Prezidenti bilen duşuşan mahalynda aýdan sözleri getirilýär.

 Kitabyň soňky bölüminde 2015-nji ýylyň iýunynda kabul edilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakyndaky” ikinji Kararnamasy we Türkmenistanyň Prezidentiniň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 70-nji mejlisinde eden çykyşy ýerleşdirilipdir.