Ýerewanda Bütindünýä welosiped güni bellenildi

img
img
img
img
img
img
img
img
img
img

2024-nji ýylyň 2-nji iýunynda Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky ilçihanasy Ýerewan şäher häkimligi bilen bilelikde her ýylyň 3-nji iýunynda bellenilip geçilýän Bütindünýä Welosiped güni mynasybetli welosiped ýörişini gurnady.

Welosiped ýörişi Ýerewan şäheriniň merkezi şaýollarynyň birinde geçirildi. Bu ýörişe Ermenistanda akkreditirlenen daşary ýurtlaryň diplomatiki wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, Ermenistanyň Daşary işler ministrliginiň işgärleri we maşgala agzalary, Ermenistanyň Welosiped sporty federasiýasynyň wekilleri, paýtagtyň türgenleri we ýaşaýjylary gatnaşdylar. 

Çäräniň dabaraly açylyşynda Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Muhammetgeldi Aýazow Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan Bütindünýä Welosiped günini döretmek baradaky Kararnamasynyň aýratyn ähmiýetini, şeýle hem welosiped sportyny wagyz etmek babatynda Türkmenistanyň öňdebaryjy ornuny belläp geçdi.

Ilçi M.Aýazow welosiped ýörişiniň adamyň saglygyny berkitmekde, hususan-da adamyň ukusyny gowulandyrmakda, madda çalşygyny çaltlandyrmakda, immunitetini ýokarlandyrmakda, adam bedeniniň myşsasyny berkitmekde, beýniniň işini sazlamakda, ýürek-damar keselleriniň öňüni almakda peýdasyny belledi.

Sport çäresine gatnaşyjylar Türkmenistanyň sport boýunça döwlet syýasaty bilen tanyşdylar. Her ýylyň 3-nji iýunynyň Bütindünýä Welosiped güni diýlip yglan edilmegi bolsa, Türkmenistanyň köpçülikleýin sagaldyş hereketini ösdürmek we welosiped ýörişi medeniýetini döretmek boýunça başlangyçlarynyň halkara bileleşigi tarapyndan ýardam edilýändigine, şeýle hem, sport we ekologiýa babatynda halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilýändigine şaýatlyk edýär.

Çärede şeýle hem, sporty, köpçülikleýin bedenterbiýe hereketini we welosiped ýörişini ýaýbaňlandyrmakda Türkmenistanyň ýeten sepgitleri bellenildi. Bu bolsa milli ösüş strategiýasynyň durmuş we ekologiki esasyny düzýär.